Объявления сайта

Programirleme dillerini ulanyp "Turkmenistanyn medeniyeti we taryhy" atly web sahypasyny doretmek.

 
Picture of Musa Ýazymow
Programirleme dillerini ulanyp "Turkmenistanyn medeniyeti we taryhy" atly web sahypasyny doretmek.
by Musa Ýazymow - Monday, 27 June 2022, 3:10 PM
 

                                                         M.Ýazymow

PROGRAMMIRLEME DILLERINI ULANYP “TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝETI WE TARYHY ATLY WEB SAÝTY DÖRETMEK

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim barada şeýle belleýär: “Bilim täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir. Biz dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilimli, ylymly, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky aladalarymyz jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna, bilimleriň we hünärleriň çuň özleşdirilmegine oňyn täsir edýär”. [1]

Häzirki zaman kompýuter tehnikasynyň ösmegi we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dünýäde täze ýaşaýyş ugurlarynyň döremegine getirdi. Tehnikanyň yzygiderli ösmegi täze programmalaryň döremegine getirdi. Her ýyl ornaşdyrylýan  täze programmirleme dilleriniň sany uly tizlik bilen artýar. Olaryň herbiri niýetlenen ugra gönükdirlendir. Edil kompýuterleriň ösmegi bilen bir hatarda kompýuter torlary hem ösýär. Eger mundan birnäçe onýyl öň Internet bir kiçi hususy tor görnüşinde görünen bolsa, indi bu belki-de biziň durmuşymyzy şonsyz göz öňüne getirip bolmajak örän uly özara baglanan kompýuterler ulgamy bolsa gerek.

Häzirki wagtda dünýä boýunça web esasly tehnologiýalaryň uly tendensiýasy bar. Muňa subut hökmünde web-yň front-end/back-end ugrunda gurallaryň köpelmegi we ösmegi bilen düşündirilýär. AngularJS, V8 esasly NodeJS we onuň esasynda ýüzlerçe gurallar, PHP, Ghost, NoSQL, MySQL muňa mysal bolup biler.

Bu tehnologiýalaryň ählisi hem täze standarta - HTML5-iň gelmegi sebäpli täze özgerişe eýe boldy. HTML5 bu bir tehnologiýa däl, birnäçe tehnologiýalaryň jemi - ýagny html, css3 we Javascript(EcmaScript 5)  esasynda düzülen.

PEÝDALANYLAN PROGRAMMIRLEME DILLERI.

PHP programmirleme dili. PHP programmirleme dili, yörite Web üçin taslanan skript dildir, HTML sahypasynyň çäklerinde sahypa her girilende işläp durjak PHP koduny ornaşdyryp bilýärsiňiz. Siziň PHP koduňyz Web serwerde terjime edilip (maşyn diline öwrülip), HTML - ny emele getiryär ýa-da ulanyjynyň görüp biljek netijesini gaýdyp berýär. PHP, 1994 - nji ýylda Rasmus Lerdorf tarapyndan oýlanyp tapyldy. PHP başga bimäçe ukyply adamlar tarapyndan öwrenilip, özgerdilipdir we 3 gezek gaýtadan ýazylyp (düzülip) köpçülige ýaýradylypdyr. 2001-nji ýylyň ýanwar aýyndaky görkezmelere göra, bütin dünýäde 5 mln ulanyjydan gowrak adam sany bu programmany ulanýar we bu san gün – günden artýar. [6]

         PHP açyk kodly programmadyr. Bu programmanyň kody her kim üçin elýeterlidir. Siz programmanyň koduny jogapkärçiliksiz ýagdaýda ulanyp, üýtgedip we paýlap bilersiňiz. Başda PHP gysgaltmasy – Personal Home Page diýmegi aňladypdyr, emma soň onuň ady üýtgedilip, şu wagt PHP – PHP Hypertext Preprosessor diýmegi aňladýar. Şu wagt esasy görnüşi PHP 4. Bu görnüşde programmanyň dilinde birnäçe üýtgeşmeler girizilendir. [5]

MySQL DBMS

MySQL – bu maglumatlary toplumlarynyň dolanyşygyny ýerine ýetirýän kompýuter maksatnamasydyr. MySQL kompýuter maksatnamasy proektiň maglumatlaryny strukturlanan görnüşde ýatda saklamaga, üýtgetmäge, gerek bolan maglumatlary saýlap alma we ş. m. mümkinçilikleri öz içine alýandyr. MySQL kompýuter maksatnamasynyň giň ýaýramagynyň birnäçe sebäpleri bar, olara dürli görnüşli tablisa modelleriniň barlygy (My ISAM, Inno DB), örän köp programmirleme dilleri bilen baglamak üçin gerekli bolan kitaphanalarynyň barlygy, dürli operasion ulgamlar üçin taýýarlanandygy we ýene-de ençeme sebäpleri bardyr. [3]

$db = "database1";

 $link = mysql_connect("localhost", "username", "password");

 mysql_select_db($db, $link);

//Hiç hili maglumat gaýtarmaýan soraglama

mysql_query ("INSERT INTO `table1` ('val1', 'val2')",$link);

 //Maglumat gaýtarylan soraglama

 $soraglama = mysql_query("SELECT * FROM `table1`",$link);

SELECT soraglamasyndan maglumatlary almagyň birnäçe görnüşi bar.Meselem aşakda bir usuly görkezilen:

$db = "db1";

$link = mysql_connect("localhost", "user", "pass");

mysql_select_db($db, $link);

 $result = mysql_query ("SELECT val1, val2 FROM tbl1");

Biz web sahypalarymyzy ýazanymyzda köplenç maglumatlarymyzy saklamak üçin maglumatlar toplumyny ulanmaly bolýar. MySQL-de bir maglumat toplumyny döretmek üçin CREATE DATABASE buýrugy ulanylýar. Şu aşakdaky ýaly ýazylýar:

CREATE DATABASE magl_baz_ady; [4]

HTML dili (iňl. Hypertext Markup Language)– bu dil kodlarynyň toplumy bolup, ol web sahypada ýazgylaýyn we grafiki maglumatlary hem-de bașga resminamalara geçmäge gerek bolan baglanyșykly ýazgylary döretmeklik üçin ulanylýar. HTML dili programma düzmegiň doly derejeli dili däldir, onuň diňe maglumatlary monitoryň ekranyna çykarmak üçin belli bir kodlar toplumy bar. Web sahypa döretmek iși așakdaky basgançaklardan ybaratdyr:

1.Web sahypanyň haýsy maksatlar üçin döredilýändigini kesgitlemek.

2. Maglumatlary ýygnamak.Elektron maglumatlar, esasan-da, üç formatda

taýýarlanylýar:

Word redaktorynyň dokumentleri;

HTML dokumentler;

PDF formatly dokumentler.

     HTML (Hypertext Markup Language) - bu bütindünýä kompýuter torunda ulanylýan “maglumatlary ýerleşdirme” dilidir. Bu dilde bütindünýä kompýuter torunda ulanylýan web saýtlar we web dokumentler taýýarlanýandyr.

     HTML programmirleme dilinde taýýarlanan islendik web sahypa (dokument) teglerden (“teg”) ybaratdyr. Her bir teg bu diliň bir komandasy hökmünde kabul edilip biliner.

CSS (Cascading Style Sheet) dili CSS (CascadingStyleSheet) - bu "maglumatlary ýerleşdirme” diliniň (HTML) kömegi bilen taýýarlanan web sahypanyň (dokumentiň) daşky görnüşini sazlamak üçin niýetlenen dildir. Esasan ulanylýan görnüşine CSS 2 girýän bolsa-da, şu döwürde CSS 3 uly gyzyklanma bildirilýär. Sebäbi bu görnüşinde animasiýa, effekt elementleri goşulandyr. [6]

1.     Eger-de CSS dilinde taýýarlanylan sazlamalar aýry faýlda ýerleşen bolsa, onda HTML diliniň <link> teginiň kömegi bilen baglanyşdyrylýar.

<link rel-"stylesheet" type="text/css" href="style. css"/>

2.     HTML dilinde taýýarlanylan web sahypanyň içinde <head> böleginde: [6]

<style>

<style>

3.     HTML dilindäki tegiň içinde:

<p style="font-size: 21px; color: green;">Salam</p>

Eder-de biz CSS dilinde taýýarlan sazlamalarymyzy XML gönüşli dokumente baglajak bolan ýagdaýymyzda, XML dokumentimizde aşakdaky görnüşde buýruk (command) bermelidiris.

<? xml-stylesheet type="text/css" href="style.css" ?> [2]

JavaScript programmirleme dili. Javascript dili prototipleýin işleýän skript programmirleme dilleriniň biridir. Bu dil ECMAScript programmirleme diliniň dialekti hökmünde kabul edilýär. Bu programmirleme dili esasan web sahypalara interaktiwlik häsiýetini bermek üçin ulanylýar.Javascript dili obýekt – orientirlenen programmirleme dili bolsa-da, onda ulanylýan prototipleme mümkinçiligi başga obýekt-orientirlenen programmirleme dillerinden tapawut berýändir. [4]

 

           Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş                                            Kabul edilen wagty                

        uniwersiteti

 

EDEBIÝATLAR:

1.                 Gurbanguly Berdimuhamedow. Paýhas çeşmesi. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.

2.                 Dr Atwell Suite, HTML Course, 2000.

3.                 PHP and MySQL Web Development, Luke Welling and Laura Thomson

4.                 Gabor Hojtsy, PHP Manual, 2006.

5.                 Bill Hamilton .Programming SQL Server 2005.

6.                 Sams. Teach. Yourself. Web Publishing with. HTML and CSS in One Hour a Day 5th Edition, 2012.

  Yazymov Musa (Turkmenistan)

 

CREATION OF A WEBSITE “CULTURE AND HISTORY OF TURKMENISTAN” USING PROGRAMMING LANGUAGES

         There is a huge trend of web-based technologies around the world today. This is evidenced by the proliferation and development of tools for the front-end / back-end of the web. AngularJS, V8 or NodeJS which we use for testing, PHP, Ghost, NoSQL, MySQL and other applications. All of these technologies have changed since the advent of the new standard - HTML5. HTML5, but with a different technology, with a different technology - simple HTML, css3 and JavaScript based.

This web site is made for the first time. Goal of this work about a great importance of National Heritage of Turkmen Culture and History. This new web site composed with usage of programming languages; “PHP”, “MySQL”, “HTML”, “CSS”, “JavaScript”. The scientific aim of this work is to combine digitalization with education. 

 

Язымов Муса (Туркменистан)

 

СОЗДАНИЕ САЙТА КУЛЬТУРА И ИСТОРИЯ ТУРКМЕНИСТАНА” С ИСПОЛЬЗОВАНИЕМ ЯЗЫКОВ ПРОГРАММИРОВАНИЯ

Сегодня во всем мире существует огромный тренд веб-технологий. Об этом свидетельствует распространение и развитие инструментов для веб-интерфейса/бэкенда. AngularJS, V8 или NodeJS, которые мы используем для тестирования, PHP, Ghost, NoSQL, MySQL и другие приложения. Все эти технологии изменились с появлением нового стандарта — HTML5. HTML5, но с другой технологией, с другой технологией - простой HTML, CSS3 и основанный на JavaScript.

Этот веб-сайт создается впервые. Цель этой работы - большое значение национального наследия туркменской культуры и истории. Этот новый веб-сайт создан с использованием языков программирования; PHP, MySQL, HTML, CSS, JavaScript. Научная цель данной работы – совместить цифровизацию с образованием.