Maglumat tehnologiýalary boýunça işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak. Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda degişli okuwlary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek. Döwlet edaralaryna elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça çäreleri işläp düzmek. “Maglumat tehnologiýalary we bilim bermek çygrynda beýleki ugurlar boýunça modul kurslaryny ornaşdyrmak, elektron okuwy we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmegi gurnamak, sanly bilim ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek hem-de dürli derejeli bilim hakyndaky resminamalary bermek bilen okatmak.” Türkmenistanda Sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasyna we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna (2017-2025-nji ýyllar döwri üçin)” laýyklykda öňde goýlan wajyp işleri amala aşyrmak. Umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlaryna, başlangyç orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň mugallymlaryna, talyplaryna we diňleýjilerine, mekdep ýaşyndaky çagalara we ýaşlara mekdepden daşary, şeýle hem döwlet gullukçylaryna we şahsy taraplara döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öwretmek, onuň bilen gatyşykly we bilim bermek işi çygrynda beýleki ugurlar boýunça okuwlary gurnamak we geçirmek.