Объявления сайта

INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ IMPORTY YKDYSADYÝETI GURMAGYŇ WAJYP SERIŞDESIDIR

 
Picture of Aýnazar Aýnazarow
INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ IMPORTY YKDYSADYÝETI GURMAGYŇ WAJYP SERIŞDESIDIR
by Aýnazar Aýnazarow - Monday, 27 June 2022, 2:59 PM
 

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluna geçmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmakda baş maksady bolup durýar. Ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmekde daşary tehnologiýalaryny peýdalanmak hem wajyp ähmiýete eýedir.

       Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda daşary ýurt döwletleriň köpüsinde amala aşyrýan senagat syýasatynda milli innowasiýa ulgamyny ösdürmäge esasy orun berilýär.Ylmy-tehniki ösüşiniň möçberine, derejesine bagly bolmazdan dünýäniň hiç bir ýurdy öňdebaryjy  tehnologiýasyny peýdalanmazdan özüniň milli innowasiýa ulgamyny ösdürip bilmez. Ählumumylaşýan häzirki  dünýä ykdysadyýetiniň şertlerinde, aýratyn bir döwletde ylmy-tehniki ösüşiň ähli ugurlary boýunça ylmy barlaglary geçirmek ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmaýar. Öňdebaryjy tehnologiýalarynyň import edilmegi Türkmenistan üçin hem wajypdyr.

      Tehnologiýalaryň daşary ýurtlardan getirilmegi käbir ýagdaýlarda, onuň biziň ýurdumyzda öndüreniňden ykdysady hem-de wagt nukdaýnazaryndan amatly bolýar. Şonuň esasynda döwletiň ykdysadyýetini gysga möhletiň dowamynda diwersifikasiýalaşdyrmaklyga we ony innowasion taýdan ösdürmeklige mümkinçilik döreýär. Tehnologiýalaryň satyn alynmagy döwlet býujetinden ylmy-barlaglara goýberilýän serişdeleri ep-esli derejede tygşytlamaga hem mümkinçilik berýär.

         Dünýä tehnologiýalar bazary örän köpdürli bolmak bilen, ol içine maddy görnüşdäki (enjamlar, gurallar, maşynlar, materiallar we başgalar)  we maddy däl (tehniki resminamalar, ylmy açyşlara bolan hukuklar, nou hau, ygtyýarnamalar we başgalar) tehnologiýalar bazaryny alýar. 

         Tehnologiýalaryň sap görnüşde (maddy däl) öňi bilen, patentler, ygtyýarnamalar, nou-haular görnüşinde import edilmegi, tehnologiýany zat görnüşde import etmekden özüniň amatlylygy bilen tapawutlanýar. Birinjiden ygtyýarnamalaryň satyn alynmagy,  enjamlaryň satyn alynmagyndan az harajatlary talap edýär. Ikinjiden ygtyýarnamanyň esasynda öndürilen önümleri üýtgetmäge we kämilleşdirmege mümkinçilik bolýar, bu bolsa haryt öndürijiniň bäsleşik artykmaçlyklaryny üpjün edýär. Bularyň hemmesi ygtyýarnamany satyn alyjynyň özbaşdak barlaglary geçirmegine we ylmy-tehniki ösüşiň aýratyn ugurlarynda yza galaklygy aýyrmagyna mümkinçilik döredýär.

         Ösen döwletlerde tehnologiýanyň importynda ygtyýarnama esasy orun eýeleýär. Ýaponiýa, Günorta Koreýa şeýlede, Gündogar we Günorta Aziýanyň beýleki döwletleri özleriniň ykdysady we tehnologik yza galaklygyny ygtyýarnamanyň we nou hau-nyň üsti bilen ýeňip geçendiklerini mälim etdiler. Emma, özleriniň tehnologik mümkinçiliklerini şeýle ýokary derejä ýetendigine garamazdan, bu döwletler häzir hem işjeňlik bilen daşary ýurt tehnologiýalaryny satyn almaklaryny dowam edýärler. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, häzirki döwürde Ýaponiýanyň önümçiliginiň 30 göterimi daşary ýurt ygtyýarnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

          Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, zat görnüşinde ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilen tehnologiýalaryň möçberi  2020-nji ýylda 1698,1 mln. ABŞ-nyň dollaryna barabar bolup, onuň şol ýylyň importynyň umumy möçberinde tutýan paýy 28,7 göterime ýetýändigini görmek bolýar.

      Daşary ýurt tehnologiýalaryny import etmek boýunça ýurdumyzyň telekeçiler düzüminde gyzyklanma döretmek örän möhüm wezipeleriň biri hökmünde orta çykdy. Bu wezipäni çözmek üçin ilkinji nobatda daşary ýurtlardan tehnologiýalary getirmek işi aňrybaş derejede ýeňilleşdirilmelidir. Ondan başga-da bu işe döwlet goldawyny bermegiň mehanizmini işläp düzmek zerur bolup durýar. Emma, bu işler ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň doly derejede daşary ýurt tehnologiýalaryna bagly bolmagyna getirmeli däldir. Şoňa laýyklykda, daşary ýurt tehnologiýalarynyň importy ýurduň umumy ylmy-tehniki strategiýasynyň diňe bir bölegine öwrülmegi maksadalaýyk.

      Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoluna geçilýändigini göz öňünde tutmak bilen, daşary ýurt tehnologiýalaryny höweslendirmegiň ulgamyny işläp düzmekligi teklip edýäris. Bu ulgam gümrük we salgyt ýeňilliklerini şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň subýektleri tarapyndan daşary ýurtlardan ýokary ylmysygymly tehnologiýalar satyn alnanda ýeňillikli karzlar bermekligi öz içine almaly.