Объявления сайта

Himiýa dersini okatmakda sanly bilimiň orny

 
Picture of Ylymlar Akademiya
Himiýa dersini okatmakda sanly bilimiň orny
by Ylymlar Akademiya - Saturday, 2 July 2022, 1:17 PM
 

Himiýany dersiniň ýerine ýetirýän wezipesi orta mekdebiň okuwçylarynyň esasy faktlary, düşünjeleri, kanunlary we nazary bilimleri, olary aňlatmagyň himiýa üçin mahsus adalgasyny özleşdirmekleriniň amatly ýollaryny tapmakdan ybaratdyr. Mekdepde himiýany okatmagyň usulyýeti - bu himiýa öwredilende bilim bermek, terbiýelemek we okuwçylaryň aňyny ösdürmek baradaky pedagogiki ylymdyr. Himiýany okatmagyň usulyýeti pedagogika, himiýa, jemgyýetçilik we beýleki ylymlaryň aralygynda bolup, olar bilen berk arabaglanyşykdadyr.