Объявления сайта

KÄMIL KANUNÇYLYK SAGDYN JEMGYÝETIŇ GIREWIDIR

 
Picture of Arapmyrat Nurnazarow
KÄMIL KANUNÇYLYK SAGDYN JEMGYÝETIŇ GIREWIDIR
by Arapmyrat Nurnazarow - Monday, 18 July 2022, 1:40 PM
 

KÄMIL KANUNÇYLYK SAGDYN JEMGYÝETIŇ GIREWIDIR

Nurnazarow Arapmyrat Seýitmyradowiç S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi

 

ANNOTASIÝA

Kanunçylyga esaslanan türkmen jemgyýeti gün saýyn ösüşlere beslenýär. Döwletimiziň hukuk binýadyny häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan wezipeleriň iň esasylarynyň biri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň işini kämilleşdirmek we geçirilýän demokratik özgertmelere dürli ýaşdaky raýatlarymyzy çekmek, olaryň pikirini öwrenmek ýaly işler degişlidir. Çünki “Kämil     kanunçylyk – sagdyn jemgyýet” diýmekdir.

         Türkmenistan garaşsyzlyk ýoluna düşen gününden bäri geçen taryhy döwürde ýer ýüzüniň ösen ýurtlaynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Baş kanunymyz bolan Türkmenstanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýäniň iň bir abraýly ýurtlarynyň arasyna goşulmaga uly itergi berdi.

         Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 11-nji fewalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda “Geçen 30 ýyl türkmen halkynyň ägirt uly, egsilmejek mümkinçiliklerini aýdyň beýan edip, giňden açyp görkezdi” diýip bellemegi hem ýöne ýerden däldir. Sebäbi Türkmenistan döwletimiz bu gysga döwürde asyrlara barabar işleri amala aşyrdy.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy” kabul edildi. Watanymyzyň durmuş-ykdysady şekilini düýpgöter özgertmäge niýetlenilen bu strategiki resminamanyň kabul edilmegi döwlet dolandyryşynyň we kanunçylygyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyry bolup durýar. Ýurdumyz jemgyýetiň we döwlet ykdysady, syýasy hem sosial ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy, halkara derejesinde işjeň ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, bu işde ol özüniň halkara abraýyny we dünýäniň syýasy arenasyndaky täsirini artdyrdy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen baky Btaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.

         Häzirki zaman kanunçylyk we syýasy ösüşiniň tejribesi ýurdy ösdürmegiň täze, has jogapkärli sepgitlere ýetirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan respublikasynyň Almata şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşdylar. Türkmen wekilýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa mejlisde çykyş edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň agzalarynyň özara gatnaşygy üçin esasy platforma bolup durýandygyny, sebitde parahatçylygy we hoşniýetliligi pugtalandyrmakda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň kanunlaryny sazlaşdyrmakda möhüm çäreleri üpjün edýändigini belledi.

         Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň milli hukuk ulgamyndaky, jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, häkimýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen häzirki döwürde uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşa geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

         “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde dünýä ýurtlarynyň baý tejribesini ulanmak boýunça hem köp sanly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň 2022-nji ýylyň    28-29-njy martynda Gazagystanda geçirilen geňeşe gatnaşmagy hem munuň şeýledigine göniden-göni şaýatlyk edýär. Baş kanunymyzyň kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňi syrasynda şeýle wakalaryň bolmagy hem biziň üçin örän guwandyryjydyr.

EDEBIÝATLAR

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Abadançylygyň röwşen gadamlary. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.

2.“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň    2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna”. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.

3.”Watan” habarlar gepleşigi.

4. Gazet-žurnallar.