Объявления сайта

Ýüzärligiň otundan (Peganum harmala L.) tinktura almagyň tehnologiýasyny işläp düzmegiň we onuň mikrobiologiki derňewiniň netijeleri

 
Picture of Aýsoltan Teşäýewa
Ýüzärligiň otundan (Peganum harmala L.) tinktura almagyň tehnologiýasyny işläp düzmegiň we onuň mikrobiologiki derňewiniň netijeleri
by Aýsoltan Teşäýewa - Monday, 27 June 2022, 1:00 PM
 

Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmekde ruhy we aň-bilim taýdan ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Şonda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň lukmançylygyny we derman senagatyny ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, ülkämiziň dermanlyk ösümliklerinden täze derman görnüşlerini almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmeklige aýratyn ähmiýet berdi. 

Häzirki wagtda  ylmy   farmasiýanyň  öňünde  öz  diýarymyzda ösýän  ösümlikleri  düýpli  öwrenmek we rejeli peýdalanmak  meseleleri  goýulýar.   Ýurdumyzda farmasewtiki  senagatynyň  ösmegi kepillendirilen  çig  mal  gorynyň bolmagyny  talap  edýär.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýerli çig mallardan derman serişdelerini öndürmeklige, olary keselleriň öňüni almakda we bejermekde ulanylyşyna bagyşlanan, ilatyň  ýerli tebigy çig mallaryň esasynda  öndürilýän önümler, olaryň ulanylyşy baradaky gözýetimlerini artdyrmaklyga bagyşlanan giň möçberli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Şu talaplardan ugur alyp ýurdumyzyň florasy dermanlyk häsiýetli  ösümlikleri ýüze çykarmak  nukdaý nazardan öwrenilýär. Bu  işde ilki bilen halk  lukmançylygyny, milli mirasymyzy öwrenmäge esaslanmak maksada laýyk  bolup  durýar.

Halk  lukmançylygynda gadymdan bäri belli bolan ösümlikleriniň  biri hem köp duş gelýän Ýüzärlikdir - Peganum harmala L.(1-nji surat). Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş – töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmeniň öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy bireýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky diologiki işjeň maddalaryň täsiri sebäp bolýar. .  

Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekili ýerleşdirilendir. Bu tötänden däl. Ýüzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Dünýä ýurtlarynda ýüzärlik dürli keselleri bejermekde ulanylypdyr. Ýüzärligiň oty tohumy bilen bilelikde halk lukmaçylygynda gaýnatma görnüşinde nerw kesellerini bejermekde, newrosteniýada, dem gysmada, periferiki gan damarlary giňeldiji serişde hökmünde we  beýleki kesellerde giňden ulanylýar.

Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýan kitaby” we Muhammet Hüseýniň “Melhemler hazynasy” diýen eserlerinde duş gelinýär. Gadymy Rim lukmany Dioskorid  öz  işlerinde  ýüzärligi garaguş keselinde rahatlandyryjy derman serişde hökmünde ulanmaga  ýaramlylygyny  belläp geçýär. .  

Ýokarda aýdylanlara esaslanyp ýurdumyzda ösýän, çig mal gory  ýeterlikli bolan ösümligi-ýüzärligi hemme taraplaýyn  öwrenmek,  barlamak we lukmançylykda ulanmak mümkinçiligini kesgitlemek işiň  derwaýyslygyny  kepillendirýär. Derman ösümligini lukmançylykda ulanmak  üçin  onuň  hil görkezijilerini kadalaşdyrmak,  derňew  usullaryny, derman görnüşleriniň tehnologiýasyny işläp düzmek derwaýys soraglar bolup durýar.

Işiň maksady: Ýüzärligiň tinkturasyny ylmy lukmançylygyna  girizmek maksady bilen ony almagyň tehnologiýasynyň amatly şertlerini kesgitlemek, hemme taraplaýyn öwrenmek we mikrobiologiki barlaglaryny geçirmek .

Ýüzärligiň otunyň morfologiki alamatlaryny öwrenmek we himiki düzümini kesgitlemek üçin meýilleşdirilen işleri geçirmek maksady bilen Köpetdagyň eteginden bu ösümligiň gülüniň gunçalaýan döwründe otuny ýygnadyk. Soňra ony guratmaga taýýarladyk, ýagny 0,8-1sm ölçegdäki bölejiklere çenli kesişdirdik.  Ýygnalan oty kölege ýerde ýuka gatlak edip guratdyk we soňra derman ösümliginiň otunyň morfologiki alamatlaryny kesgitledik.

Ýüzärligiň oty – Herba  Pegani harmalae  - baldaklaryň, ýapraklaryň, gülleriniň gunçalarynyň, gülleriniň garyndylary. Baldaklarynyň bölejikleri ýalaňaç, silindr şekilli, sarymtyl-ýaşyl reňkli 10-90 mm uzynlykda, üst ýüzi gapyrga şekilli nätekiz, galyňlygy 1 sm. Ýapraklaryň bölejikleri dürli görnüşli, damarlanyşy parallel, ýalaňaç, sarymtyl ýa-da goňurumtyl - ýaşyl reňkli, uzynlygy 0,5-20 mm. Gül gunçalary süýri – owal şekilli,  ýaşyl ýa-da sarymtyl-ýaşyl. Gülleri bäş agzaly. Gül ýapraklary bölünen, gül okarajygy çuň bäş bölege bölünen, tüýjümek däl; gül okarajygynyň ýapraklary we gül ýapraklary sarymtyl reňkli. Çig maly özboluşly mahsus ýakymsyz ysly. Çig malyň tagamy kesgitlenilmeýär.

Şu tejribeleriň kömegi bilen ýüzärligiň oty standartlaşdyryldy we görkezilen usularda derňew edilen çig mallary soňraky tejribeler ýagny,  tinkturalary taýýarlamak üçin ulanyldy.

Ýüzärligiň otunyň tinkturasynyň tehnologiýasyny işläp düzmek üçin bölekleýin maserasiýa usulyny saýlap aldyk.  Işiň birinji tapgyrynda etanoluň konsentrasiýasynyň ekstraktiw maddalaryň çykymyna täsirini öwrendik.

Taýýarlyk tapgyrynda etanoluň dürli konsentrasiýaly erginleri  taýýarlanyldy (50%, 60%, 70%). Hasaplamalar DF 1 tomynyň ХI göýberilişiniň talaplary boýunça geçirildi.

Taýýarlanan spirtiň konsetrasiýalary  spirtometriň kömegi bilen kesgitlendi  we olar  ýüzärligiň otunyň tinkturasyny taýýarlamak üçin ulanyldy.

Tinkturalar 1:10, 1:5 gatnaşygynda taýýarlanýar. . Güýçli täsir ediji maddalary saklaýan çig mallardan tinkturalar esasan 1:10 gatnaşygynda taýýarlanýar. Biz hem öz işimizde şol düzgünlere esaslandyk.

300 ml tinktura almak üçin degişli hasaplamalary geçirdik we bölekleýin maserasiýa usulyny ulanmak üçin ekstragenti 3 bölege böldük.

Tinkturany taýýarlamak üçin aşakdaky usuly işläp düzüldi:

Çig malyň hasaplanan mukdarynyň degişli derejä çenli owradylan görnüşini 1-nji gezek ekstragirlemek üçin hasaplanan mukdarda ekstragent goşuldy  we 3 gün salkyn we garaňky ýerde goýuldy (her gün şol bir wagtda garyşdyrmaly). Taýyn tinkturalar süzüp alyndy. Galyndynyň üstüne ekstragentiň ikinji bölegi guýuldy we ýene-de üç gün saklanyldy. Soňra ikinji çykyndy süzülip alyndy. Galyndynyň üstüne ekstragentiň üçünji bölegini guýuldy we ýene-de üç gün saklanyldy. Soňra üçünji çykyndy süzülip alyndy  we çig malyň galyndysy sykyp alyndy. Ähli çykyndylary garyşdyryldy  we  göwrümitalap edilýän mukdaryna ýetirildi.

 

Tinkturanyň düzümindäki ballast maddalary çökdürmek üçin olar 8-100 C 7 gün saklandy. Çökündi görnüşinde çöken ballast maddalardan arassalamak üçin  tinkturalar pamyk bölejiginden we 4 gatly hasadan süzüldi.

Tinkturalar spirtiň konsentrasiýasy we gury galyndysy görkezijileri boýunça standartlaşdyrylýar. Ekstraksiýa hadysasynyň geçişiniň dolydygyny anyklamak maksady bilen alnan tinkturalaryň gury galyndysy görkezijisini şu usul bilen kesgitledik:

         Tinkturanyň 5 ml-ni öňünden agramy çekilen jama ýerleşdirýärler we suwly hammamda spirti uçýança gyzdyrýarlar. Soňra 1050C temperaturada 2 sagadyň dowamynda guradýarlar, eksikatorda sowadýarlar  we  agramyny çekip ölçeýärler.

Alnan netijeler aşakdaky 1-nji  tablisada  berilýär.

1-nji  tablisa

Ýüzärligiň  otunyň tinkturasynyň gury galyndysyny kesgitlemegiň netijeleri

Tejribe №

Ýüzärligiň  otunyň 50% etanoldaky tinkturasy, %

 

Ýüzärligiň  otunyň 60% etanoldaky tinkturasy,%

 

Ýüzärligiň  otunyň 70% etanoldaky tinkturasy,%

 

1.

1,582

1,578

1,58

2.

1,566

1,572

1,57

3.

1.588

1.576

1.40

Ortaça bahasy

1.578

1.575

1.396

 

Alynan netijelere esaslanyp ýüzärligiň otundan tinktura almak üçin 50% etil spirtiniň amatly ekstragent bolup durýandygyny kesgitledik. Soňky geçiriljek barlaglar, tejribeler üçin şol ekstragenti ulanmak bilen ýüzärligiň otunyň tinkturasyny taýýarladyk.

Ýüzärligiň otunyň tinkturasyny daşky hajatlar uçin lukmançylykda ulanmaga hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar üçin çig malyň we ekstragentiň dürli gatnaşyklaky (1:10; 1:20; 1:30)  tinkturalary alyndy.

Tikturalary almak üçin bölekleýin maserasiýa usuly ulanyldy. Alynan tinkturalar  ýagny daşky alamatlary, spirtiň mukdary, gury galyndysy görkezijileri boýunça standartlaşdyryldy. .

Tinkturalar  goňurymtyl sary reňkli, özboluşly ysly dury suwuklyk.

Srirtiň mukdaryny kesgitlemek „Farmasewtiki preparatlarda spirtiň mukdaryny kesgitlemek“ usuly boýunça geçirildi.  Alnan netijeler aşakdaky 2-nji tablisada  berilýär.

 

2-nji tablisa

Ýüzärligiň  otunyň tinkturalarynda spirtiň konsentrasiýasyny kesgitlemegiň netijeleri

Tinkturanyň ady

Spirtiň konsentrasiýasy, %

Ortaça bahasy,%

Ýüzärligiň otunyň tinkturasy

1:10

49,23

 

49,07

49,11

48,88

Ýüzärligiň otunyň tinkturasy

1:20

48,86

 

49,02

48,92

49,28

Ýüzärligiň otunyň tinkturasy

1:30

49,43

 

48,89

48,45

48,79

Ýüzärligiň  otunyň tinkturalarynyň hil görkezijilerini standartlaşdyrmak maksady bilen alnan tinkturalaryň gury galyndysy görkezijisini kesgitledik. 3-nji tablisa)  :

3-nji tablisa

Ýüzärligiň  otunyň tinkturalarynyň  gury galyndysyny kesgitlemegiň netijeleri

Tejribe №

Ýüzärligiň  otunyň tinkturasy 1:10, %

Ýüzärligiň  otunyň tinkturasy 1:20,%

Ýüzärligiň  otunyň tinkturasy 1:30,%

1.

1,202

1,026

0,792

2.

1,216

1,048

0,797

3.

1,196

1,002

0,801

Ortaça bahasy

1,204

1,026

0,796

Şeýlelikde bölekleýin maserasiýa usuly bilen ýüzärligiň otundan alynan tnikturalaryň hil görkezijileri anyklandy we olar soňraky geçirilen tejribelerde ýagny mikrobiologiki täsirini anyklamakda  ulanyldy.

Taýýarlanan ýüzärligiň tinkturalarynyň (1: 10; 1:20; 1:30 gatnaşygynda) mikrobiologiki barlaglary mikrobiologiýa kafedrasynyň işgärleri tarapyndan geçirildi .

 

Barlaglaryň geçirilişiniň usuly:

     Test – kulturalary hökmünde Gurbansoltan  eje  adyndaky  Enäniň  we  çaganyň  saglygyny  goraýyş  ylmy – kliniki  merkeziniň  barlaghanasyndan  gök – iriň ýokançly näsaglardan bölünip çykarylan Pseudomonas  aeruginosanyň  1309:1359 ştammlary hyzmat etdi. Deňeşdirmek maksady bilen altynsöw stofilokokkyň  (St.aureus 209)  we içege taýajygynyň  (E.coli  M - 17) kulturalary ulanyldy .

    Işde ulanylan kulturalaryň  02 – den  108  çenli ekiş mukdarlary  (mikrob suspenziýasynyň  1ml- däki bakterial öýjükleriň  sany)  taýýarlanyldy.

    Derman serişdesiniň  belli bir  konsentrasiýasyna (0,9 ml) mikroblaryň  kesgitli ekiş mukdary (0,1ml)  goşuldy.  Gözegçilik  barlaglarda  preparatyň deregine  etli–pepton  bilýon  alyndy. Barlanýan tikturalaryň  50%  spirtde taýýarlanandygy sebäpli işimizde gözegçilik  barlaglarda, hemişe düzgün boýunça ulanylýan gözegçilikden daşary ( etli – pepton bulýon)  50% - li spirt ulanyldy. Soňra bakteriýalaryň we barlag geçirilýän tikturalaryň garyndylary  termostatda  37oC  18 - 24 sagadyň dowamynda saklanyldy . Şondan soň etli – pepton  agara ekişler  geçirildi.

    1:10; 1:20; 1:30 gatnaşykdaky tinkturalaryň ählisi işde ulanylan kulturalaryň ekiş mukdarlarynyň (102; 103; 102;105; 106; 107;108) hemmesine doly heläkleýji  (bakterisid) täsirini ýüze çykardylar.

         Tejribe barlaglary   gözegçilik derňewleri bilen deňeşdirilende  etli – pepton bulýonda  gök – iriň taýajygynyň iki kulturasynyň  altynsöw stafilokokkyň we içege taýajygynyň tutuşlaýyn ösüşi ýüze çykdy. 50%- li spirt ulanylan gözegçilikde   tejribedäki  ýaly maglumatlar alyndy – bakteriýalaryň ösüşi bolmady.

         Gök–iriň ýokançly näsaglardan täze alynan pigment emele getirýän döredijiniň kulturasynyň antibiotiklere duýujylygy kesgitlenende köp antibiotiklere durnuklylygy ýüze çykaryldy. Muňa garamazdan işde ulanylan ýüzärligiň tinkturasy kliniki ştamlaryny doly suratda heläk etdi (2,3,4-nji suratlar). Bu maglumat amaly we ylmy nukdaý nazaryndan aýratyn gyzyklanma döredýär.

Geçirilen tejribeleriň netijeleri geljekde ýüzärligiň otunyň tinkturalaryny ýara gök-iriň ýokanjynyň bejerilişinde ulanylyp bolýandygyny esaslandyrýar.

Şeýlelikde, ýüzärligiň otunyň çig maly taýýarlanyldy we onuň morfologiki alamatlary kesgitlenildi. Geçirilen tejribeler arkaly derman ösümlik çig maly standartlaşdyryldy we ol çig mal gelejekde derman görnüşleriniň tehnologiýasyny işläp düzmekde ulanyldy.  Ýüzärligiň  otundan tinktura almak üçin etanoluň konsentrasiýasynyň ekstraktiw maddalaryň çykyşyna edýän täsiri öwrenildi. 50% etil spirtiniň bölekleýin maserasiýa usuly bilen ýüzärligiň  otunyň tinkturasyny almak üçin amatly ekstragent bolup durýandygy kesgitlenildi. 50% etil spirtiniň we çig malyň dürli gatnaşyklarynda (1:10; 1:20; 1:30)  ýüzärligiň  otundan bölekleýin  maserasiýa usuly bilen tinkturalar taýýarlanyldy. Taýýarlanan tinkturalaryň hil görkezijileri anyklanyldy we alnan bahalar tinkturalary standartlaşdyrmak üçin ulanyldy. Ýüzärligiň otunýň tinkturasynynyň antimikrob täsiri öwrenildi. 1:10; 1:20; 1:30 gatnaşyklarda ýüzärligiň otunyň tinkturalarynyň  ýara gök-iriň ýokanjynyň garşysyna bakterisid täsirini ýüze çykarýandygy anyklanyldy. Derman görnüşleriniň bu täsiri olary ýara gök-iriň ýokanjynyň bejerilişinde ulanylyp bolýandygyny esaslandyrýar.

 

 

Edebiýatlar

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmenistanda saglygy  goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary“. Aşgabat, 2007 ý.

2.     Berdimuhamedow G.M. „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“. Aşgabat, 2009 ý, I-IV tomlar.

3.     Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmenistan - melhemler mekany”. Aşgabat,      2011 ý.

4.     Abu Ali Ibn Sina (Awisena) „Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“.  Gurbanguly Berdimuhamedowyň  umumy redaksiýasy bilen 1-5 tom., Aşgabat, TDNG.,2004 ý.

5.     Бобылев Р.Б., Грядунова Г.П., Иванова Л.А., Игнатьева Н.С., Козлова Л., Тенцова А.И. “Технология лекарстлвенных средств” том 1-2 “Москва” 1991г.

6.     Государственная Фармакопея  СССР. IX издание: выпуск 1, 1987г., т. 2, 1989г.

7.     Задорожный A.M., Кошкин A.Г., Соколов С.Я., Шретер A.H. Справочник по лекарственным растениям. М., 1990г.

8.     Каррыев М.О., Артьемева М.В., Баева Р.Т., и др. /Фармакохимия  лекарственных растений Туркменистана. Ашхабад., 1991.

9.     Непесова Н.Н., Оракаева Н.С., Зименкова И.Б., Атдаева М.К. К определению антимикробной активности некоторых лекарственных растений Туркменистана.

10.  Соколов С.Я., Замотаев И.П. “Справочник по лекарственным растениям”. Москва, 1990г.