Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmyň beýleki ugurlary bilen
bir hatarda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Halkyň saglygyny
dikeltmek üçin dürli döwrebap bejergiler, şol sanda fitobejergiler ulanylýar.
Metaboliki sindrom (MS) garyn ýagynyň köpelmegi, periferik dokumalaryň insuline
duýgurlygynyň we ganda insuliniň mukdarynyň artmagy, uglewod, ýag, purin çalşygynyň
bozulmagy bilen häsiýetlenýär [1; 2].
Bu kesel garyn semizligi (erkeklerde biliň göwrümi 102 sm-den köp, aýallarda 88 sm-den
köp) bilen bilelikde 4 şertden (erkeklerde trigliseridler 1,7 mmol/l-den köp, ýokary dykyzlykly
lipoproteidler 1,03 mmol/l-den pes, aýallarda 1,29 mmol/l-den pes, AGB 130/85 mm s.s. deň
ýa-da ondan ýokary, gandaky ajöze glýukoza 5,6 mmol/l-den ýokary ýa-da II tipli süýjüli
diabet anyklanylan) iň bolmanda iki şertiň bardygy esasynda kesgitlenilýär [3; 4; 5; 6].
MS-iň ýüze çykmagy genetiki taýdan şertlenendir. Häzirki wagtda bu patologik ýagdaýy
ýüze çykarýan 19-njy hromosomada ýerleşýän geniň 50-ä golaý mutasiýasy kesgitlenildi
[7; 8; 9]. Daşky şertlere ýagly iýmitiň köp iýilmegi, az hereketlilik, arterial gipertenziýa
degişli bolup durýar [10; 11; 12].
MS-iň fitobejergisi uglewod çalyşmasynyň kadalaşmagyna, semizligiň we aterogen
dislipidemiýanyň peselmegine, arterial gan basyşynyň (AGB) we ganyň reologik alamatlarynyň
kadalaşmagyna, farmakologik bejerginiň islenilmedik täsirleriniň azalmagyna gönükdirilendir
[13; 14].
Barlagyň maksady. Metaboliki sindromyň bejerilişinde ösümlik garyndylarynyň
netijeliligini öwrenmek.
Barlagyň serişdeleri we usullary. KYKMH-niň iç keselleri bölümine MS bilen düşen
31 näsag (22 aýal we 9 erkek) barlanyldy. Olarda gan basyşynyň derejesi, biliň göwrümi
ölçenildi. Näsaglaryň ganynda glýukozanyň, trigliseridleriň, pes we ýokary dykyzlykly
lipoproteidleriň mukdary anyklanyldy. Näsaglar 2 topara bölündi. Birinji topardaky
näsaglara gipolipidemiki (statinler), antigipertenziw serişdeler (angiotenzini öwrüji fermentiň
ingibitorlary, kalsiý antagonistleri), insuliniň rezistentligini peseldýän serişdeler (metformin)
berildi. Ikinji toparda esasy bejerişe goşmaça fitogaryndy bellenildi.
Fitogaryndynyň düzümi şulardan ybarat: ýabany bägülüň (шиповник) miweleri, 3 nahar
çemçesi (n.ç.); alyçyň miweleri, 2 n.ç.; çitçitiniň ýapraklary, 2 n.ç.; arpabadiýan, 3 n.ç.;
sarygülüň oty, 1 n.ç.; brusnikanyň ýapraklary, 1 n.ç.; toloknýankanyň ýapraklary, 1 n.ç.;
alteýiň kökleri, 2 n.ç.; tozganyň kökleri, 2 n.ç.; gyzyl meleşiň miweleri, 3 n.ç.
121
Ösümlikler dogralyp, garyşdyryldy. 2 n.ç. garyndynyň üstüne 0,5 l gaýnan suw guýuldy.
Bütin gije termosda demini alanyndan soň süzüldi. Taýýarlanylan garyndy 10 günüň
dowamynda näsaglara içirildi.
Barlagyň netijeleri. MS ýadawlyk, ysgynsyzlyk we ukuçyllyk (89,2%), işdäniň açylmagy
(67,3%), suwsaganlyk (25,8%), kellagyry we başaýlanma (41,4%) bilen ýüze çykdy. Bu kesel
semizlik (23 näsag), arterial gipertenziýa (19 näsag), süýjüli diabet (8 näsag) bilen utgaşykly
ýüze çykdy (1-nji surat).
1. Semizlik.
2. Arterial gipertenziýa.
3. Süýjüli diabet. 1
2
3
1-nji surat. Metaboliki sindrom bilen utgaşykly geçýän keseller
Diňe derman serişdelerini kabul edýän toparda 7-nji günde kellagyrynyň, başaýlanmanyň
(49%), suwsaganlygyň (36%) peselmegi görnüşinde oňaýly netijeler bellenildi. Beýleki
alamatlar saklandy. Esasy bejergi bilen bilelikde fitobejergi ulanylan näsaglaryň toparynda
3-nji günde eýýäm ysgynsyzlygyň we ukuçyllygyň (75%), suwsaganlygyň (29%), kellagyrynyň
we başaýlanmagyň (56%) peselmegi görnüşinde oňaýly netijeler bellenildi (2-nji surat).
Fitobejergini ulanýan topar
Diňe derman serişdelerini kabul edýänler
Düşen wagtyndaky kliniki alamatlar
Fitobejergini ulanýan topar Diňe derman serişdelerini kabul edýänler
Ýadawlyk,
ysgynsyzlyk,
ukuçyllyk
Işdäniň
açylmagy
Suwsaganlyk
Kellagyry we
başaýlanma
2-nji surat. Bejerginiň dowamynda kliniki alamatlaryň üýtgemegi
Ganda bejerginiň netijesinde ajöze barlanan glýukozanyň (birinji toparda 56,4% we ikinji
toparda 68,2%) we trigliseridleriň mukdary peselipdir (38,1% we 43,5%), ýokary dykyzlykly
lipoproteidleriň derejesi ýokarlanypdyr (42,3% we 52,1%).
122
Şeýlelikde, diňe derman serişdelerini kabul edýän topar bilen deňeşdirilende, esasy
bejergi we fitotbejergi ulanylan näsaglaryň toparynda has gowy netijelilik bellenildi.
Ýadawlygyň, ysgynsyzlygyň we ukuçyllygyň, suwsaganlygyň, kellagyrynyň we
başaýlanmanyň aýdyň peselendigi, ganda glýukozanyň, trigliseridleriň mukdarynyň
azalandygy, aterosklerozyň öňüni alýan ýokary dykyzlykly lipoproteidleriň derejesiniň bolsa
ýokarlanandygy anyklanyldy. Esasy bejerginiň irki döwründe fitobejerginiň ulanylmagy
keseliň geçişini gowulandyrýar we ýürek-damar gaýraüzülmeleriniň köpelmeginiň howpuny
peseldýär.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersiteti
Kabul edilen wagty
2017-nji ýylyň
9-njy iýuny
EDEBIÝAT
1. Калашникова М. Ф. Метаболический синдром: современный взгляд на концепцию, методы
профилактики и лечения. // Эффективная фармакотерапия. – Эндокринология, 2013, № 6 (55). 5 с.
2. Учамприна В. А., Романцова Т. И., Калашникова М. Ф. Комплексный подход в лечении
метаболического синдрома. // Ожирение и метаболизм, 2014, № 1. С. 32-37.
3. Учамприна В. А., Романцова Т. И., Калашникова М. Ф. Метаболический синдром: аргументы
“за” и “против”. // Ожирение и метаболизм, 2014, № 2. С. 17-27.
4. Falkner B., Cossrow N. D. Prevalence of metabolic syndrome and obesity-associated hypertension in
the racial ethnic minorities of the United States. // Current Hypertension Reports, 2014. Vol. 16 (7). P. 449.
5. Beltrán-Sánchez H. et al. Prevalence and trends of metabolic syndrome in the adult U.S. population,
1999-2010. // Journal of the American College of Cardiology, 2013. Vol. 62 (8). P. 697-703.
6. Coltuc R.V., Stoica V. Metabolic syndrome-cardiovascular and metabolic, complex, difficult to quantify
risk factor. // Modern Medicine, 2016. Vol. 23. № 1. P. 54-59.
7. Goldberg R. B., Mather K. Targeting the consequences of the metabolic syndrome in the diabetes
prevention program. // Arteriosclerosis, Thrombosis, and Vascular Biology, 2012. Vol. 32 (9). P. 2077-2090.
8. Kaur J. A comprehensive review on metabolic syndrome. // Cardiology Research and Practice Volume,
2014. P. 1-21.
9. Kaur J. Assessment and screening of the risk factors in metabolic syndrome. // Medical Sciences,
2014. Vol. 2 (3). P. 140-152.
10. O’Neill S., O’Driscoll L. Metabolic syndrome: a closer look at the growing epidemic and its associated
pathologies. // Obesity Reviews, 2015, № 16. P. 1-12.
11. Onesi S. O., Ignatius U. E. Metabolic syndrome: Performance of five different diagnostic criterias.
// Indian Journal of Endocrinology and Metabolism, 2014. Vol. 18 (4). P. 496-501.
12. Rodríguez A. Risk factors associated with metabolic syndrome in type 2 diabetes mellitus patients
according to World Health Organization, third report national cholesterol education program, and international
diabetes federation definitions. // Diabetes, Metabolic Syndrome and Obesity: Targets and Therapy, 2011,
№ 4. P. 1-4.
13. Vancampfort D. et al. Metabolic syndrome and metabolic abnormalities in patients with major
depressive disorder: a meta-analysis of prevalences and moderating variables. // Psychol. Med, 2013. Vol. 44.
P. 1–12.
14. Willers J., Hahn A. Risk assessment using two different diagnostic tools: metabolic syndrome and
cardiovascular risk Score (SCORE) – Data from a weight reduction intervention study. // Food and Nutrition
Sciences, 2013. Vol. 4 (10). P. 1028-1036