Web programmirlemegiň hünäri sertifikaty (Java script)

Programirlemegiň hünäri sertifikaty (Java)

«Programirlemegiň hünäri sertifikaty (Java)» okuwy obýekte gönükdirlen programma dilini öwrenmäge başlaýanlar üçin niýetlenendir. Bu okuwyň iş maksatnamasy ECDL-iň (European Computer Driving License – Ýewropa kompýuter ygtyýarnamalary) talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.

Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde Java programirleme dilini ulanyp dürli maksaktly programma üpjünçiligini düzip bilýän programmaçylar bolup ýetişmegine kömek etmekdir we häzirki zaman öňdebaryjy kompýuter programirleme dilini netijeli öwretmekdir.

Okuwyň wezipeleri: Obýekte gönükdürlen programirleme dilleriniň esaslaryny, Java programirleme dili arkaly windows programmalaryny işläp düzmek; maglumat binýadyny döretmek, ulanmak we programma bilen birikdirmek; programirlemede interneti we edebiýatlary özbaşdak ulanmagy öwretmek.

Kurs esasan inžener-taslamaçylar we programmaçylar üçin niýetlenendir.

Okuw jemi 108 okuw sagat bolup, ol 12 hepde dowam edýär. Hepdede 3 gün okadylyp, her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär. Mekdep okuwçylar, talyplar hem kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir.


Print