Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek we özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa
tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlary
ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligiň täze usullaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýalardan
baş çykarýan kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak
döwrümiziň esasy talabyna öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda ylma hem
döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesliniň kemala
gelendigini belläp, bilim
ulgamyny ösdürmek,
mynasyp ýaş nesilleri
terbiýelemek wezipelerine üns çekýär. Döwlet
Baştutanymyz ýokary
okuw mekdepleriniň
öňünde ýaş alymlary,
inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny
kesgitlemek hem-de bu
ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy.
«Türkmenistanda
sanly bilim ulgamyny
ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Bu Konsepsiýa bilim
edaralarynda berilýän
bilimiň mazmunyny
çuňlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň
Konsepsiýasyna», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň
Meýilnamasyna laýyklykda bu ulgamda sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Ýokary okuw
mekdeplerinde elektron kitaphanalaryň, sanly portallaryň
işi ýola goýulýar. Olaryň kömegi bilen maglumatlary telefona we beýleki ýatda saklaýjy enjamlara ýüklemek
mümkinçiligi hem ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda,
multimedia serişdeleriniň ulanylmagy maddy çykdajylary
azaltmaga, dolandyryşy ýeňilleşdirmäge, maglumatlaryň
merkezleşdirilen dolandyrmasyny ýola goýmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge, ýurdumyzyň we daşary
ýurtlaryň bilim ojaklarynyň arasynda onlaýn maslahatlary
guramaga ýardam edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň
bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň milli bilim we ylym
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam
etdirilýär. Muňa mysal hökmünde, şu ýylyň 22-nji maýynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna
garalandygyny aýtmak bolar. Bu Kanunyň taslamasy 12
bapdan, 60 maddadan ybarat bolup, bilim ulgamynyň
maksatlaryny, wezipelerini we onuň işiniň guramaçylyk
esaslaryny kesgitleýär. Degişli Kanunyň taslamasyna
sanly bilim ulgamy bilen bagly maddalaryň girizilmegi
hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda
ylym, bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän
taryhy özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine ýardam edýär.
Biz mugallymlara okatmaga, çuňňur bilim bermäge ähli
mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň
janynyň sag bolmagyny, ähli tutýan tutumly işleriniň rowaç
almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Berdimyrat ŞIRIMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy.