Объявления сайта

AK ÝOLLARDA ROWANDYR TÜRKMEN BEDEWI

 
Picture of Penamuhammet Işangulyýew
AK ÝOLLARDA ROWANDYR TÜRKMEN BEDEWI
by Penamuhammet Işangulyýew - Monday, 18 July 2022, 1:52 PM
 



 

AK ÝOLLARDA ROWANDYR TÜRKMEN BEDEWI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde läle-reýhan ýaýlalarymyzda öwüsýän ýeller kimin ýyndam ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydyr.

       Türkmeni dünýä äşgär eden bedewlerimiziň at-owazasy jümle-jahanda mydama belentden ýaňlanyp gelipdir. Dünýä bedewleriniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan ahalteke atlary halkymyzyň genji-hazynasydyr, göz guwanjydyr, köňül buýsanjydyr, halal milli mirasydyr. Bu barada Alym Arkadagymyz: ”Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar” diýip belleýär. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda milli gymmatlygymyz we buýsanjymyz bolan bedewlerimiz barada giňişleýin maglumat berilýär.

      Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň   baýramy Diýarymyzda ulydan tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, uzak aralyga atly –marafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze manymazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr.

      Ahalteke bedewlerimiziň türkmeniň batyr ýigitleri bilen arasyndaky wepadarlyk gatnaşyklary barada ajaýyp nusgawy eserlerimizde giňden şöhlelendirilýär. Şol eserlerde atyň ynsan bilen dostluk ykbaldaşlygy, söweşlerde öz eýesine wepadarlyk gatnaşyklary öän täsirli beýan edilýär. Meşhur “Gorkut ata” eposynda türkmen bedewlerine “At diýmerin, saňa gardaş diýerin” diýilýän bolsa türkmen halk döredijiliginde, çuň many-mazmunly, terbiýeçilik häsiýetinäki nakyllarda atalar sözlerinde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň we jümleleriň köpdügi halkymyzyň wepadar atyna goýýan belent sarpasyndan aýdyň nyşandyr.

 

 

 

S.A.nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy                   Penamuhammet Işangulyýew