Объявления сайта

НИСИЙСКИЙ ТРОН МИТРИДАТА I

 
Picture of Döwlet Kössekow
НИСИЙСКИЙ ТРОН МИТРИДАТА I
by Döwlet Kössekow - Thursday, 30 June 2022, 3:43 PM
 

УДК 902/4

НИСИЙСКИЙ ТРОН МИТРИДАТА I

Довлет Коссеков

Туркменский государственный университет имени Махтумкули, г., Ашхабад, Туркменистан

 

Ключевые слова: Власть. Царь. Ритоны. Трон. Митридат I. Монеты. Митридатокерт.

         Аннотация: Археологические раскопки и научные исследования, проводимые на протяжении многих лет на памятнике Старая Ниса, дали миру немало великих открытий. Здесь же были обнаружены ритоны, которые лежали вместе с какими-то фигурными, выточенными тоже из слоновой  кости деталями. Искусствовед Г.А. Пугаченкова отметила, что это, вероятно, остатки царского трона. Трон всегда имел помимо своей практической функции, глубокое символическое значение. В статье приводятся представления о внешнем виде парфянских тронов на примере монеты династии Аршакидов. О том, какое высокое значения придавалось царскому трону в парфянской среде, свидетельствуют монеты Аршакидов, где богиня – покровительница городов вручает венец (знак власти) восседающему на троне государю.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 NISA’S THRONE OF MITRIDAT I

Dovlet Kossekow

Magtymguly Turkmen state university, Ashgabat c., Turkmenistan

 

Keywords: Power. Ruler. Ritons. Throne. Mitridat I. Mitridatokert. Coins.

Abstract: Archeological excavations and researches having conducted for a long period of time in Old Nisa gave considerable discoveries to the world. Among found excavations there was a huge archive of Parthian rescords (thanks to interpretation of which the scientists could ascertain an ancient name of Old Nisa – “Mitrodakert”) remains of marbie statuettes, pieces of small metal sculptures and product from ivory. Among the latest were remains of more than fifty large ritons with gorgeous designed plastic carving. Ritons were excavated in one royal relics of Elder Arshakid dynasty.       The excavated ritons were laid together with some figured sharpen from ivory pieces, from which we can conclude that these were piesces of main furniture, including remains of a royal throne, noticed by G.A. Pugachenkova, significance in Parthian environment, where a goddess – patroness of cities presents the crown as a power sign to the state’s ruler quite often. A throne used to have a deep symbolic meaning besides its practical function. An accession to the throne was always accompanied with solemn ceremony. The throne is a sign of supreme power, companioning with God’s goodwill.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

MITRIDAT I NUSAÝDAKY TAGTY

Döwlet Kössekow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Aşgabat ş.,Türkmenistan

 

         Köne Nusaýda birnäçe ýyllaryň dowamynda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryşlar we ylmy barlaglar dünýä ylmyna  beýik açyşlary getirdi [1, 24 s]. Köne Nusaýyň arheologik barlaglaryň merkezi hökmünde saýlanyp alynmagynyň esasy sebäbi,hut şu ýerde mähnet gala diwarlary bilen ýanaşyk, b.e.öňki II asyrda düýbi tutulan köşk buthanalarynyň, ammarlarnyň hem-de gulluk jaýlarynyň toplumynyň  ýerleşmegi bilen baglanşykly boldy.

Bu ýerde ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda mermer we ownuk metal heýkelleriniň galyndylary hem-de bölekleri, şirmaýydan ýasalan önümler, nepis nagyşlar bilen örän baý bezelen ritonlaryň 50-den gowragynyň galyndylary bar eken. Tapylan ritonlaryň ýanynda ýylmanan şirmaýydan ýasalan şekilleriň böleklerini  belli sungaty öwreniji alym G.A. Pugaçenkowa “bezeg mebeliniň we patyşa tagtynyň bölekleridir” diýip çaklaýar [2, 26 s.]. Parfiýalylaryň arasynda şeýle esbaplara nähili uly üns berlendigine, ärsaklaryň teňňelerinde köplenç halatlarda şäherleriň howandary bolan hudaýyň tagtda oturan hökümdara häkimýetiň aýratyn nyşany bolan täjiň gowşurylyp duran pyrsatynyň şekellendirilmegi hem şaýatlyk edýär.

           Tagtyň ýerine ýetirýän wezipesinden daşary, onuň çuňňur simwoliki ähmiýeti hem bardyr. Tagta çykmaklyk dabaraly baýramçylyk däpleri bilen amala aşrylypdyr. Tagt ýokary häkimýetiň nyşany bolup, ol hudaý tarapyndan berilýär diýlip düşünilipdir.                                          

           Patyşa tagtynyň daşky  görnüşi barada ärsaklaryň teňňeleri  köp maglumat berýär. Mitridat I (b.e.öňki 171-138 ýý.) zikgesiniň arka ýüzünde peseňräk otyrgyjyň üstünde Zewsiň keşbi şekillendirilipdir. Ärsaklaryň soňraky hökümdarlarynyň mis teňňeleriniň köpüsinde Ärsagyň şekili uly bolmadyk otyrgyçda oturan görnüşde ýerleşdirilipdir. Mitridat II (b.e.öňki 123-87 ýý.) başlap, hökümdarlar aýaklary haşamlanan, beýik kürsüde şekillendirilip ugrapdyr. Frat III (70-57 ý.) döwründen başlap bolsa, ärsaklaryň soňky  hökümdarlary Wologez III, Wologez IV we Wologez V (II-III asyrlar ) döwrürlerine çenli teňňeleriň arka tarapynda kürsiniň üstünde oturan hökümdarlaryň şekillerini ýerleşdirmek däbi giňden ýaýraýar. Şeýle Şa tagtlarynyň görnüşi birmeňzeş bolup, tagtyň arkalygy patşanyň boýnunyň derejesinden ýokary geçmeýär. Kürsüniň aýaklarynyň beýik bolmandygy sebäpli, patşanyň aýaklary ýere degip dur (patşanyň bir aýagy biraz öňe uzadylan, beýlekisi bolsa daraklygynyň üstünde, ýagny ahemenilerdäki ýaly tekjejikleriň üstünde däldir. Bar bolan dürli görnüşdäki hem-de Nusaýyň “Inedördül zalyndan” tapylan şirmaýy bölekleriniň deňeşdirip görülmeginiň netijesinde, alymlara Nusaý tagtynyň keşbini dikeltmek başartdy .Tagtyň esasy bölegi bolan kürsini ýasamak üçin ýörite berkidilen germew (kürsüde oturanyň egniniň derejesinde) bilen birleşdrilen iki sany dik söýgüt, ýolbarsyň  penjesine daýanyp duran  aýaklar we biziň günlerimize gelip ýatmedik agaçdan edilen we ýüzi , mümkin, gymmat baha mata ýa-da nepis gön bilen örtülen oturgyç, arkaly ýaly bölekler (detallar) ulanylypdyr [3, 138 s.].

          Parfiýanyň paýtagty Nusaýyň Mitridatyň I (b.e.öňki 171-138ý.) adyny göterendigi üçin , bu kuwwatly hem-de ýeňji hökümdaryň  ady aýratyn hormatdan peýdalanypdyr. Alymlar Nusaý tagtynyň Mitridat I hut özüne degişlidigine güwä geçýärler. Bu ýagdaýyň özi Mitridat I tagtynyň ärsakly hökümdarynyň, hatda özleri üçin ýörite ýasalan şahsy tagtalarynda oturan  wagtlarynda hem aýratyn hormat goýlan  mukaddeslik hökmünde uzak wagtlap saklanandygyna şaýatlyk edýär.

 

EDEBIÝAT

1.        Пугаченкова Г.А, Архитектурные памятники Нисы // Труды Южно-Туркменской археологической комплексной экспедиции (ЮТАКЭ). Том I. - Ашхабад: Туркменский филиал Академии наук СССР,1949.- 421 c.

2.        Массон М.Е., Пугаченкова Г.А. Парфянские ритоны // Труды Южно-Туркменской археологической комплексной экспедиции (ЮТАКЭ). Том IV. - Ашхабад: Академии наук Туркменской ССР,1959.- 266 c.

3.        Кошеленко Г.А. Родина парфян. - М.: “Советский художник”, 1977. - 175 c.