Объявления сайта

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gurluşyk pudagynda geodezik işleri ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary

 
Picture of Saadat Çaryýewa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gurluşyk pudagynda geodezik işleri ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary
by Saadat Çaryýewa - Monday, 18 July 2022, 1:40 PM
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gurluşyk pudagynda geodezik işleri ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary

 

Çaryýewa Saadat, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy

 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyz beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyza guwanyp, baky Bitaraplygymyza buýsanýan bagtyýar halkymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär.

Bagtyň, şatlygyň, agzybirligiň, jebisligiň yranmaz döwletliligiň aýdyň beýany bolan toý-baýramlar ýurdumyzda belentden tutulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar halky şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan her bir güni üstünliklerden doly.

 Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan gurluşyk pudagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginde ösýär. Munuň özi desgalaryň görnüş we çeperçilik aýratynlyklarynyň, binagärlik giňişligindäki yzygiderli gözlegleriň netijesidir [1]. Aşgabat şäherimizde häzirki wagtda uly sport desgalaryň birnäçesi emeli geldi. Hakykatdan hem, bu desgalaryň gurluşygynda ekologiýanyň meselelerine bedenterbiýede, şeýle hem olimpiýa we köpçülikleýin sportuň ugurynda uly üns berilýär. Munuň sebäbi – bedenterbiýa we sporta sagdyň daşky tebigy töweregiň gerekliligi. Bedenterbiýe-sport döredijiligi bolsa, öz gezeginde, janly tebigatyna zyýan bermeli däl, ol tebigaty goraýyş häsiýetine eýe bolmaly.  Iri sport toplumlaryň gurluşygynda, dikeldilmeginde we ulanylyşynda uly üns ekologiki seljermesine, ýerleriň ekologiki kartalaşdyrmasyna, ekologiki monitoringa berilip başlandy. Sport pudagynda ekologiki marketingiň we menejmentiň soraglaryna, ekologiki howpsyz tilsimatlaryň ösmegine aýratyn üns berilip başlandy.

2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletikasy boýunça dünýä çempionaty geçirildi.

Paýtagtymyzyň durmuşynda bu ähmiýetli wakasy üçin ähli gerekli sport desgalaryň doly toplumy bilen häzirkizaman Olimpiýa şäherçesi guruldy. Olimpiýa şäherçesiniň sport obýektleriniň arasynda 4000 tomaşaçylara niýetlenen ýapyk tennis korty ýerleşdirilýär. Bular ýaly görnüşdäki desgalaryň ýerine geçirilmeginde we gurluşygynda geodezik işleriň dürli görnüşleri geçirilýär.

 

Gurluşykçy hünärmenleri bilen bilelikde kotlowany ýerine geçirmek, obýektiň esasy oklaryny hakyky ýere geçirmek, diwarlary we potoloklary galdyrmak, üçegi geçirmek ýaly işleriň taslamasy taýýarlanyldy. Alnan geodezik işler bellenilen möhletlerde we ýokary derejede ýerine ýetirildi [2].

 

 

Binalaryň we desgalaryň taslamasynyň hakyky ýere geçirilişi geodezik ýerine geçirme esasynyň nokatlaryndan ýerine ýetirilýär. Ol belgiler bilen berkidilen punktlaryň tory görnüşinde döredilýär we daşky ýerine geçirme torunyň gurulmagy we ýerine ýetiriji kartalaşdyrmalaryň taýýarlanmagy üçin hyzmat edýär. Ýerine geçirme esasy 1-nji we 2-nji derejeli geodezik ýygylatma torunyň punktlaryna baglaşdyrmak bilen bilelikde gurluşygyň geçirilýän etrabynda gurluşygyň baş planynyň esasynda döredilýär [3]. Gurluşyk meýdançasynda taýýarlyk döwründe ýerine ýetirilýän geodezik işleriň içinde dikleýin meýilleşdirme – bu, gurluşyk döwründe ýeriň hakyky relýefini emeli relýefe özgertmek boýunça geodezik we ýer işleriň toplumy bolup durýar. Onuň netijesinde ýaşaýyş zolaklary hojalyk we rekreasion ulanmagyň üstki suw äkidilişi, senagat kärhanalaryň tehnologiki gurluşlaryň ýerleşdirilişi we ş.m. bilen üpjün edilmeli. Dikleýin meýilleşdirmäniň taslamasy taýýarlananda gurulýan ýeriň ýorite topografik plany hyzmat edýar (1-nji surat). Bar bolan relýefiň aýdyň görünýan deňsizliklerinde 1:500 ölçegdäki topografik esasyna 5 we 10 m taraplary bolan inedördüller tory geçirilýar. Relýefiň ähmiýetsiz deňsizliklerinde taraplary 20 m deň bolan inedördüller tory geçirilýar. Ondan başga-da 40 we 50 m taraply inedördüller toruny hem ulanýarlar.

           Inedördülleriň depeleriniň ýanynda ýeriň bahalaryny gorizontallara görä kesgitleýarler.  Eger-de dikleýin meýilleşdirmäniň araçäkleriniň çäginde topragyň getirilmegi ýa-da äkidilmegi göz öňüne tutulmaýan bolsa, onda ýer bölegiň taslama beýikligi ýer işleriň göwrümleriniň deňligi (balansy) boýunça hasaplanylýar [5].

         

1-nji surat. Ýapgyt tekizligiň taslanylyşy.

Üznüksiz çyzyklar – gorizontallar; ştrihli çyzyklar- taslama gorizontallar.

Ýer bölegiň taslama bahasyny ýeriň şertlerine görä kesgitleýärler

 

 

Inedördülleriň depeleriniň taslama bahalaryny HtasA bahasyna görä AB çyzygy boýunça hasaplamak bolar:

Htasj+1= Htasj+işl, j=1,2, ..., n.

Işçi bahalary, başgaça aýdylanda guýulmalaryň beýikliginiň we oýulmalaryň çuňlugynyň bahalaryny belli bolan formula boýunça hasaplaýarlar:

h=hj-Htas-Hh, j=1,2,..., n,

bu ýerde Htas= taslama bahasy,m; Hh=hakyky baha, m.

Ýer göwrümleriň plany aşakdaky suratda görkezilen (2-nji surat).

 

 

 

2-nji surat. Ýer işleriň plany (kartogrammasy)

 

         Ýer işleriň göwrümleri bir inedördül üçin aşakdaky formula boýunça hasaplanylýar:

                           

Vin- l2(h1+h2+h3+h4)/4                

Jaýlaryň esasy oklary göniburçly koordinatalar usuly bilen daýanç nokadyndan hakyky ýere geçirilende ýeriň şertlerine, desgalaryň görnüşlerine, ölçeglerine we ýerine geçirmegiň berlen takyklygyna görä saýlaýarlar. Şonda iň ýaýran usullar – bu, göniburçly we polýar koordinatalar, burç we çyzykly çelgileme, okly çelgileme we taslama poligonyň usullarydyr.

Göniburçly koordinatalar usuly gurluşyk meýdançada gurluşyk torunyň barlygynda ulanmak amatly görülýär. Geodezik esasynyň AB tarapynda A nokadyndan AС= , С nokadyndan bolsa СK=perpendikulýary dikeldýärler. Başlangyç maglumatlary hökmünde K nokady perpendikulýarlaryň usuly bilen ýerine geçirmek üçin A we K nokatlaryň göniburçly koordinatalaryny ulanýarlar.  aralyklary aşakdaky formulalar boýunça hasaplaýarlar:

Nokat ýerine geçirilende koordinatalar ulusyny () toruň degişli çyzygy boýunça belläp goýýarlar, kiçisini bolsa – oňa bolan perpendikulýary boýunça. K nokadyň hakyky ýere çykarylmagynyň netijesiniň orta kwadratik gyşarmasyny formula boýunça hasaplaýarlar [4]:

bu ýerde -  aralyklary bellemegiň netijeleriniň üýtgemeginiň ortaça bahasy. - С nokadynda göni burçy gurmagyň we K nokady bellemegiň netijeleriniň orta kwadratik gyşarmalary.

Geodeziki maglumatlary taýýarlamak üçin polýar koordinatalar usuly (polýar usuly) β berlen burçunyň we d aralygyň gurulmagyny göz öňüne tutýar, bularyň bahalaryny geodezik ýerine geçirme esasynyň A punktunyň   koordinatalary we K taslama nokadynyň   koordinatalary boýunça hasaplaýarlar. Ýerine geçirme maglumatlary hasaplamak üçin formulalar aşakdaky görnüşde bolýarlar:

,

d,

β=

bu ýerde ýerine geçirme esasynyň AB tarapynyň gönükdirji (direksion) burçy.
K taslama nokadyna gönükdirilen A nokadyndan ugrukdyrmagyň gönükdiriji burçy.
         K nokadyny hakyky ýere çykarmagynyň netijesiniň orta kwadratik ýalňyşlygyny (üýtgemesini)
 aşakdaky formula boýunça hasaplaýarlar:
bu ýerde   - burçy, aralygy we K nokady bellemegiň netijeleriniň orta kwadratik ýalňyşlyklary. Ýerine geçirmegiň polýar usulyny tekiz we açyk ýerde giňden ulanýarlar.

         Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda gurluşyk ulgamynda geçirilýän  geodezik işlerini ýerine ýetirmegiň aýratynlyklaryny seljermegiň esasynda olaryň takyklygyny gazanmagyň ähmiýetiniň bardygynyň netijä gelindi. Gurluşyk ulgamynda sport desgalary meýilleşdirilende hem-de gurlanda geodezik işleriň ýokary derejeli takyklygyny üpjün etmek gerek bolýar.

 

 

 

 

  EDEBIÝATLAR

 

1.       Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. II tom. Türkmenistanyň neşirýat gullugy, Aşgabat, 2018.

2.       TGK.1.01.01.-94. Gurluşykda kadalaşdyryş resminamalaryň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler ( 2017-nji ýylyň 11-nji aprel ýagdaýyna)

3.       Nurmämmedow D., Bäşimow P. Amaly geodeziýa, Türkmenistanyň neşirýat gullugy, Aşgabat 2006 ý.

4.       Кузнецов О.Ф. Инженерная геодезия, Инфра-Инженерия, 2017 г.

5.        Подшивалов В.П. и др. Геодезия в строительстве, Республиканский институт профессионального образования, 2015 г.