Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Bilim ulgamynda innowasiýalar” atly ylmy-amaly maslahat hem öz işini dowam etdi. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalyny geçirmegiň esasy maksatlary;
- bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar bilen bagly gazanylan sepgitleri şöhlelendirmek,
- maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk bilen bagly mugallymlaryň we hünärmenleriň ylmy we taslama işlerine höweslerini artdyrmak,
- bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak we bilim işinde täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.
Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.
Şeýle hem festiwalyň
çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly bilimi ösdürmekde goşan goşantlary
üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, hünärmenleri we
talyplary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we sowgatlar bilen
sylaglanyldy.
Saýty