Объявления сайта

TEHNIKI ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

 
Picture of Enegül Annagurbanowa
TEHNIKI ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY
by Enegül Annagurbanowa - Monday, 18 July 2022, 1:41 PM
 

TEHNIKI ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE DAŞARY ÝURT DILLERINI  ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy       Annagurbanowa Enegül                

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim ösdürilýär, dünýä dilleri öwrenilýär. Bilim ulgamynda, onuň dürli ugurlarynda kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde örän uly özgertmeler amala aşyrylýar. Aragatnaşygyň, ösüşiň we dostlugyň möhüm serişdesi bolan dili öwrenmegiň zerurlygyna ähli döwürlerde uly ähmiýet beripdirler. Dürli halklaryň dillerini öwrenmek durnukly ösüşiň ygtybarly ýoly bolmak bilen ylmyň, bilimiň ösmegi üçin hem uly ähmiýete eýedir . Okamak, öwrenmek, hünär edinmek üçin ähli şertler döredilen şeýle ajaýyp zamanada, kuwwatly ýurtda ýaşap, dünýä dillerini suwara bilmek döwrüň talaby hem-de manyly ýaşamagyň, Watanyňa wepaly hyzmat etmegiň girewi hasaplanýar. Watanymyzyň kuwwatlanmagynyň we geljekki ösüşleriniň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlaryň islän hünärleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär .

Dil akyl paýhasyň - hazynasy, ylmyň binýady. Diliň ylym-bilim, edep-terbiýe bermekdäki, gözýetimiňi giňeltmekdäki ähmiýetini ýaş nesliň aňyna ýetirmek ene-atalaryň, terbiýeçileriň hem-de mugallymlaryň wezipesidir. Daşary ýurt dilini öwrenmekde esasy başlangyç oňa bolan islegdir. Çünki durmuşda islendik işe başlamagyňa oňa bolan zerurlyk hem-de isleg sebäp bolýar. Innowasion tehnologiýalaryň şeýle tiz ösmegi, bazar ykdysadyýeti şertlerinde hünärmenleriň daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilmegi döwrüň we netijeli işiň talabydyr.

 

 

 

 

 

 

 


Daşary ýurt dilini kämil bilýän hünärmen taýýarlamak meselesi ýokary okuw mekdeplerde daşary ýurt dilini okadýan mugallymlarynyň öňünde uly mesele bolup durýar.  Özge halklaryň dillerini öwrenmekde, ilkinji nobatda, filologiýa, pedagogika, ylymlaryna ýüzlenmeli bolýar. Şeýle hem aşakdakylara aýratyn üns bermek zerurdyr. Ýagny, öwrenýän diliňe ýeterlik gyzyklanmanyň, höwesiň bolmagy, öwrenen sözleriňi gündelik durmuşda, işde ulanmagy başarmaly. Özge halkyň dilini öwrenmek esasan özbaşdak işleri, köp okamagy, dil baýlygyňy yzygiderli ösdürmegi, öwrenýän zatlaryňy bada-bat özleşdirmegi talap edýär. Tehniki ýokary okuw mekdebimizde ýaşlaryň saýlap alan hünärine ussat bolup ýetişmekleri üçin zerur işler amala aşyrylýar. Ylmyň we  tehnikanyň gazananlary gündelik sapaklara ornaşdyrylýar, tejribe işlerinde berkidilýär.

Daşary ýurt dilini öwretmekligi birnäçe   aýratynlyklary  boýunça amala aşyryp bolýar. Birinji ugur: daşary ýurt dilini öwrenmegiň ylmy esasly usullaryny saýlamak we ilkinji nobatda, gündelik ulanýan sözleriňi öwrenmek;

Ikinji ugur: nazaryýetde, öwrenilenleri tejribede düýpli özleşdirmek;

Üçünji ugur: häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan (telewideniýe, internet, el telefonlary) peýdalanyp, öwrenýän diliňdäki gepleşiklere seredip, kitaplary okap, söz baýlygyňy artdyrmak.

Dördünji ugur: talyplara daşary ýurt dillerini öz okaýan hünärleri bilen baglanyşdyryp okatmaklyk bolup durýar; dili hünär ugrundan taýýarlyk hökmünde öwrenýän talyplara daşary ýurt dilini öwredýän mugallym ýörite tekstleriň aýratynlygyny, ýagny ylym- bilim özboluşlylygyny, adalgalaryny gowy bilmelidir we olary düşündirmegi başarmalydyr. Haýsy bir ugurdan hünärmen taýynlanyňda şol ugurda ulanylýan tehniki adalgalary ilki bilim daşary ýurt dilini okatýan mugallym doly bilmelidir. Muňa, ilkinji nobatda, ýörite adalgalar, umumy ylmy sözler, kynçylyk döredip biljek çylşyrymly grammatik gurluşlar we ş.m. degişlidir. 

Iňlis dilinde hünär bilen bagly temalarda dil arkaly (sözleýişde) aragatnaşygy alyp barmagy öwretmekde: talybyň ýöriteleşýän ugry boýunça tekstleriň aglabasynyň özbaşdak düşünişmeklik bolup durýar.

Bäşinji ugur: Her bir ugruň öz sözlerini öwredenimizde talyplara düşnükli bolar ýaly suratlary bilen görkezsek has hem düşnükli bolar.

Altynjy ugur: Sapaga degişli wideoşekilleriň ýa-da şekilleriň, şeýle-de, hereketleriň (animasiýalaryň) görkezilmegi bilen görip-öwrenmek esasynda talybyň şahsy pikiriniň dünýägaraýşynyň kemala gelmegi gazanylýar.

 

 

 

 

Taýýarlanylýan bu wideoşekilleriň ýa-da hereketleriň gysga, manyly, sada bolmagyna üns bermek arkaly, esasy maksadyň öwretmekden ybaratdygy sebäpli, talyplaryň ünsüni sowmazlyga şert döretmek mümkin.

 Ýedinji ugur: Dersde bäsleşikli pursatlaryň döredilmegi talyplaryň öz pikirini takyk, gysga, çekinmezden beýan etmäge, gowşak ýetişýän ýoldaşlaryny goldamaga, toparlaryň yza galmazlygy üçin göreşmäge itergi berýär.

Sekizinji ugur: Mugallym döwrebap kämil tehnologiýalaryň, tehniki serişdeleriň we interaktiw tagtanyň köpdürli işjeňlik häsiýetine doly düşünip hem-de özleriniň baý ylmy tejribesi bilen utgaşdyryp, ýaş nesliň aňyna ýetirmegi başarmalydyr.

Dokuzynjy ugur: Dil öwrenýäniň öňünde başga halkyň dilini, sözleýiş aýratynlyklaryny öwrenmek, özleşdirmek, däp-dessurlaryna göz ýetirmek, düşünmek ýaly uly we möhüm wezipeler durýar. Köp dil bilmek adamyň häsiýetine, aňyýetine, jemgyýetdäki ornuna uly täsir edýär.

  Onunjy ugur: Söz sungaty, stilistika gepleşikde we ýazuwda beýan edilýän pikirleriň sazlaşykly, anyk, yzygiderli, düşnükli hem-de çeper bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa durmuşda özüňi medeniýetli alyp barmagyň serişdesidir. Daşary ýurt dilleri öwrenilende bu mesele biraz kynlaşýar. Çünki, dil stilleri we stilistik serişdeler, göçme manyda ulanylýan durnukly söz düzümleri, frazeologik birlikler, alynma sözler, milletiň ruhy dünýäsi, däp-dessurlary bilen bagly düşünjeler barada nazary bilimiň bilen bir hatarda, ony doly derejede özleşdirmek üçin diliň tebigy şertlerde ulanylyşyny özleşdirmeli. Ony ýola goýmak bolsa häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň ösen derejesiniň we okatmagyň innowasion usullarynyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň daşary ýurt dillerini bilmekleri, oňat özleşdirip bilmegi biz professor- mugallymlaryň ussatlyk derejesine gönüden-göni baglydyr.

Wideo-şekillerini iňlis dili sapaklarynda yzygiderli ulanmaklygyň birnäçe usullary bardyr. Talyplar wideo-şekilleriň kömegi bilen özlerine öwrenýän dersleri boýunça doly maglumatlar alýarlar.

Innowasion tehnologiýalaryň meşhurlyk gazanmagyndan öň, okuwda esasy üns tekst okamaga, onuň mazmunyna düşünmäge, terjime etmäge gönükdirilerdir. Häzirki döwürde hünär taýýarlyk ugry boýunça talyplara dil üsti (sözleýiş dilinde) aragatnaşyk saklamaklyk üçin wajyp bolup durýar. Dil üsti aragatnaşyk diýlende diňleme, düşünişme, gürrüň berme, ikitaraplaýyn gepleşme ýekebara gürrüň berme bolup durýar.

Okuw sapaklaryny usuly taýdan dogry guramagyň, ony hünärleri bilen baglanyşdyryp okatmagyň ýokary netije berýändigini bellenilmelidir. Tehniki ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän daşary ýurt dili sapaklaryny okatmagyň usulyýetine täzelikleri ornaşdyrmagyň bir usuly – mugallymlaryň öz okuw sapaklarynda täzelikleri hünärlere görä, okuw sapaklarynyň temalary bilen baglanyşdyryp öwretmek bolup durýar.

  Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň hem aýratyn okadylyş, öwrediliş usulyýeti, özboluşly usullary we tärleri bar. Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň hem has ygtybarly we netijeli usullary işlenilip, tejribä ornaşdyrylýar. Şonuň üçin daşary ýurt dillerinden bilim berýän mugallymlar ylmyň, tehnikanyň ösüş derejesi bilen yzygiderli tanşyp, dil öwrediş usullarynyň üstüni täze tejribeler bilen baýlaşdyryp dursa, alyp barýan işleriniň netijesi özlerini hem guwandyrar. Talyp ýaşlara iňlis dilini öwretmekde, her bir sapagymda dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda döwrebap tejribeleri ulanmaga çalyşýaryn. Bu bolsa täze çemeleşmeleri, täzeçe garaýyşlary ýüze çykarýar. Şeýle hem dersiň gyzykly geçmegine, ýaşlarda höwesiň döremegine uly täsir edýär.

Daşary ýurt dillerinde dil arkaly gepleşigi alyp barmagy işjeň öwretmäge hyzmat edýän gönükmeleriň ulgamy barada gürrüň edilende, mugallym olaryň umumy gurluşyny göz öňünde tutmaly.

 

 

Gönükmeler sadadan çylşyrymla tarap bir basgançak kynlaşyp gitmelidir, talyp täze öwrenýän maglumatynda öň özleşdirenini tapmagy we ony ulanmagy başarmalydyr.

Daşary ýurt dillerini okatýan mugallymlar sapakda talyplara sözleri dogry we dürs aýtmaklygy hem öwretmelidir.  Talyplar sözleriň dogry aýdylyşyny diňleme arkaly öwrenip bilýärler.

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary okatmak we terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu möhüm meselede daşary ýurt dilini okadýan mugallymlaryň aýratyn orny bardyr. Olaryň öňlerinde ylym-bilim özgertmelerine laýyklykda, döwrebap sapaklary guramak, bilim maglumatlaryny bermäge täzeçe çemeleşmek bolup  durýar. Şonuň ýaly-da, dünýä tejribelerini bilim-ylym bermekde, dil öwretmekde işjeň peýdalanmak arkaly netijeli işlemek mugallymlaryň paýyna düşýär.

EDEBIÝATLAR

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. – Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy. Aşgabat, 2017

3. Н.Нагимов. Методика преподавания английского языка Казань, 2014
4. В.Михайлов. Особенности преподавания английского языка в техническом вузе, Москва, 2018

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

E.Annagurbanova

FEATURES OF STUDYING FOREIGN LANGUAGES IN TECHNICAL HIGHER EDUCATIONAL INSTITUTES

   In prosperous epoch of powerful state, with the initiative of honored President science and education are developed. In Turkmenistan, large-scale work is under way in order to modernize the national educational system, develop science and raise it to the level of the developed states.  Science and education  are accumulated for thousands of years and passed it down from generation to generation, this is our priceless heritage. A language is a structured system of communication. Language, in a broader sense, is the method of communication that involves the use of – particularly human – languages. The scientific study of language is called linguistics. All conditions have been created in our country so that young people. In this article, we show essential benefits of learning foreign languages. Through online courses, multimedia, motivations, technology, speaking, writing, listening, doing grammar exercises, learning new words through games are all the features of studying foreign languages.

 

Энегуль Аннакурбанова

ОСОБЕННОСТИ ИЗУЧЕНИЯ ИНОСТРАННЫХ ЯЗЫКОВ В ТЕХНИЧЕСКИХ ВЫСШИХ УЧЕБНЫХ ЗАВЕДЕНИЯХ

     В эпоху могущества и счастья под руководством  Уважаемого  Президента развиваются наука и образование. В Туркменистане ведется масштабная работа по модернизации национальной образовательной системы, по развитию науки и подъему ее до уровня развитых государств. Наука и образование - это то, что люди накопили за тысячи лет и передали из поколения в поколение, что является  бесценным наследием страны.

     Язык - это структурированная система общения. Язык, в более широком смысле этого слова, является способом общения, который включает использование - особенно человеческих - языков. Научное изучение языка называется лингвистикой. В нашей стране созданы все условия для того, чтобы молодежь изучала иностранные языки.

    В настоящее время изучение иностранного языка неприемлемо для студентов, которые хотят работать во всем мире.

    В этой статье мы показываем существенные преимущества изучения иностранных языков. Благодаря онлайн-курсам, мультимедиам, мотивациям, технологиям, разговорной речи, письму, аудированию, выполнению грамматических упражнений, изучению новых слов с помощью игр - все это особенности изучения иностранных языков.