-
Biziň okuwlarymyz
Maglumat tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri orta mekdep mugallymlary we okuwçylary üçin dünýäde giňden ýaýran we programmirleme dillerini aňsatlyk bilen öwrenmäge mümkinçilik berýän Scratch programmasy boýunça onlaýn okamak üçin elektron okuwlary döretdiler. Okuwlar wideo sapaklardan, düşündiriş maglumatlardan, ýumuşlardan we jemleýji testden ybarat.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 14-ne Maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görmek maksady bilen Maglumat tehnologiýalary (IT) ugurlary boýunça hereket edýän kafedralaryň kafedra müdirleriň ýygnagy geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi «ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Instituty (IITE) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» çäginde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 27-ne «Emeli intellekt we sanly tehnologiýalar döwründe ýokary bilimde bahalandyrmak» atly webinaryň gurnalýandygyny habar berýär
Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi ene-atalar üçin "Geliň! Çagalarymyzy bile terbiýeläliň." atly okuw seminaryny geçirýär. <p>Wagty: 02.11.2026ý. Sagat:16:00-da. Salgysy: Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 4-nji binasy. Giriş: MUGT. Habarlaşmak üçin 946014/946019/498861</p>
2026-njy ýylyň 26-nji fewralyndan “Mugallymcylyk işi we pedagogika we psihologiýa” atly 200 sagatlyk okuwy başlaýar. Okadýan mugallymlar Dolyýew Baka, Annaýew Baýramdurdy, Hatamowa Haýytgül, Jumakowa Maýa, Amanweliýewa Almagül we Maýjanowa Nurjemal. Okalýan wagty: 16:00-18:25
2026-njy ýylyň 24-nji fewralyndan “Programmirlemegiň tilsimleri (Python)” atly 54 sagatlyk okuwy başlaýar. Okalýan wagty: 16:00-18:25. Okadýan mugallym: Sopyýew Yhlas. Otag: 10. Topara goşulmaklyga isleg bildirýänler üçin ýazylşyk dowam edýär. Habarlaşmak üçin-94-60-14, 94-60-19.
Turkmen-Indian centre for information technologies