Объявления сайта

Digital project of developing passenger transportation in a Smart city

 
Изображение пользователя Aýjemal Ýazjumaýewa
Digital project of developing passenger transportation in a Smart city
от Aýjemal Ýazjumaýewa - Понедельник, 18 Июль 2022, 13:40
 

A.Ýazjumaýewa

AKYLLY ŞÄHERDE ÝOLAGÇY ULAG GATNAWYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ SANLY TASLAMASY

      Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygynyň biri hem ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ugur alýanlygyndan ybaratdyr” diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň  saýasynda gün-günden özgerýär. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiziň karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-njy ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi [2]. Konsepsiýany durmuşa geçirmek üçin, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmäge, ýagny sanlylaşdyrmaga uly üns berilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi we ornaşdyrylmagy halka hödürlenýän hyzmatlaryň, önümçiligiň, söwdanyň, bilimiň we beýleki işleriň ähli görnüşleriniň ygtybarly amala aşyrylmagyna, awtomatlaşdyrylmagyna we tizlendirilmegine mümkinçilik berer.

      Akylly şäheri döretmegiň maksady şäheriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we ýaşaýjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýaşaýjylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdyr [3]. Akylly şäheriň işiniň ýerine ýetirilmegi üçin gerekli bolan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasy gurallarynyň biri hem zatlaryň internetidir. Zatlaryň Interneti (Internet of Things: IoT) elektrik enjamlaryna aralykdan gözegçilik etmäge we dolandyrmaga uly mümkinçilik berýär. Akylly şäher 6 sany ugra esaslanýar: akylly ykdysadyýet, akylly infrastruktura, akylly dolandyryş, akylly hereketlilik, akylly raýat we akylly energiýa (1-nji surat).

 

1-nji surat. Akylly şäheriň umumy görnüşi

       Akylly şäherde ýolagçy ulagyna aralykdan gözegçilik edýän sanly ulgam, bu ulagyň ýerleşýän nokadynyň koordinatasyny uzynlygyna we giňligine görä kesgitlemek hadysasydyr. Bu ulgam açyk giňişlikde amaly maksatlar üçin örän netijelidir.

        Bu taslamada akylly şäherdäki awtobuslaryň gatnawyna aralykdan gözegçilik edilişine we beýleki mümkinçiliklerine seredilýär. Taslamada Arduino mikrokontrolleri, GPS, GSM modullary peýdalanylýar. Arduino mikrokontrolleriniň C++ programmirleme dilinde programmalaşdyransoň, onuň kömegi bilen dürli sensorlardan gelýän sanly we analog  signallaryň  hasabyna ýüklere buýruk bermek, dolandyrmak we netijede ulgamlary awtomatlaşdyrmak mümkinçiligi bardyr.

        Ulanyjy bilen awtobusyň arasynda maglumaty geçirmek üçin SIM800L kysymly GSM moduly ulanylýar. Onuň üçin antennany modula birikdirmeli we işjeňleşdirlen Mikro SIM kardy moduldaky ýerleşýän gutusyna ýerleşdirmeli. Biz GSM modulyň Rx düwmesini Arduinonyň sanly düwmesine gönümel baglap bilmeýäris, çünki Arduino Uno 5V  naprýaženiýede işleýär, SIM800L modul bolsa 3,3V naprýaženiýede işleýär. Arduinodan gelýän signaly 3,3V çenli peseltmek zerur bolup durýar, onuň üçin bolsa rezistor bölüjiden peýdalanmaly bolýarys. SIM800L modulyň Rx düwmesi bilen Arduino-nyň D2 düwmesiniň arasynda 10kOm garşylykly rezistor, SIM800L modulyň Rx düwmesi bilen GND düwmesiniň arasynda 20 kOm garşylykly rezistor ýerleşdirýäris Arduino mikrokontrollerine GSM modulyny birikdirmek aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:

 

 

 

 

 

 

 

                      

2-nji surat. GSM modulyň Arduino birikdiriliş shemasy

         Modul Arduino birikdirilenden soňra mikrokontrollere programma koduny ýüklemeli.

       Awtobusyň ýerleşýän ýeriniň koordinatalaryny anyklamak üçin Arduino mikrokontrollerine GPS modulyny birikdirmeli. GPS modul  hemra ulgamlary arkaly Ýer şarynyň islendik ýerinde, islendik howa şertlerinde jisimiň koordinatasyny, wagtyny we tizligini ölçäp , belli bir gözlenýän nokadyň ugruny we onuň duran ýerini anyklap bilýär.  Ol aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:

GND 2, 3, 5W

3-nji surat. GPS modulyň birikdiriliş shemasy

Birikdirilenden soňra GPS-iň kadaly işlemegi üçin Arduino platformasyna TinyGPS kitaphanasyny birikdirip, programma koduny enjama ýüklemeli.

      Arduino birikdirilen GSM we GPS modullary arkaly alynýan maglumatlary sms arkaly ulanyjynyň telefonyna ugratmak zerur bolup durýar. Gelen maglumatlar arkaly Google kartadan koordinatalary görkezmek üçin programma döretmek gerek. Onuň üçin Android studio platformasy ulanyldy. Android studiosynda programmalar Java dilinde  ýazylýar. Android studioda döredilen programma aşakdaky ýaly interfeýsli, awtobusyň we ýolagçynyň ýerleşýän koordinatalaryny görkezýän penjireden ybarat (4-nji surat)

4-nji surat. Android studiosynda işlenip düzülen programmanyň penjiresi

 

Ulanyjy telefon programmasyna girýär we özüne gerek bolan awtobus marşrutynyň salgysyny  we öz koordinatasyny ýerleşdirip düwmä basýar we kartada awtobus bilen ýolagçynyň aralygy kartada şekillenýär.

 

         Netije: Bu taslamada hödürlenýän mikrokontrollerli sanly gurluşyň akylly şäheriň ýolagçy ulag gatnawynda ulanylmagy, islendik howa şertlerinde adamlary köp wagt garaşdyrmasyz, wagtynda we yzygider gatnawda adamlara hyzmat etmek üçin peýdaly bolar. Işiň netijesinde öňde goýulan mesele ýerine ýetirildi. Arduino mikrokontrollerine GPS we GSM modullary birikdirilip Android studio platformasynda döredilen telefon programmasyna koordinatalar ugradyldy. Ýolagçynyň awtobus gatnawyny kesgitlemek üçin zerur bolan android programmasy döredildi. Geljekde duralgalarda Android platformasynda işleýän programmany LED monitoryna  birikdirmek arkaly, duralga degişli awtobuslaryň gatnawlaryny online şekilde görmek mümkinçiligini ýola goýup bolar.

 

EDEBIÝAT

1.  Gurbanguly Berdimuhamedow.Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda.-Aşgabat, 2018.

2.  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 984-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”.

3.  A.L.Bustamante, M.A.Patricio, J.M.Molina. “Thinger.io: An Open Source Platform for Deploying Data Fusion Applications in IoT Environments”,Sensors, 19, (2019).

4.  R.Venkataraman Nagar, Kalapet. Vehicle Tracking System using Internet of Things”.  https://www.researchgate.net/publication/341192796

5.  Д. Е. Намиот, В. П. Куприяновский, С. А. Синягов “Инфокоммуникационные сервисы в умном городе”, International Journal of Open Information Technologies ISSN: 2307-8162 vol. 4, no. 4, 2020.

 

 

 

Цифровой проект по развитии транспортировки пассажиров в умном городе

 

          В рамках проекта анализируются возможности использования системы пассажирского транспорта в Умном городе, важность развития транспортного сектора на цифровой основе и методы дистанционного управления пассажирским транспортом. Предлагаемое устройство разработано с использованием микроконтроллеров Arduino, GSM-модуля SIM800L, GPS-модуля NEO-6M. Модули GPS и GSM подключаются к микроконтроллерам Arduino, а координаты отправляются в приложение для телефона, созданное в студии Android. В документе также предлагается использовать технологию Интернета вещей для удаленного мониторинга и хранения данных.

 

 

 

Digital project of developing passenger transportation in a Smart city
 
    The project analyzes the possibilities of using the passenger transport system in the Smart City, the importance of developing the transport sector on a digital basis and methods of remote control of passenger transport. The proposed device is developed using Arduino microcontrollers, GSM-module SIM800L, GPS-module NEO-6M. The GPS and GSM modules are connected to the Arduino microcontrollers and the coordinates are sent to a phone app created in Android studio. The document also proposes to use IoT technology for remote monitoring and data storage.