Объявления сайта

Alty ýaşly 1-nji synpda aýdym-saz sapagyny okatmagyň aýratynlyklary

 
Picture of Leýli Sapargeldiýewa
Alty ýaşly 1-nji synpda aýdym-saz sapagyny okatmagyň aýratynlyklary
by Leýli Sapargeldiýewa - Wednesday, 29 June 2022, 2:48 PM
 

L.Sapargeldiýewa

ALTY ÝAŞLY 1-NJI SYNPDA AÝDYM-SAZ SAPAGYNY OKATMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY 

 

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty baş ýörelgesine öwrülen  halkymyzyň durmuşynda  bolup geçýän oňyn  özgerişlikler milli medeniýetimizi we sungatymyzy, asyrlardan-asyrlara aşan aýdym-sazymyzy ösdürmäge doly mümkinçilik berýär. Dilinde sözi, golunda sazy bolan ruhubelent ata-babalarymyz göwünlere ganat, kalplara rahatlyk berýän aýdym-sazlary ýaşlarda Watana, halka, ata-enä, il-güne, durmuşa we tebigatyň gözelliklerine bolan söýgini terbiýelemekde ýerlikli ulanmagy başarypdyrlar. Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýokdur. Çünki ylymda, bilimde adamzadyň uzak geçmişi, şu güni hem-de nurana geljegi jemlenýär” [1, s.312] diýip belleýän mähriban Arkadagymyz gülläp ösýän Diýarymyzda mekdeplerdäki okadylýan sapaklaryň okadylyşyna berilýän ünsi ösdürmegi ündeýär.

Ösüp gelýän ýaş nesle saz terbiýesini bermeklige döwlet derejesinde ähmiýet berlip, oňa baý ruhy we medeni dünýägaraýyşly täze bir şahsyýetiň döremeginiň serişdesi hökmünde garalýar. Körpeleriň medeniýetli adamlar bolup ýetişmekleri üçin olaryň ruhy medeniýetini saz sungatynyň serişdeleriniň üsti bilen kämilleşdirmek bolsa saz mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Çagalar saz we hor toparlarynyň başga ýurtlarda çykyşlarynyň guralmagy, saz mugallymlaryna tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi saz terbiýesiniň  berilmeginiň usullarynyň has-da baýlaşmagyna getirýär. Sebäbi dünýäniň köp ýurtlarynda çagalara saz terbiýesini bermeklikde baý tejribeler toplanandyr. Daşary ýurt mekdeplerinde saz sapaklaryny okatmagyň guralyşy, mekdep we mekdepden daşary işleriň görnüşleri we olaryň ýerine ýetiriliş usullary bolsa saz mugallymlarynda uly gyzyklanma döredýär.

Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmeginde, olaryň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde mekdeplerde okadylýan aýdym-saz sapagynyň tutýan orny uludyr. Bu sapagyň talabalaýyk okadylmagy sapagy özleşdirýän  her bir mekdep okuwçysynda  ruhubelentlik, tertiplilik, maksada okgunlylyk, janypkeşlik, tutanýerililik ýaly  durmuşda wajyp  häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Çagalaryň sazyň jadyly dünýäsine tarap ilkinji ädimleriniň başlanýan pursady hasaplanýan saz sapagy guralanda ondan galan täsirleriň ömürlik saklanyp galmagyny, lezzet bermegini gazanmak zerurdyr. Bu sapak çagalarda estetiki duýgulary oýaryp, olaryň daşky gurşawyň gözelligini duýup bilmegine ýardam etmelidir. Çünki, adamyň durmuşynda bolup geçýän her bir ýagdaý sazda öz beýanyny tapýar [2, s.21]

Mugallymyň we okuwçynyň bilelikdäki saz-döredijilik işi  saz sapagynyň mazmunyny kesgitleýär. Her synpyň okuwçylarynyň döredijilige bolan garaýyşlary we gatnaşyklary hemme saz sapaklarynyň birmeňzeş geçmezligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Sazyň täsirine berlen okuwçynyň döredijilige bolan ymtylyşy onuň kalbynyň döredijilik äleminde gül kimin açylmagyna getirýär.  

Alty ýaşly 1-nji synpda saz sapaklarynyň ähmiýeti saz terbiýesinde aýratyn orna mynasypdyr. Sebäbi 1-nji synpda saz mugallymy bilen, onuň okadýan dersi bilen tanyşan okuwçylaryň saz sapagyna bolan islegleriniň, geljekde saz işine gatnaşygynyň, saza bolan garaýşynyň düýbi tutulýar. Ilkinji täsiriň güýçli bolýanlygyny çagalaryň okuwa başlamaklyga köp wagt taýýarlanyp, sabyrsyzlyk bilen garaşandyklary we olaryň bar ünsüniň okuwa gönükdirilenligi bilen düşündirip bolar. Mugallym birinji synpa okuwa gelen alty ýaşly çagalar bilen öňünden tanyş bolup, kimiň çagalar bagyndan, kimiň bolsa maşgalada terbiýelenip gelenligini bilmelidir. Sebäbi, çagalar bagynda terbiýelenen çagalaryň köpüsi köpçülige öwrenişen we çagalar bagynda geçilen saz sapaklarynda öwredilen birnäçe saz eserleri bilen tanyş bolýarlar. Çagalaryň saz taýýarlygynyň derejesini bilip, mugallymyň şoňa laýyklykda sapagy gurnamagy, sapagyň mazmunyny öňünden pugta pikirlenmegi zerurdyr. Ilkinji sapaklardan başlap çagalarda saza gyzyklanmany, saz bilen meşgullanmaga höwesi, saza söýgüni döretmeklik möhümdir.

Saz mugallymy okuwçylaryň saz sungaty bilen berk gatnaşykda bolup, olaryň gözelligi we şatlygy duýmaklaryny, başarnyklaryny we endiklerini yzygider kämilleşdirmeklerini saz terbiýesiniň dürli usullaryny ulanmaklyk arkaly gazanmaga çalyşmalydyr.

“Eger çagalar mugallymyň özlerine ynanýanlygyny we hormat bilen garaýanlygyny duýsalar, olar hem mugallyma ynanarlar we hormat goýarlar” [6] diýen sözlerden ugur alýan saz mugallymy her sapagy meýilnamalaşdyrmaga girişende, alty ýaşly 1-nji synp okuwçylaryna mahsus bolan käbir umumy häsiýetleri göz öňünde tutmalydyr:

-         bedeniň doly berkemändigini;

-         bir ýagdaýda oturmagyň, birmeňzeş ýerine ýetirilýän işleriň, mugallymyň sapagy uzak wagtlap düşündirmeginiň çagany ýadadýanlygyny;

-         yzygiderli endigiň ýoklugyny;

-         çaganyň ýatkeşliginiň ýitiligini;

-         çaganyň oýuna ýykgyn edýänligini; oýnyň görnüşleriniň üsti bilen aňlatmany, ünsi, ýatkeşligi işjeňleşdirip bolýanlygyny.

 

Okuw maksatnamasyna laýyklykda okatmagyň usullarynyň ulanylmagy okuw işiniň netijeli bolmagyny üpjün etmelidir. Okatmagyň usullary mugallymyň okuw prosesinde peýdalanýan tärleriniň jemidir, sebäbi mugallym bir usuly ulanýan mahaly birnäçe tärleri peýdalanmaly bolýar, ýagny, tär – bu usulyň bir bölejigidir. 1-nji synp okuwçylaryna sowgat berilýän netbuklar bolsa sapagyň düşnükli hem gyzykly görnüşde geçmegine ýardam berýär hem-de ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň, şeýle-de okatmagyň häzirkizaman usullaryny kämilleşdirmegiň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli reformalaryň içinde wajyp orun tutýandygyny görkezýär [5, s.359]. Kompýuter programmalary arkaly sapagy oýun görnüşde geçirmäge uly mümkinçilik döredilýär. Mugallym ýörite taýýarlan şekillerini aşakdaky ýaly ýumuşlaryň birnäçesini çözmeklikde ulanyp bilýär:

 Saz sapagynda esasy düşünje mugallym bilen okuwçynyň bilelikdäki döredijilik işi hökmünde kesgitlenilýär. Ilkinji saz sapagyndan başlap okuwçylarda sazy diňläp, oňa düşünmek endigini ösdürmäge çalyşmaly. Şonuň üçin hem saz çalynýan wagty okuwçylaryň  elini galdyrmaly däldigini, ünsüni başga zada sowmaly däldigini kanuna öwürmeli. Okuwçylaryň sazy diňläp, ony ähli inçeligi bilen kabul edip bilmekleri sazyň „diline“ düşünmäge  ýardam edýär, sazyň „häsiýetini“ duýup bilmekleri bolsa olaryň saza bolan söýgüsini oýarýar.

Okuwçy saz diňlän mahaly sazyň täsiri astynda öz kalbynda döreýän üýtgeşmeleri, döredijilige ymtylyşy duýmalydyr. Sazy döreden kompozitoryň we sazy ýerine ýetirijiniň döredijiligine diňleýjiniň döredijiligi hem goşulmalydyr. Okuwçylary dörediji şahsyýet hökmünde kabul edip, olaryň saz döredijilik baradaky pikirlerini diňläp bilmek, hoşmeýilli ýylgyryş bilen salamlaşmak, hoşlaşmak sapagyň täsirli geçmegine oňyn täsir edýär.

Okuwçynyň saza bolan söýgüsini we oňa düşünmegini gazanmak üçin onuň işjeňligini ýokarlandyrýan usullar: aýdym aýtmak, saz düzmäge synanyşmak, saz hakda gürleşmek,eşidiş üşügini güýçlendirmek üçin bir sazdan başga bir saza geçende ýa-da ýerine ýetirijiler çalşanda elini galdyrmak, el çarpmak, saza goşup ýöremek, bökmek ýaly hereketleri etmek, saz guralynda saz çalyp görmek ulanylýar. Saz sapaklary okuwçynyň özbaşdak pikirlenmegini ösdürip, ony döredijilige gözükdirmelidir.

Okuwçylar sazy diňläp „şadyýan“, „gaýgyly“, „ýuwaş“, „haýal“ ýaly häsiýetlendirmeler bilen diňlenen saza baha berýärler. Sapak wagtynda okuwçynyň sözleýiş intonasiýasyna üns bermek onuň psihiki ýagdaýyny (guwanjyny, begenjini, parhsyzlygyny, gaharjaňlygyny) we saza bolan gatnaşygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýagdaýlar alty ýaşly 1-nji synp okuwçylarynda has-da aýdyň görünýär.

Birinji synp okuwçylarynyň saz derejeleri deň däldir. Käbir çagalar sazy üns bilen diňläp, aýdymlary arassa we täsirli aýtmagy başarsalar, käbirleri saz diňlemekligiň, aýdymy dogry aýtmaklygyň nämedigine hem düşünmeýärler (ylaýta-da mugallym olara düşnüksiz bolan ''arassa, aýdyň'' diýen  ýaly sözleri ulananda). Käbir çagalar bolsa sazy ýörite öwrenip ýören bolýarlar, olaryň saz sowady boýunça birnäçe bilimleri bar, ýerine ýetirijilik endikleri bar, sazy örän söýýärler.

Ata-eneleri, daş-töwerekleri saza parhsyz garaýan çagalar hem saza parhsyz garaýarlar. Şu aýratynlyklaryň we mümkinçilikleriň netijesinde birinji synp okuwçylarynyň saz boýunça ösüşi birmeňzeş bolmaýar.

Şeýle-de bolsa, olara häsiýetli bolan umumy alamatlar hem bardyr:

1) sazy diňlemek, kabul etmek babatda çagalaryň mümkinçilikleri uly, olar üçin sazyň esasy žanrlary (marş, tans we aýdym) düşnüklidir.

2) olaryň öňki taýýarlyklaryna baglylykda käbiriniň aýdym aýdyş diapazony 2-3 sesden ybaratdyr, käbiriniňki  bolsa oktawadan ösen bolmagy hem mümkindir. Şunuň bilen birlikde, olaryň ses apparaty doly kemala gelen däldir. Şonuň üçin hem iş diapazony 1-nji oktawanyň  re – lýa  seslerine gabat gelmelidir. Düzgün boýunça 1-nji oktawanyň do sesini aýtmak birinji synp okuwçylary üçin kyn bolýar.

3) birinji synp okuwçylarynyň döredijilik babatyndaky ukyby ýörite bellenilmelidir. Ýörite barlaglar we tejribeler kiçi ýaşly çagalaryň dürli döredijilik ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge höwes bilen gatnaşýandyklaryny görkezýär.

Bulary nazarda tutup, mugallym sazy diňlemek, ýagny, sazy kabul etmek saz sapaklarynyň özenidigini düşündirmelidir. Sebäbi, sazy diňlemän, ony ýerine ýetirip bolmaýar. Sazy diňlemekligi başarmak okuwçynyň saz gözýetimini giňeldýär, saz, sazandalar, kompozitorlar barasynda maglumatlar berýär.

Saz diňlemek endigini ösdürmek – saz sapaklaryny okatmagyň barşynda  çylşyrymly wezipe bolup durýar. Sebäbi, olaryň biraz wagt saz diňlemegi ünsden düşürmekleri mümkin. Birinji synpda çagalar sazy umumy bitewi görnüşde kabul edýärler, olar şatlykly – gaýgyly, çalt – haýal, gaty – ýuwaş ýaly gapma-garşylykly şekilleri tapawutlandyryp bilýärler. Ýöne munuň üçin eseri başdan-aýaga diňlemelidirem öýdenoklar. Şonuň üçin, eseri dolulygyna diňlemegi we eşitmegi öwretmek saz mugallymynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Sazy diňlemekligi mugallym 4 tapgyra bölmeli:

1) Giriş sözi – mugallym okuwçylarda saz diňlemeklige ünsi, gyzyklanmany jemlemek üçin ''Häzirki diňlejek sazyňyzy nähili atlandyrarsyňyz? Näme üçin?'' ýa-da ''Siziň pikiriňizçe kompozitor şu pýessany näme üçin şeýle atlandyrypdyr?'' diýen ýaly üns çekiji sözleri ulanyp biler. Saz barada, kompozitor barada, sazy kimiňki, haýsy guralda ýerine ýetirýänligi barada gysgaça maglumat berip biler.

2) Eseri ýerine ýetirmek – mugallym ýerine ýetirýän eserini gowy bilýän bolsa, ol eseri ''janly'' ýerine ýetirýärkä-de okuwçylara arkaýyn seredip bilýär. Saz diňlenilýän wagtynda mugallymyň gözüniň çagalaryň gözi bilen duşuşmagynyň hem-de  mugallymyň ýüz keşbiniň  aýratyn ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin mugallymyň ýüz keşbi ýasama bolmaly däldir, sebäbi muny çagalar derrew duýýarlar. Saz diňlenilýän wagty mugallym asudalygy gazanmalydyr, ol synpda okuwcylar galmagal eden wagtynda-da saz çalmagy dowam etdirse, çagalarda saza hormaty we oňat garaýyşy terbiýeläp bilmez. Birinji synp okuwçylarynda saz diňlenilýän wagty ümsümligi saklamak kyndyr, munuň üçin olaryň göz öňüne getirmelerini, aňlatmalaryny işletmeklerine mejbur etmeli (''olar konsertde otyrlar''), oýun usullaryny ulanmaly (hyýalynda ''at çapmagy'', ''nyzamly ýöremegi'', ''içinden aýdym aýtmagy'' teklip etmeli). Şeýle-de mümkinçilik bolan ýagdaýynda ýörite sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň gelip saz çalyp bermekleri, olaryň sazy ýerine ýetirişleri kämil bolmasa-da, ýaşajyk diňleýjilerde örän uly täsir galdyrýar.

 3) Diňlenilen eser barada gürrüň etmek – uzak we köp sözli bolmaly däldir. Birinji synpda çagalaryň saz sözlügi olaryň sazy kabul etmekde döreýän duýgularyny dogry açyp görkezmäge mümkinçilik bermeýär. Şonuň üçin mugallym ugrukdyryjy soraglary köpräk bermeli, gürrüňiniň arasynda gerek bolan saz adalgalaryny  düşündirmeli: ''forte'', ''piano'', ''temp'', ''registr'' ýaly täze sözleri bilmek okuwçylar üçin örän gyzyklydyr. Elbetde, bular ýaly sözler köp bolmaly däldir hem-de çagalaryň diňleýän we ýerine ýetirýän eserleri bilen baglanyşykly bolmalydyr.

Diňlenilen eser barasyndaky gürrüň ýönekeý, gyzykly bolmalydyr. Mugallym okuwçylaryň nädogry jogaplarynyň üstünden gülmeli däldir, nädogry jogap üçin olara käýemeli däldir. Saz eserini diňlemegiň netijesinde hemme çagalarda eseriň ady, häsiýeti, saz aňladyş serişdeleri barada dogry düşünje döremelidir.

4) Eseri gaýtadan diňlemek – alnan täsirleri berkitmek üçin şol sapagyň özünde eser gaýtadan diňlenilýär. Çagalar  sözlerini  oňat bilýän, özlerine tanyş bolan eserleri gowy görýändiklerini olary höwes bilen ýerine ýetirmek arkaly görkezýärler. Şonuň üçinem çagalara düşnükli, ýatda galyjy eserleri saýlap almagyň ähmiýeti uludyr.

Birinji synp okuwçylarynyň saz diňlemek endiklerini dürli häsiýetdäki usullary ulanmak bilen kämilleşdirmeli, olara ''Ýaňky eser nähili owazlanýar? (şatlyklymy, gaýgylymy, asudamy?)'', ''Saz bir häsiýetde ýaňlanýarmy?''  ýaly sowallary we ''Haçan täze saz çalynsa, soňra öňki gaýtalansa ýa-da men ýalňyş çalsam eliňizi galdyryň!', ''Siz bu eseri nähili atlandyrdyňyz we näme üçin?'' ýaly ýumuşlary bermek bilen eseri diňläp kabul edişleriniň netijesini kesgitlemeli. Esasy zat, saz mugallymy şular ýaly usullary ulanmak bilen çagalary kämilleşdirmäge çalyşmalydyr.

 

 

EDEBIÝAT

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerinde tarap. Saýlanan eserler. 3-nji tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

2.     Amangeldiýew H., Amangeldiýew R. Aýdym-saz. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň  I synpy üçin synag okuw kitaby. – Aşgabat, 2013.

3.     Alyýew B. Aýdym-saz we ony okatmagyň usulyýeti. – Aşgabat, 2010.

4.     Haljanow Ş. Garaşsyzlyk pedagogikasy. – Aşgabat, 1995.

5.     ''Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň bilim reformasyny durmuşa geçirmekde täze tehnologiýalaryň orny we okatmagyň häzirki zaman usullary'' atly halkara ylmy-usuly maslahatyň makalalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2011.

6.     Апраксина О.А. Mетодика музыкального воспитания в школе. – Москва, 1983.

 

 

Л.САПАРГЕЛЬДИЕВА

Особенности проведения урока музыки у учеников-шестилеток

Данная статья посвящается урокy музыки и пения в 1 классах-шестилетках и об особенностях проведения этого урока в общеобразовательных школах, который является единственной дисциплиной музыкального образования, которую осваивают все дети. Как и всякое другое искусство, музыка оперирует художественными образами, что роднит ее с другими видами искусства и создает базу для осуществления связей с ними. Таким образом, музыка как учебный предмет, ввиду этой своей особой природы обязан иметь и свою собственную дидактику – принципы и методы, раскрывающие его специфику. В соответствии с выдвинутой концепцией музыкального образования школьников основная задача занятий музыкой в школе состоит в пробуждении у воспитанников интереса к художественной музыке, в том, чтобы учить их чувствовать, понимать, любить и оценивать музыкальное искусство, наслаждаться им; эмоционально положительно воспринимать музыку, испытывая потребность в систематическом общении с ней. 

 

 

L.SAPARGELDIYEVA

Features of the “Music”  lesson in first class of the six year old children

 

This article is dedicated to Music lessons in first class of  the six year old and the characteristics of this lesson in secondary schools, which is the only discipline of music education that all children learn. Like any other art, music operates artistic images that unites it with the other arts, and provides the basis for communication with them. Thus, music as an academic subject, in view of its special nature must have its own didactics, principles and methods that reveal its specificity. In accordance with the concept advanced by music education students the main task of making music in school is to awaken the pupils interest in art music, to teach them to feel, to understand, to love and to assess the art of music, enjoy it; emotionally positively perceive music, feeling the need for a systematic dialogue with her.