Algoritmleşdirmegiň we programmirlemegiň hünäri (C++)

Algoritmleşdirmegiň we programmirlemegiň hünäri (C++)

Okuwyň wezipeleri: Diňleýjilere dünýä derejesindäki häzirki zaman programmirlemek ugry bilen tanyşdyrmak; diňleýjilere algoritmler barada esasy düşünjeleri bermek; diňleýjilerde programmirleme dilini öwretmek, şol dilde ilkinji we başlangyç programmalary döretmek.

Okuw jemi 72 okuw sagat bolup, ol 8 hepde dowam edýär. Hepdede 3 gün okadylyp, her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär. Mekdep okuwçylar, talyplar hem-de kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir. Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere “Algoritmleşdirmegiň we programmirlemegiň esaslary hünäri sertifikaty” okuwyny tamamlandygy barada sertifikat berilýär.


Print