Kiberhowpsuzlygyň esaslary (Adaty)

Kiberhowpsuzlygyň esaslary (Adaty)

         Kiberhowpsuzlygyň esaslary (“Adaty” dereje) okuwlary dürli pudaklaryň döwlet gullukçylarynyň , işgärleriniň we hünärmenleriniň talyplaryň we beýleki fiziki şahslaryň (adaty ulanyjylarynyň) maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary arkaly kibergiňişlikde hereket etmeginiň dowamynda zerur bolan esasy, binýatlyk kiberhowpsuzlyk ukyplarynyň kämilleşdirilmegini we döwrebaplaşmagyny, Türkmenistanyň kanunçylygynda, hususan-da maglumat hukugy bilen bagly kadalaşdyryjy-hukuk namalarynda bellenilen wezipeleri we talaplary ýerine ýetirmek üçin hökmany zerur endikleriň çallaşdyrylan görnüşde öwredilmegini göz öňünde tutýar.

         Okuwyň wezipeleri: kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak; degişli ministrlikleriň we pudak dolandyryş edaralarynyň kiberhowplara garşy göreşmek boýunça jogapkär işgärleriniň, döwlet gullukçylarynyň, gaýry işgärleriň we hünärmenleriň, şeýle-de fiziki şahslaryň kiberhowpsuzlygy babatynda hünär derejesini ýokarlandyrmak; diňleýjilerde kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny guramak boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri barada bilim bermek; diňleýjilere maglumat ulgamlary, olardaky maglumat, olaryň maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlygy, onuň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje bermek.


Print