Объявления сайта

Dilewarlyk sungatynyň taryhy nusgalary

 
Picture of Göwher Gylyçmyradowa
Dilewarlyk sungatynyň taryhy nusgalary
by Göwher Gylyçmyradowa - Monday, 27 June 2022, 3:00 PM
 

Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky aladany, olara ýokary derejede bilim-terbiýe bermek işini Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ösüp gelýän ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermek, ýurduň geljekki eýelerini bilimleri özleşdirmäge, ylmy döredijilige höweslendirmek, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bu syýasatyň özenini düzýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belläp geçýär: “Döwrebap bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň hünär ussatlyklary, öňdebaryjy iş usullary bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyk pikirlenýän zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir” [1].

Adam durmuşda näme bilen meşgul bolsa-da, haýsy ugurda zähmet çekse-de, ol beýleki adamlar bilen habarlaşmaly, sözleýiş aragatnaşygyny ýola goýmaly bolýar. Dogry we täsirli sözleýiş, öz garaýşyň hakykydygyna beýlekileri ynandyryp bilmek başarnygy, çekişmä ýerlikli gatnaşyp bilmek ukyby – bularyň hemmesi islendik adamyň bilim derejesiniň, edep-ekramynyň, medeniýetli şahsyýetdiginiň görkezijileri bolup, ol häsiýetler dilden sözleýişde-de, ýazmaça sözleýişde-de ýüze çykýar. 

Köpçüligiň öňünde çykyş etmek sungatyny özleşdirmegi maksat edinen islendik adamyň ritorikanyň taryhyndan, nazary ýörelgelerinden, meşhur akyldarlaryň dilewarlykda miras galdyran sözleýiş nusgalaryndan habarly bolmagy zerur. Geçmişde gazanylanlaryň öwrenilmegi, jemgyýetde garaýyşlaryňy ynandyryjylykly beýan etmegiň, ylmy döredijiligiň üstünlikli bolmagyny şertlendirýär. Halkyň geçmişine ser salman, onuň medeniýetine düşünip bolmaýşy ýaly, taryha ýüzlenmän, häzirki zaman dilewarlyk sungatynyň düýp mazmunyna düşünmek asla mümkin däldir. 

Türkmeniň ajaýyp dilewarlyk sungatynyň gadymy kökleriniň bardygyna, beýik şahsyýetlerimiziň bu ugurda goýan baý mirasynyň şu günki nesilleriň dünýägaraýşyna ýetirýän täsirine hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren gymmatly eserlerinden göz ýetirip bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda dilewarlygyň türkmene mahsus nusgalary her sahypada diýen ýaly duş gelýär. Bu eserde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen sözleýiş medeniýetiniň özboluşly ulgamy, pähim-parasada beslenen sözlük düzümi hem-de durmuş pelsepesi jemlenendir. Edebi diliň baýlyk gorunyň we çeper tärleriň giňden ulanylmagy hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynda beýan edilýän wakalaryň has ynandyryjylykly, iňňän täsirli bolmagyny, munuň netijesinde hem eseriň söýlüp okalmagyny şertlendirýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň bu romany we beýleki kämil mazmunly eserleri häzirki zaman türkmen dil biliminiň we edebiýatynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Hormatly Döwlet Baştutanymyz çeperçilik serişdesi hökmünde täze sözler bilen bir hatarda ata-babalarymyzyň baý söz mirasyny, durnukly aňlatmalaryny, pähim-paýhasa ýugrulan beýleki dil serişdelerini  öz çeper eserinde ussatlyk bilen ulanýar. Belli bir taryhy döwri aýdyň häsiýetlendirýän mysallar eserde örän köp: raýon wekili, wepat bolandygy, ýurduny täzeledi, ýokardan gelen habara görä, gyş agyr geljekmiş, näme ýyrşarýarsyň? – ýatlap ýylgyraýdym, işini bitirdi, ýelmäpdir, «Foýer! Ot aç!», Hanguly janyň kakasy, kolhoz başlyklary we ş.m.

Asyrlaryň dowamynda bilim ulgamynyň esasyny düzýän ritorika taglymatynyň ýörelgelerini we tärlerini häzirki döwürde öwrenmek möhüm ähmiýete eýe, sebäbi dilden aýdylýan sözüň, dilewarlygyň, dialogyň orny elektron tehnologiýalar döwründe sözleýiş medeniýetini terbiýelemekde örän uludyr. 

 “Görogly” şadessany şowhunly çeper dili, adamlardaky gülküli häsiýetler, degişmeler bilen tapawutlanýar. Görogly adamlaryň hersiniň häsiýetine görä söz tapýar. Görogly gepe-söze ökdeligi bilen päli bozuk adamlara-da göz görkezýär. “Görogly” şadessanynyň gahrymanlary, esasan-da Görogly gahar-gazabyň, ýaňsy-degişmäniň nirede ulanylmalydygyny bilýär. Tagsyr, patyşahym, ur-öldür ýaly sözleriň ulanylmagy şol wagtyň jemgyýetinde kabul edilen sözleýiş medeniýetine mahsus alamatlardan habar berýär. Görogly şadessanynda meňzetme, sypatlandyrma ýaly janlandyrmanyň üsti bilen hereketleriň yzygiderliligi çeper beýan  edilýär. Munda deňdeş agzalaryň hyzmaty bilen (şeşmer – aýpalta, çiginler, aýjyklar, çukanaklar) pikir çeper häsiýetde beýan edilýär: “Pah, Böri ýaly zaňňarlar, gylyjyň pyşdasy bilen ur, şeşmer-aýpalta bilen ur — çopanlaryň çiginlerini, aýjyklaryny,ýeňse çukanaklaryny gök-dalak etdiler. Şondan soňra adama bir öwejiň ýeňsesinden penjäni uraga-da, atyň öňüne kese basyp gaýdyberdiler”. Şadessanda ulaltma, kiçeltme, meňzetme, deňeşdirme, antonimler, frazeologizmler, modal sözler ýaly çeperçilik serişdelerden ýerlikli peýdalanylýar: “80 goýnuň derisinden içmegiň, 40 goýnuň derisinden-de telpegiň bolmagy” ulaltmadyr. Göroglynyň Agaýunusy almaga gidende, perizadyň ýolunda ýatan aždarhany gylyjy bilen bir uranda iki bölüp taşlamagy, alty aýlyk ýoly alty günde geçmegi-de hyýaly ulaltmadyr. “Agzy dagyň gowagy”, “murty kürräň guýrugy” ýaly deňeşdirmeleriň ulanylmagy ýa-da burnuň susaga, gözüň guýa, kelläniň tamdyra meňzedilmegi göwrüm ululygyny, äpetligi, eýmençligi görkezmek maksady bilen ulanylan serişdeler. Şadessanda gahrymanyň daşky sypatyny häsiýetlendirmekde ulanylýan käbir deňeşdirmedir meňzetme onuň içki dünýäsini açmakda-da ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşligi alyp barma başarnygy, umuman dilewarlyk – uly güýç, oňa eýe bolan adam döwürdeşleriniň arasynda abraý gazanýar, hormata mynasyp bolýar. Dilewarlygyň ajaýyp nusgalary gadymy döwürlerden bäri dünýäniň ähli künjeginde adamyň artykmaçlygyny, parasatlylygyny tassyklaýan deliller bolupdyr. Hut şu sebäpden hem baryp gadymy grek jemgyýetinde-de akyl-paýhasy türgenleşdirmäge (“paýhas maşklary”) uly ähmiýet berlipdir.

Gadymyýet bilen gyzyklanan alymlaryň köpüsi şol döwrüň akyldary Sokratyň aýratyn sungatyň – meşhur ýaňsylama ussatlygynyň eýesi bolandygyny belläp geçýärler. 

 Söhbetdeşiňe sorag bermek we onuň jogaplarynyň ýalňyşdygyny subut edip onuň boýnuna goýmak görnüşindäki dialogy alyp barmagyň usulyny ady asyrlar aşyp, biziň döwrümizde-de hormat bilen tutulýan beýik gadymy grek akyldary Sokrat ulanypdyr. Sokratyň söhbetdeşlikleri henize çenli hem bizi tolgundyryp bilýär, olar özüne çekijiligini saklap, köp zatlary öwredýär, oýlanmaga mejbur edýär. 

“Sokrat dialogy” diýen ady alan dialogyň gadymy nusgasy netijeli kommunikasiýanyň täri hökmünde henize çenli meşhurdyr. Bu nusganyň düýp mazmuny şeýle teswirlenýär: Mesele boýunça oňaýly çözgüdi almak üçin ony üçünji ýere goýuň, onuň öňünde iki gysga, gürrüňdeş üçin ýönekeý, size kynçylyksyz “hawa” diýip jogap beräýjek soraglary beriň. Öňündäki soraglar gürrüňdeşi ýadatmazlyk we köp wagty almazlyk üçin gysga bolmalydyr.

Akyldar öz gürrüňdeşini deň derejede hem ynandyryp, hem onuň pikirini üýtgetdirip bilipdir. Ol bolup geçýän zatlardan dessin netije çykarmagy ýollaryny salgy beripdir. Platonyn dogany Glawkon döwlet isleri bilen mesgullanmagy niýetine düwüp, pikirlerini aýan eden-de, onun tejribesiniň ýetmezçilik edýändigini subut edip, Sokrat pälinden dändermegi başarypdyr (bu barada Ksenofontyň ýazgylarynda maglumat berilýär). Harmidi akyldaryň tebigy zehinini şeýle beýan edýär: “Ömrüniň ahyrynda, ýarawsyz ýatan Sokratdan biri hal-ahwal soraşypdyr. Akyldar hem oňa “Hemme zat gowulyk: men oňatlaşsam, has köp içigara gazanaryn, ölsem bolsa, – has köp dost” diýip jogap beripdir” [5].

Sokratyň dilewarlygy delillendirmek usuly iňňän peýdalydyr. Ol pikirlenmäge mejbur edýär, pikiri nädip tertipli aňlatmagy, tankydy pikir ýöretmegi, anygyna ýetilmedik delilleri we garaýyşlary şübhe eleginden geçirmegi öwredýär.

Akyldaryň ömür beýanyndan onuň ýiti çekişme häsiýetli şahsyýet bolandygyny tassyklaýan şeýle bir mysala ýüzlenip bolar: Sokratyň aýaly oňa “Sen günäsiz dünýäden ötýärsiň”, - diýende: ... “Sen meniň günäli bolup dünýäden gaýtmagymy isleýärmiň?” – diýip, adamsy ajy söz aýdyp jogap beripdir [5 с. 114].

Sokratyň çekişme tilsimler ulgamy üç tapgyrdan ybarat pikir ýöretmäni öz içine alýar: 1) ylalaşma (gürrüňdeşiň has oňşukly bolmagyny gazanmak); 2) şübhe (öz garaýşyňy beýan etmek); 3) delillendirme (gürrüňdeşiň aýdýanlaryna has netijeli çemeleşmäni tapmak). Akyldar hiç haçan “Sen mamla däl!” diýmeli däldigini tekrarlapdyr. 

Sokrat öz dialogynda anyk yzygiderlilige eýeripdir: ilki ýeňil ýaly görünýän meseleleri goýmak (mysal üçin, ýagşylyk näme diýmek), şol bir wagtyň özünde özüni bu meseleleri çözüp bilmeýän bolan bolup, garşydaşyň ukyplaryny çendenaşa taryplamak. Şeýlelik bilen, ol gürrüňdeşini ilki bilen öz nazaryýetini düzüp mälim etmäge iterýär (gizlin garşylyk), soňra çekinmän, öz garaýşyndan dänmäge mejbur edýär. Sebäbi söhbetdeş Sokratyň puja çykaryp bolmajak delillerine jogap tapmaýar. 

Sokratyň şägirdi hasaplanylýan biri Platon (Eflatun) – Gadymy Gresiýanyň iň meşhur akyldarlarynyň, dilewarlygyň ajaýyp nusgalaryny döreden şahsyýetleriň biri hökmünde taryhda yz galdyrypdyr. Ol dilewarlygyň görelde alarlyk eserlerini döretmegiň ussady hökmünde “Gorgiý” atly dialogy adamzat medeniýetine peşgeş goýupdyr. Gorgiý bilen çekişmä girişip, Sokrat söhbetdeş garşydaşynyň şahsy garaýyşlary bilen dilewarlykda beýan edýän pikirleriniň arasyndaky çaprazlygy paş etmäge synanyşýar. Gorgiý ritorika esasan ynandyrma ýörelgesinden ugur almaly diýip hasap edýän bolsa, Sokrat oňa garşy çykyp, şeýle garaýşyň diňleýjiniň çäklendirilmegini ündeýän hadysadygyny delillendirýär.  

Gadymy Gresiýada oratorlyk sungatynyň iň ajaýyp ussatlarynyň biri hem Demosfen hasaplanýar. Gul eýeçilik döwrüniň baý gatlagynyň wekilidigine garamazdan, ol jemgyýetde demokratik gurluşyň tarapdary bolupdyr. Ritorika Demosfene ylahy berlen iş, bu sungat ony oratorlyk sungatynyň halypasy, oratoryň nusgasy derejesine ýetiripdir. Taryhy maglumatlara görä, bir gezek Demosfeniň ýanyna bir adam gelipdir-de, özüniň aýylganç ýenjilendigini gürrüň berip, ondan kazyýetde tarapyny tutup çykyş edip bermegini haýyş edipdir. Demosfen oňa ýüzlenip, “Saňa hiç zat bolmandyr-a!” – diýipdir. “Maňa hiç zat bolmandyrmy?!” – diýip, ol adam gygyrypdyr. Demosfen: “Keramatly Zewsden ant içýärin, ine, indi men namysyna deglen we ejir çeken adamdygyňa göz ýetirdim” – diýipdir. Ol sözleriň degişli äheňde, belentlikde aýdylmagy diňleýjide şübhe goýmandyr. 

Dünýäniň köp halklarynda bolşy ýaly, türkmen halky hem gadymy wagtlardan bäri dilewarlygyň ajaýyp nusgalaryny döredipdir. Dessanda oguzlaryň ähli işlerine ýolbaşçylyk edýän Oguz han hemişe söz bilen iş salşypdyr. Ol pähim-paýhasa daýanypdyr, çeper edebiýat onuň baş maslahatçysy bolupdyr. Ol uly ýurduň şasy, gylyjyny gynyndan çykarmagyň deregine, gursagyndan Allanyň salan sözlerini çykarýar. Oguz han “Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym” diýýär.

Pähim-parasaty, dana döredijiligi we dilewarlygy bilen tanalan, türkmen  edebiýatynyň  görnükli  wekilleri Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Zelili, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes,  Kemine ýaly şahyrlaryň  goşgulary köpçüligiň üýşen ýerlerinde özleri ýa-da dilewar adamlar tarapyndan okalmak bilen giň halk köpçüligine ýetirilipdir.

Keý­mir ser­dar bü­tin öm­rü­ne: «Söz bi­len dü­şü­ni­şip bol­ýar-­ka, gy­lyç syr­mak nä­mä gerek?!» di­ýen pä­hi­me gul­luk edip­dir. Keý­mir ser­da­ryň esa­sy ýa­ra­gy — şor­ta, ötgür, kä­te şe­re­be­li, da­na di­li bo­lup­dyr. Ol ur­şaýma­ly me­se­le­le­ri, da­wa­dyr jen­jel­le­ri, akyl-paý­ha­syň, sö­züň güý­ji bi­len çö­züp bi­lip­dir.  Keý­mir ser­dar sö­zi ýe­rin­de ula­nyp bil­ýän, bi­çak di­le­war adam bo­lup­dyr.

Türkmen taryhynda şahyrlaryň, ylymly, il arasynda hormatlanylýan adamlaryň,  serkerdeleriň, kethudalaryň köpçülik tarapyndan diňlenilendigine, olaryň söze çeperdigine şaýatlyk edýän maglumatlar saklanyp galypdyr.

Ylymlaryň köpüsine daýanmagy oratorlyk sungatyna mahsus häsiýet. Filosofiýa, logika, psihologiýa, pedagogika, dil bilimi, etika, estetika ýaly ylymlar ritorikanyň ösmegine we kämilleşdirilmegine hemişe ýardam berip durýan ylymlar. 

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanda milli mirasymyza, medeniýetimize, kökleri gadymdan gelýän ene dilimiziň baýlyklaryny kämil ulanmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda, ylmy we çeper eserlerinde dil medeniýetimiz, medeniýetli sözlemek barada aýratyn belläp geçýär.  

Häzirki zaman ylmynda sözleýiş sungaty boýunça öňe sürülýän garaýyşlarda talybyň şahsyýetini, onuň döredijilikli pikirlenmegini, geçmişi we häzirki döwri seljerip bilmek başarnygyny, öz şahsy netijelerini düzüp bilmegini we özüniň hususy garaýyşly bolmagyny hut dilewarlyk sungatynyň, çekişme usulyýetiniň kömegi bilen amala aşyrmagyň mümkindigi nygtalyp geçilýär. Gadymy dilewarlyk sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyň dowamynda özleşdirilen bilimler geljekde okuwda, hünär işinde we gündelik sözleýiş aragatnaşygynda-da uly kömek bolar.                

Edebiýat:

1.      Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran 519-njy karary bilen tassyklan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”.

2.      Gurbanguly Berdimuhamedow: Ösüşiň täze belentliklerine tarap. 9-njy tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. 449-njy sah.

3.      Gurbanguly   Berdimuhamedow,  “Döwlet Guşy” Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013

4.      Çaryýewa O., Çaryýewa O., Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary, Aşgabat 2014.

5.      Диоген Лаэртский, “О жизни, учениях и изречениях знаменитых философов”, Москва, 1979, 114 c