Türkmenistanda öndürilýän ýüplükleriň hilini gowulandyrmagyň usullary
Kullyýewa Intizar Mätiýewna
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
Egirme kärhanalarynda önümçiliginiň esasy tehnologiýa işlerde ylmyň täze gazanan üstünliklerini egirme önümçiliginde giňden ulanmak, egirmede mehaniki ýerine ýetirilýän işleriň sanyny we görnüşlerini kemeltmek, tehnologiýa işlerini (sapma, düwün düwme, gaplama, daşama, ýerleşdirme) awtomatlaşdyrmak we önümçilikde dolandyrmak ýaly meseleler iň esasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň egirme kärhänälarynda öndürilýän ýokary belgili dürli görnüşdäki yüplükler öndürilende pagta süýümini ýitgisiz, tygşytly ulanmak üçin süýümleri garyşdyrmak netijesinde öndürilýän ýokary hilli ýüplükleriň görnüşleriniň köpelmegine we ýitgileriň azalmagyna getirer.
Işiň esasy maksady egirme önümçiliginde ulanylýan pagta süýümlerinden dürli saýlamalary düzüp ýüplükleriň täze görnüşlerini öndürmek, tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek arkaly ýüplügiň hilini gowulandyrmaga degişli ykdysady ýitgileri azaltmak bilen netijeligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän amatly tehnologiýalary işläp düzmekden, enjamlaryň tehniki ýagdaýlaryny oňat kadaly düzgünlerde saklap, olaryň ygtybarlylygyny artdyrmak, hyzmat ediş wagtyny uzaldyp, işçi bölekleri we olaryň şaýlaryny satyn almak üçin çykarylýan gyzyl puluň mukdaryny kemeltmekden ybaratdyr.
Dokma toplumlaryň egirme bölüminde innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşynyň esasynda ylmy barlag işiniň usulýeti pagtanyň dürli görnüşleriniň süýümlerini talap edilýän mukdarlaryny dürli gatnaşyklarda ýa-da göterimlerde garyşdyryp, dürli belgilerdäki ýüplükleri öndürmeli.
Ýokary hilli ýüplükleriň önümçiliginde dürli görnüşli we hilli süýümler garyşdyrylmak netijesinde dürli tehnologiýa yzygiderlikler ulanylýar.
Döwlet standartlarynda pagtanyň sortlary kesgitli uzynlygyna (massa uzynlyk) we gyrylma garşylygyna laýyklykda görnüşlere bölünýär. Standartlarda pagta süýüminiň 8 görnüşi göz öňüne tutulýar. Inçe süýümli pagta 1-3 görnüşlerde görkezilen (inçe egirme üçin), orta süýümli pagta 4-8 görnüşlere degişli.
1-nji tablisa.
Pagtanyň häzirki döwürde ulanylýan senagat seleksiýa sortlary.
Pagta süýüminiň görnüşleri we seleksion sortlary |
Süýümiň kesgitli uzynlygy mm, az bolmadyk |
Otnositel gyrylma garşylyk sN/ teks az bolmadyk |
1- Ýol-4, 2606, 4- Ýol-7, 133F, 5- Jeýhun,Daşoguz |
38/40 35/36 30/32 |
34-32 30-26 24-23,5-den az |
Egirme önümçiliginde çig mallara edilýän talaplar ýaly süýümlere hem edilýän talaplar güýçlidir. Ýokary berklik, kiçi çyzykly dykyzlyk, ýeterlik uzynlyk, sürtülmä ýokary dözümlilik koeffisiýent, çeýelik, tow bermeklige ýeterlik maýyşgaklyk, seçelenmek, ýagtylyk täsirlerine, çyglylyga, howa we dere dözümlilik, boýamaklyga durumlylyk.
Ýüplükleriň tehnologiki görkezijileriniň ýokarlandyrylyşy barlag işiniň usulýetinde dokma toplumlaryň egirme kärhanalarynda süýümler gaýtadan işlenende olaryň düzümi, alynýan önümiň hili we ölçeg görkezijileri hereket edýän Döwlet standartyna laýyklykda hem-de enjamlaryň tehniki görkezijiligi tema bilen baglanyşdyrylyp doly gözegçilikde alnyp barylar.
Häzirki zaman täze tehnikanyň we tehnologiýanyň ýeten sepgitlerini hasaba alyp, taslanýan täze we durky täzelenýän pagta egirme kärhanalarynda orta süýümli pagtadan ýüplük öndürilende aşakdaky zynjyr boýunça egirme ulgamynyň tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmagy maslahat berip bolar.
2-nji tablisa.
Egirme önümçiliginiň orta egirme ulgamynyň halkaly egirme usulynda ýokary hilli ýüplükleri almagyň yzygiderlikleri.
Işlenilişiniň tapgyrlary |
Enjamlar |
Alynýan önümler |
Tüýtme we arassalama |
Blendomat – BOA SP-MF süýümleri açyjy enjam; CL-P Clenomat arassalaýjy; SP-FPO özge maddalary aýryjy; Mikser – MX-1 garyşdyryjy; CL-C4 Clenomat arassalaýjy; |
Arassalanan süýüm |
Darama |
TC-7 C darak maşynlary; |
Daralan lenta |
Deňölçegli lentany taýýarlama |
TD 02 lenta maşyny; TD 03 lenta maşyny; |
Düzgünleşdirilen lenta |
Ýüplük taýýarlama |
Marzoli MP 1N halkaly egriji maşyny; |
Ýüplük |
Ýüplügi sarama |
Savio POLAR E saraýjy maşyny |
Ýüplük |
Ýokardaky tehnologiki yzygiderlik kabul edilip alynanda taýýarlaýyş bölüminiň maşynlary bolan tüýdüji – saýyjy agregatyň düzümine girýän enjamlar sagatda 2000 kg/sag çenli öndürijilik berip biler.
Egirme önümçiliginiň orta egirme ulgamynyň halkaly egirme usulynda ýokary hilli ýüplük almaga täsir edýän görkezijiler:
1. Çig mala bagly ýagdaýlar: Ỳüplügiň gurluşynda onuñ daşky görnüşi esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Ỳüplügiň gurluşy dürli hilli bolup biler. Ýüplügiň niỳetlenilişine görä ỳörite üỳtgeşiklikler girizilip bilerler. Ỳöne köplenç olar işleniş usullaryna bagly bolỳar. Mysal üçin şu wagt halkaly ỳüplüge meňzeş ỳüplügi täze egirme usullar boỳunça öndürmek henizem mümkin däldir. Şu wagta çenli halkaly ỳüplügi nusga hökmünde standart ỳaly deňeşdirmeler üçin ulanylỳar. Ỳüplügiň gurluşy esasan çig mala, egirme usulyna, egirme ulgamyna, egriji maşynyň sazlanyşyna, towlulygyna we başga görkezijilere bagly bolýar. Ỳüplügiň gurluşy açyk, ỳapyk, uly göwrümli, dykyz, ỳylmanak, gödek, tüỳli, ỳumşak, gaty, tegelek, tekiz, inçe ,ỳogyn we ş.m. bolup biler. Süýümi näçe uzyn bolsa onuň hil görkezijisi ýokary hasaplanyp, ondan ýokary hilli ýüplükleri we önümleri öndürmäge mümkinçilik döreýär. Pagta süýüminiň uzynlygy taýýar dokma önümlerinde isleg ödeýiş häsiýetleriniň emele gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, gysga süýümlerden ýogyn, tüýjümek ýüplükleri öndürilýär. Bu ýüplüklerden tüýjümek ýylylyk saklaýyş ukyby has ýokary bolan we ş.m. matalary öndürip bolýar. Inçe süýümli pagtadan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan, örän inçe we berk ýüplükler, ýokary hilli, uly isleg bildirilýän matalary öndürmek bolar.
Ýüplükli gutynyň özboluşly şekilini ýüplügiň gatlaklaryny konus gurluşda ýerleşdirmek arkaly alýarlar. Gatlaklaryň saramasynda halkaly (halkaly) planka haýal hereketlenýär, emma ulalýan tizlik bilen ýokaryk we gitdigiçe kiçilýän tizlik bilen aşak hereket edýär. Şonuň bilen ýüplügiň esasy ýokary hem-de ikinji, keseligine tarap aşak saralmagyň takmyn 2/1 gatnaşygy saklanylýar.
Gutarnykly gatlagyň uzynlygynyň jemi, ýagny esasy we atanak sarym bilen bilelikde 5 metrden köp bolmaly. Şonuň bilen çözülme işi ýeňilleşýär. Halkaly plankanyň keseligine edilýän hereketi halkanyň ininden 15-18 % ulurak bolanda kämil bolýar.
2. Ýüplügiň hiliniň tehnologiki we tehniki görkezijileriň baglylygy: Ỳüplügiň gurluşy diňe daşky görnüşine täsir etmeklik bilen çäklenmeỳär. Ol elläniňde ỳakymlylyga, berklige, süỳnmekligine, izolirleỳjilik ukybyna, örtme güỳjüne, garşylyk güỳjüne, sürtülmä bolan garşylygyna, boỳajylyk ukybyna, süỳümleriň uzynlygyna toplanmaga ukybyna, ulanmaklyga amatlylyk ỳagdaỳlaryna täsir edỳär. Egirme usulyna baglylykda ỳüplügiň tapawutly gurluşy bolup biler.
Tow – ýüplügiň esasy häsiýetlendirijisi bolup, onuň ululygyna üzülijilik agramy we beýleki häsiýetleri bagly bolup durýar.
Egirme önümçiliginde süýümleriň daralyşynyň usullaryna baglylykda orta we inçe daralan ýüplükleri tapawutlandyrýarlar. Orta ýüplük taýýarlananda, onuň hapalardan we kemçiliklerden arassalanmaklygy orta darakda tamamlanýar. Inçe ýüplük taýýarlananda orta daramaklykdan soňra inçe daramaklygy ulanýarlar.
3-nji tablisa
Egirme önümçiliginde öndürilýän ýüplükleriň belgisine görä tow sanlary.
Ýüplügiň belgisi Ne |
Alfa=3.0 |
Alfa=3.6 |
Alfa=3.8 |
Alfa=4.2 |
6/1 |
T/m=289 |
T/m=346 |
T/m=366 |
T/m=405 |
7/1 |
T/m=312 |
T/m=374 |
T/m=395 |
T/m=437 |
8/1 |
T/m=333 |
T/m=400 |
T/m=422 |
T/m=468 |
10/1 |
T/m=373 |
T/m=448 |
T/m=473 |
T/m=523 |
12/1 |
T/m=408 |
T/m=490 |
T/m=518 |
T/m=573 |
16/1 |
T/m=472 |
T/m=566 |
T/m=598 |
T/m=660 |
20/1 |
T/m=527 |
T/m=634 |
T/m=670 |
T/m=739 |
Ýüplügiň emele gelişiniň usuly boýunça halkaly, howa arkaly, howa hereketli, rotorly egirme maşynlaryny tapawutlandyrýarlar. Ýüplükleriň timarlanylyşy we boýalyşy boýunça agardylmadyk, agardylan, merserizlenen, boýalan görnüşlere bölýärler. Boýalan we boýalmadyk garyndylardan öndürilýän ýüplüklere melanž (garyndy–nemes sözünden) ýüplükleri diýilýär.
Egirme önümçiliginde enjamlaryň işçi bölekleriniň zaýalanmagyna täsir edýän görkezijiler:
- öndürilýän ýüplügiň çig malynyň görnüşi;
- enjamyň tizligi;
- öndürilýän ýüplügiň belgisi
- süýbekleriň wagtynda çalyşylmagy;
- enjamda has köp belginiň we görnüşiň üýtgemegi.
Ýokary hilli ýüplükde öndürmek üçin halkaly egriji enjamynda edilmeli amallar:
- basyjy oklawlaryň ýüzünde zaýalanan ýer bolmaly däldir;
- kemerjik dogry we takyk dönmelidir we ýüzünde zaýalanan ýer bolmaly däldir;
- halkalar gowy şekilde merkezleşdirmelidir;
- plasmas gutular iklere gowy ýerleşdirilmelidir;
- üzülen ýüplükler awtomatiki baglanmalydyr;
- enjamyň süýündiriji abzaly arassa bolmalydyr;
- awtomatiki usulda arassalaýjylar abat işlemelidirler;
- çala towly ýüplükler wagtly wagtynda çalşylmalydyr;
- çekum ulgamynda öň we aralyk çekimler dogry saýlanmaly;
- egirme bölüminiň howa şertleri işlenýän çig mala laýyk bolmalydyr;
- süýümler harmanda gowy garyşdyrylmalydyr;
- süýümiň inçeligi öndürilýän ýüplügiň belgisine gabat gelmelidir.
Halkaly egriji maşynlarynda süýündiriji abzalyň aşaky we ýokarky silindirlerine süýümleriň çolaşmasynyň sebäpleri:
- ulanylýan süýümleriň has çygly ýa-da gurak bolmagy;
- egirme bölüminiň çyglylygynyň köp ýa-da az bolmagy;
- bölümde temperaturanyň 260 С-dan pes bolmagy;
- basyjy oklawlaryň gowy iglenmedik ýa-da wagty geçen bolmagy;
- pagta süýüminiň uzynlygynyň has pes bolmagy;
- birnäçe sebäplere görä ýüplügiň üzülmesiniň köpelmegi;
- ulanylýan pagta süýüminiň düzümine ýapyşan materiallaryň bolmagy;
- ulanylýan pagta süýüminiň düzüminde ýetişmedik süýümleriň bolmagy;
- çekim ulgamyna basyşyň az bolmagy;
- önümçiligiň dowamynda pagta süýüminiň elektriklenen bolmagy;
- işgärleriň enjama gowy hyzmat etmezligi;
- soruş ulgamynyň tizliginiň peselmegi;
- halkalar oňat merkezleşdirilmedik ýagdaýynda bolup biler.
Halkaly egriji maşynlarynda ýüplükleriň ýygy-ýygydan üzülmesiniň sebäpleri:
- çala towly ýüplükleriň tow sanlarynyň az bolmagy;
- çala towly ýüplükleriň inçe we galyň ýerleriniň köp bolmagy;
- çala towly ýüplükleriň asylýan ýerleriniň gowy bolmagy;
- çekim ulgamyndaky silindirlerinň arasy has köp açyk bolmagy ýa-da has az bolmagy;
- aşaky silindirlere ýa-da basyjy oklawlara çolaşan süýümlriň ýa-da tozgalaryň bolmagy;
- halkalaryň gowy şekilde merkezleşdirilmedik bolmagy;
- süýbekleriň has agyr ýa-da ýeňil bolmagy;
- egirme bölüminde howa şertleriniň talaba laýyk bolmagy;
- enjamlarynyň tizliginiň işlenilýän ýüplügiň belgisine we işlenen pagta süýüminiň hiline görä has ýokary bolmagy;
- süýbegiň zaýalanmagy;
- pagta süýüminiň belgisiniň has pes bolmagy;
- öndürilen ýüplügiň towunyň az bolmagy;
- pagta süýüminiň taýýarlaýyş bölümlerinde gowy garyşdyrylmazlygy;
- ýokarky oklawlaryň igelenmeli wagtynyň geçmesi;
- enjamlaryň hapa bolmagy we tozanlaryň, tozgalaryň köp bolmagy.
Halkaly egirme maşynlarynyń işleýşiniń netijeliligi olaryń ýagdaýynyń guratlygy, abatlygy, çig malyń arassalygy, öndürilýän önümiń hili bilen bagly bolýar. Halkaly egirme maşynlarynyń öndürjiligi enjamyń işçi bölekleriniń aýlaw ýygylyklary we çyzykly tizlikleri, ýüplügiń tow sanlary bilen baglanyşykly bolýar.
3. Ýüplügiň hiliniň daşama we gaplama işlere baglylygy: Häzirki zaman halkaly egriji maşynlarynda ähli tehnologiýa amallar awtomatlaşdyrylandygyna garamazdan, awtomatikanyň berýän görkezijileri bilen hakyky önümçilikde tapawutlar bolup biler. Enjamyň iklerine saralmaly uzynlykdaky ýüplügiň agramy alnandan soňra, şol ikler doly gutylar awtomatiki aýrylýança önüm öndürmesini togtatmaly bolýar, Sebäbi halkaly egriji maşynyň boş we doly gutylaryny daşaýjynyň hereket tizligine, aýlanmasyna bagly bolýar, Enjamlaryň uzynlyklaryna görä, ýagny ikleriniň sanyna baglylykda , onuň iki tarapyna hem daşaýjy hyzmat etmeli bolýar. Daşaýjylar ýuka deriden ýasalandan soň, hem-de taýýar önümleriň, boş gutylaryň agramynyň hasabyna, olaryň ýagny daşaýjylaryň kesgitlenen ugur boýunça süýüşmesi kynlaşýar. Esasan – da daşaýjynyň guta saralan taýýar önümleriň ýörite arabalara guýulýan ýerinde demir lentanyň birnäçe gradius ýokary galmasy bolýan ýerlerinde hereketiň peselmegi bolýar . Bu hilli kynçylyklar taýýar önümleriň hiline , ýagny daşky görnüşlerine erbet täsir edýär we zaýalaýar. Bu kemçiliklerden başga hem taýýar önümler daşaýjynyň boş giňişligi gabat gelýänçä aýrylmany garaşdyrylmaly bolýar we azyndan ýarym sagada galaý wagt ýitgisy bolýar. Şol ýarym sagadyň dowamynda enjamyň ikleri birnäçe kilogram ýüplükleri öndürip biler. Ýokarda agzalan säwliklere tehnologiki ýitgiler hasaplasak, indi enjamyň tehniki ýagdaýlaryna seredeliň. Daşaýjynyň demir lentasyny herekete getirmek üçin ýörite reýkalar onuň aşagyndan iteklemek üçin we herekete ýardam bermeklik üçin oturdylandyr. Reýkalara hereket gysylan howa bilen işleýän silindrlerden berilýär. Enjamyň kompýuterine salnan meýilnama boýunça ilki bir silindre howa berilýär, soňra bolsa onuň üsti bilen beýleki silindre howa geçirilýär. Ýörite birikdirilen rezin şlangalar bilen aralykda salnikler oturdylýar. Dyngysyz hereket we güýçli agramlar esasynda salnikler we beýleki şaýlar basym sandan çykýar. Netijede daşaýjynyň işini togtatmaly bolýar. Egirme enjamynda daşaýjy üçin onuň aşagynda iki sany silindrler ýerleşdirilendir. Daşaýjylarda olaryň gurnalyşyna baglylykdaiki sany silindrler ýerleşdirilen bolýar. Daşaýjynyň hereketiniň tizligini we tekiz ygtybarly hereketiniň taýýar ýüplügiň hiline gönümel täsir edýänligi üçin , bu kynçylyk döredýän meseläni sazlamaklyk üçin iki silindre derek dört sany silindri oturtmak maksada laýyk bolup durýar. Bu usul ulanylanda taýýar önümleriň hiline , ýagny daşky görnüşlerine erbet täsir edýän kemçilikler aradan aýrylar. Bu artykmaçlyklardan başga hem enjamlaryň hyzmt edişiniň dowamlylygy iki esse dagy artmagyna getirer we enjamlaryň işçi bölekleriniň, şaýlarynyň tiz –tizden çalşylyp durulmagynyň öňüni alar, daşary ýurtlara çykarylýan gyzyl pullaryň mukdar azalar.
4. Ýüplügiň hiliniň awtomatika we tehnologiki akyma baglylygy: Eger-de maşyndaky boş gutylar doly saralandan soň, wagty bilen, ýagny awtomat önüm aýryjy önümi daşaýjynyň boş giňişligine gabat gelmese önümi wagty bilen aýyrmany saklamaly bolýar. Geçirilen synaglara görä, önüm daşaýjynyň boş giňişligine gabat gelinýänçä ortaça 25-30 min wagt ýitýär. Bu wagt birligini enjamyň önüm öndürişi bilen deňeşdirip alan ýagdaýymyzda, 4 sagatda 87,5 gram önýän bolsa, 1 sagatda 21,9 gram ýüplük öndürilmelidir. Ýitýän wagtymyza görä hasaplasak, bir sany ikde 10,95 gram ýüplük öndürip bolardy
Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň käbir egirme kärhanalarynda çala tow beriji enjamlar bilen egirme maşynlarynyň arasynda öndürilýän ýokary belgili dürli görnüşdäki guta saralan yüplükleri daşaýjylar bilen üpjün edilen ýagdaýynda adamlaryň el zähmeti aradan aýrylar. Zynjyrly ýa-da asma daşaýjylar üçin çykarylýan çykdaýjylar ujypsyzdyr. Nah ýüplükleriniň hiliniň düzedilip bilinýän iň soňky ýeri saraýjy bölümdir. Bu ýerde öndürilýän ýüplükleriň galyň, inçe ýerlere reňkli materiala we nepslere rugsat berilýän aralyklary kompýutera girizilýär. Uster Quantum 2 hil gözegçi bölüm ýüplügiň hilini barlaýar we rugsat berilýän aralygyň daşyna çykan wagty sarama togtaýar we ýalňyş kemçilikli ýer kesilip aýrylýar soňra täzäden ýüplük baglanýar. Egerde egriji enjamlarda inçe, galyň nepsler köp bolsa onda ýüplügiň çykymy azalýar we ýüplügiň özüne düşýän bahasy gymmatlaýar.Soňra tejribehanalarda Uster Tester 5 enjamynda ýüplügiň hil görkezijileri barlanylýar we müşderileriň islegine görä saraýjy enjamyň kesme bahalary girizilýär.
Egirme bölümlerinde öndürilýän ýokary belgili dürli görnüşdäki gutylara saralan yüplükleri gaplama bölüminde ilki bilen çyglaýjy gazanlarda takmynan 1 sagada galaý saklamaly. Netijede ýüplükler 10-12 göterim çyglylyk gazanýarlar. Gazandan çykan ýüplükler 1-2 sagat garaşdyrylyp çyglylygy 8 göterime gelende olaryň her biri aýratynlykda ýörite enjamlarda polietilen paketlere gaplanylýar. Soňra polietilen paketlere gaplan ýüplükler belli bir tertipde we yzygiderlikde polipropilen haltalara ýerleşdirilýär.
Işiň netijesinde ýurdumyzyň egirme kärhanalarynda öndürilýän ýüplükleriň görnüşlerini köpeltmegine, hilini ýokarlandyrmagyna, çig maly tygşytly ulanmagyna, hem-de enjamlaryň tehniki we tehnologiki ygtybarlylyklaryna edilýän çykdaýjylaryň mukdarynyň azalmagyna getirer.