Объявления сайта

TÜRKMENISTANYŇ ŽURNALISTIKASY – HEMIŞELIK BITARAPLYK TAGLYMATYNYŇ BAÝ MAZMUN ÖZENI

 
Picture of Gözel Pirmuhamedowa
TÜRKMENISTANYŇ ŽURNALISTIKASY – HEMIŞELIK BITARAPLYK TAGLYMATYNYŇ BAÝ MAZMUN ÖZENI
by Gözel Pirmuhamedowa - Monday, 27 June 2022, 3:03 PM
 

TÜRKMENISTANYŇ ŽURNALISTIKASY – HEMIŞELIK BITARAPLYK TAGLYMATYNYŇ BAÝ MAZMUN ÖZENI

 

Журналистика Туркменистана – фундаментальная базовая идеология постоянного Нейтралитета

 

Новости, созданные в жанре современной журналистики, являются явным показателем развитии экономической сферы нашей Нейтральной Родины. Достижения в экономике и других сферах по руководству нашего уважаемого Президента даёт вдохновение по созданию гениальных идей в журналистике. Благодарность в адрес нашего уважаемого Президента за его бесконечные подвиги для нашей Родины являются главной идеей современной журналистики.

 

 

Journalism of Turkmenistan – is the fundamental base ideology of permanent Neutrality

 

News created in the genre of modern journalism is a clear indicator of the development of the economic sphere of our Neutral Motherland. Achievements in the economy and other spheres under the leadership of our esteemed President give inspiration to create brilliant ideas in journalism. Gratitude to our esteemed President for his endless exploits for our Motherland is the main idea of modern journalism.

 

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty – türkmen žurnalistikasynyň ösüşinde milli ruhy taglymaty esaslandyrdy. Bu milli ruhy taglymatyň many-mazmuna baý jöwhermaýa gönezligi bolsa 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan güni Ählihalk sala-salşygy esasynda ildeşlerimiz tarapyndan bir agyzdan kabul edilen   «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» [2], [3] Beýannamasyndan gözbaş alýar.  Beýannamada: «Türkmenistan daşary syýasatda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk prinsiplerine daýanýar» [3] – diýen kada bar. Diýmek, «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» Beýannama ýurdumyzyň Birleşen milletler guramasy tarapyndan iki gezek – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji 3-nji iýunynda  ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmaklygynyň paýhas çeşmesi bolup durýar.

Hakykatdan-da, ata-babalarymyzyň pähim-parasadyna ýugrulan akyl-paýhas çeşmesi –  «Ata-Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Dek gezen dok gezer, telek gezen taýak iýer», «Dek adam dynç uklar», «Dostuň dost bolsun, hasabyň – dürs», «Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar», «Hormat etseň, hormat görersiň», «Hoş söz gahary ýeňer», «Uruş ite ýagşy», «Ynsap hulky – ynsan görki», «Ýagşa ýagşy diý, bereketi artsyn, Ýamana ýagşy diý, pälinden gaýtsyn», «Ýagşy tutgun päliňi, it gapmasyn donuňy», «Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner», «Ýagşylyk isleseň, ýagşylyk et», «Ýagşylyk – ýamanlygyň galkany» [4] ýaly türkmen halk nakyllary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň baý mazmun gönezligi bolan «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» Beýannamasynyň milli esasyny düzýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen halky bu Beýannamanyň daşary syýasatda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýaly bitaraplyk kadalaryny öz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan ýarym ýyl soň – 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul eden Konstitusiýasynyň 6-njy maddasyna-da [5] milli ýörelgeler hökmünde girizdi. Bu milli ýörelgeleri bolsa hökümetimiz ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza eýe bolmaklyk üçin alyp baran döwlet syýasatynyň düýp esas özenine öwürdi.

         Şol ýyllarda döwletimiz «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» Beýannamasynyň milli Bitaraplyk taglymyna esaslanýan daşary syýasatyny ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň üsti bilen üstünlikli amala aşyrdy. Habar beriş serişdeleriniň bu ugurdaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakdaky ähmiýetiniň örän uludygy, ony hiç zat bilen ölçäp bolmajakdygy hemmä mälimdir. Çünki, žurnalistika «Sebit žurnalistikasynyň taryhy» atly okuw gollanmasynda bellenilişine görä, jemgyýetiň medeni ösüşiniň bir bölegi hasaplanylyp, onda ýurduň syýasy hem jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pudaklaryndaky ähli öňe ilerlemeleri edil aýnada ýaly görünýär. [6] Hut şu nukdaýnazardan-da, žurnalistlerimiz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, döwletimiziň «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» Beýannamasyna esaslanýan milli Bitaraplyk taglymynyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, parahatçylyk we goşulyşmazlyk ýaly türkmen halkyna mahsus ajaýyp ýörelgelerini  ýurdumyza we bütindünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak, diýseň uly işleri bitirdiler hem-de 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolup geçen Birleşen milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisiniň «50/80A» belgili Rezolýusiýasy esasynda 185 döwlet tarapyndan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmegine çäksiz goşant goşdular.

           Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, şu günümize çenli ata-babalarymyzyň milli Bitaraplyk taglymynyň esasynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, henize çenli görlüp-eşidilmedik özgerişlikler we öňegidişlikler häzirki zaman türkmen žurnalistikasynyň «publisistika» žanrynyň ösmegine diýseň uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýlelik bilen, bu žanr žurnalistlerimiz tarapyndan häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň esasynda alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan»  atly kitabynda: «Hemişelik Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» [1] – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň düýp kökünden – milletbaşymyz Oguz han atamyzyň milli taglymyndan gözbaş alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiziň geçmişimizde orta asyrlara çenli dowam eden türkmen döwletleriniň berk binýadyna öwrülendigine žurnalistlerimiz has içgin düşünýärler. Olaryň metbugat sahyplaryndaky habarlarynda türkmen halkynyň XVI – XIX asyrlardaky döwletsizlik döwürlerinde-de  nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň baky Bitaraplyk taglymynyň – parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyk ýol-ýörelgeleriniň, şol döwürleriň öňe çykaran beýik akyldar şahsyýetleriniň şahyrana pikir garaýyşlarynyň esasy mazmun ülüşini düzendigi baradaky taryhy hakykat täsin maglumatlaryň esasynda diýseň düýpli beýan edilýär. Hakykatdan-da, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Magrupy, Seýitnazar Seýdi, Annagylyç Mätäji, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Zelili ýaly türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň döredijiliginiň içinden hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy mazmun özenini düzýän parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, goşulyşmazlyk taglymlary eriç-argaç bolup geçýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň bu ideýalary Mollanepesiň edebi mirasynda has içgin ýüze çykýar. Onuň «Ner gezgin»  atly şygrynda:

                                   Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,

                                   Birisine gep berip, ol birine al berme – diýen setirlerinde Bitaraplyk ideýasynyň goşulyşmazlyk düşünjesi öz beýanyny tapýar. Türkmen žurnalistleri bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň esasynda bu taryhy hakykaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bütindünýä jar edýärler.  «Žurnalistikanyň ussatlygy» atly mysaly okuw gollanmasynda: «Häzirki wagtda dünýä ýurtlary metbugatymyzdan, teleradiogepleşiklerimizden alnan habarlardan ugur alyp, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanymyzda alnyp barylýan işlere baha berýär» [7] – diýlip bellenmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman žurnalistikasynda ylmy esasly gurluş, ykdysady ösüş, ruhy taýdan galkynyş syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň üç sany möhüm esasy faktordyr. Döwletimizde ilatyň durmuş goraglylygy, özgerişi, ösüşi ýaly meseleler jemgyýetiň abadan ýaşaýşynyň, üpjün durmuşynyň özen esasydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň baky dabaralanmasy bolup durýan bu hili sosial-ykdysady goraglylygymyzy, beýik özgertmelerimizi, ösüşlerimizi we galkynyşlarymyzy häzirki zaman türkmen žurnalistikasynyň «publisistik» žanrynda ylham, hyjuw, joşgun bilen beýan etmegiň özüniň žurnalist üçin ruhy lezzeti, şeýle hem ony okyjylar köpçüligine ýetirmegiň bolsa terbiýeçilik we öwredijilik ähmiýeti has uludyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmen žurnalistikasyny halkara derejesinde ösdürmeklik nazara alnyp, diýseň uly işler alnyp barylýar. Bu ugurdan ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilim bermek, žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatdaky meselere-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde aýratyn üns berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň iş şertleri häzirki zamanyň döwrebap mümkinçilikleriniň esasynda gowulandyryldy.

 

 

Peýdalanylan edebiýatlar:

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan. – A.:TDNG. 2014.

2.     Garaşsyzlygyň ynamly gadamlary. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw fondy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky  Baş arhiw uprawleniýasynyň Ylmy merkezi, 1996.

3.     Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň maglumatlary. 1990. 

4.     Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005.

5.     Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – A.:, Ruh. 1993.

6.     Çaryýewa G. Sebit žurnalistikasynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.  – A .: TDNG. 2010.

7.     Goçmyradow H., Seýitmedow B. Žurnalistikanyň ussatlygy. (döredijilik studiýalarynyň işleri). Ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça okaýan talyplar üçin mysaly okuw gollanmasy. –A., Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.