Объявления сайта

HÄZIRKI ZAMAN TALYPLARYNYŇ SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINI ÜPJÜN ETMEKDE SPORTUŇ ORNY

 
Picture of Şasoltan Orazowa
HÄZIRKI ZAMAN TALYPLARYNYŇ SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINI ÜPJÜN ETMEKDE SPORTUŇ ORNY
by Şasoltan Orazowa - Monday, 27 June 2022, 12:53 PM
 

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhubelent kemala gelmeginde sporta örän uly ornuň degişlidigi bilen baglanşykly döwlet syýasatyndan ugur alnyp, halkara möçberindäki we sebit derejesindäki sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň, dürli ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň giň gerim alýandygy mälimdir. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde ýurdumyzda uly göwrümli sport çäräniň, ýagny Halkara Sambo Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji  komitetiniň kararyna laýyklykda    2020-nji ýylda Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine uly taýýarlygynyň görülýändigini bellemek bolar. Halkara derejesinde geçirilýän şular ýaly bäsleşikler Türkmenistanyň sebit we ähliumumy möçberdäki sport diplomatiýasynyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär.

    Sport syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzda alnyp barylýan  “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna hem özüniň onyň täsirini ýetirip, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygy uly dabaralara beslenýär.

   Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn üns berilmegi, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky döwlet syýasaty bu maksatnamada göz öňünde tutulan giň gerimli işleriň alnyp barylmagy babatda ýetilen sepgitler halkara derejede ykrar edilendir.

   Pederlermiziň paýhas ýörelgelerinde bagtly bolmagyň on şertiniň bardygy barada aýdylýar. Olaryň dokuzysy saglyk bilen baglanyşdyrylýar. Häzirki wagtda hem, raýatyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine onyň täsir edýän görkezijileriniň ençemesini özünde jemleýär.

    Dünýäniň ösen tejribelerinde ykrar edilişi ýaly, ilatyň jan saglygy, ilkinji nobatda, ýurtda alnyp barylýan ykdysady syýasata onyň täsirini ýetirýär. Ösen şahsyýet we adam maýasy ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny işjeňleşdirmekde, ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalary dolandyrmakda, netijede bolsa, durnukly ykdysady, durmuş ýagdaýlaryny döretmekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen “Gün tertibi-2030-yň” 3-nji maksady “sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek” diýilip atlandyrylýar.

   Häzirki wagtda bu ugurdaky üstünlikler tanalýan bilen Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynyň netijeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sport arkaly ýetilýän sepgitleriniň uly baha mynasyp bolýandygy bellidir. Ýurdumyzyň ýokary sport mümkinçilikleri we işine ökde türgenleriň taýýarlanmagy sporta aýratyn sarpa goýýan ýurt höküminde tanalýan Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge bildirýän gyzyklanmalary has-da artdyrýar.

   Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde we ondan daşarda uly gyzyklanma bildirilýän sport ulgamyna döwletimiz tarapyndan berilýän üns barha güýçlenýär. Sporta sagdynlygyň çeşmesi hökmünde, ýaşlaryň durmuşynda tutýan ornuna nukdaýnazardan seretsek, olar bilen ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin guralýan ýörişler, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki meýdançalardaky sport çykyşlary, milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, dürli bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň ähmiýetli ornuny aýyl-saýyl görkezýär. Ýaş nesliň saglygyny, bagtyýar, asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge bagyşlanan işler örän jogapkärli bolup, häzirki zamanyň ösýän talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge hem-de olaryň ýaşlaryň durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeler ýerine ýetirilýär.

    Talyplaryň durmuşynda sportuň ornunyň barha ýokarlanýandygyndan ugur alnyp, Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlykda awtomobil sporty, hokkeý, buzda figuralaýyn typmak ýaly sportuň dürli görnüşleri ösdürilýär. Merjen şäherimiz Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi özüniň hemmetaraplaýyn döredilen şertleri bilen dürli ýaşdaky sport söýüjiler bilen bir hatarda talyp ýaşlarymyzyň hem hyzmatynda. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň, 2018-nji ýylyň noýabrynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigini ýatlamalydyrys. 2020-nji ýylda bolsa, bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine garaşylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi talyp ýaşlaryň sporta bolan höwesleriniň ýokarlanmagyna ruhy taýdan güýçli täsir edýär.

   Köpçülikleýin sport we bedenterbiýe häzirki wagtda talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen talyplarynyň ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary ýurdumyzda sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berilýän ünsüň netijesidir. Bular talyplaryň zehinlilerini ýuze çykarmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň hem aýdyň görkezijileridir.

   Sport sagdynlygyň gözbaşydyr, çünki şahsyýet özüniň ösüşindäki, kemala gelşindäki durmuşynyň lezzetini, şatlygyny, söýgüsini, buýsanjyny diňe sagdynlygynda duýýar. Sagdynlygy gazanmagyň ygtybarly usuly sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr.

   Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy-ýurt abadançylygynyň möhüm görkezijisi. Her bir sagdyn şahsyýet-jemgyýetiniň gymmatly baýlygy. Arassa howada, tebigatda gezim etmek, ýaşyna görä ylgaw, dürli sport hereketlerini ýerine ýetirmek arkaly talyp hereket işjeňligine eýe bolýar. Adamyň köp hereketde boldugyça bedendäki gan aýlanyşynyň kadalaşýandygy, taplanýandygy ylmy hem amaly taýdan subut edilendir. Sport, ilkinji nobatda, beden saglygyny berkitmek bilen ruhy sagdynlygyň hem esasyny goýujydyr. Sebäbi beden taýdan sagdynlyk ruhy sagdynlygyň esasydyr. Şeýle hem, ruhy saglyk şahsyýetiň akyl, aň-bilim, paýhas babatda ösüşini dörejidir.

Iş tejribämize esaslanyp, talyplaryň ýerine ýetirmeli sport hereketlerini:

-         Hünäri bedenterbiýe we sport ugurly okuw mekdepleriniň (sporty hünär hökmünde öwrenýän) talyplaryň ýörite okuw maksatnamalary esasynda sport bilen meşgullanmaklary;

-         Hünär ugry (sport bilen baglanyşykly) bolmadyk hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň sport bilen meşgullanmaklary görnüşinde iki topara bölmegiň mümkindigini bellemek isleýäris.

   Birinji ugruň işini gurnamak- ol ýörite okuw maksatnamalaryna, dersler we terbiýeçilik işleri boýunça meýilnamalarda we terbiýeçilik işleri boýunça bellenilen tertipdäki hem-de geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň maksatlaryndan ugur alnyp, sapakdan daşary guralýan sport çäreleriniň mazmunyna siňdirilýär.

   Ikinji ugur-ol ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmegiň usullaryna daýanýar. Munda talyp ýaşlaryň jemgyýetçilik çärelerine, sport ýaryşlaryna çekilmegi we olaryň gündelik ýerine ýetirmeli sport we bedenterbiýe hereketleri esasy orunda durýar. Mysal üçin, haýsy hünär ugrunda okaýandygyna garamazdan, bellenen her bir talyp irden bellibir aralyga ýöremek, ylgamak, irki maşklaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek ýaly gündelik endiklere eýe bolmalydyr. Bu hökmandyr, çünki şeýle hereketleriň ýerine ýetirilmegi talybyň şähdaçyklygyny, özüne bolan ynamyny, bedeniniň işjeň hereketini üpjün edýär. Şeýle bolanda, talyp islendik okuw sapagyny talabalaýyk kabul etmäge, özleşdirmäge taýýar bolýar.

Ýeri gelende, ýurdumyzda alnyp barylýan sport syýasatynyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň, galyberse-de tutuş milli jemgyýetiň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakdygyny belläp geçmek ýerliklidir. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny berkitmäge gönükdirilen lukmançylyk merkezleriň, şypahanalaryň, derman kärhanalaryň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, seýilgähleriň, sport mekdepleriň, sport toplumlaryň, sport meýdançalaryň gurulmagy we halkyň hyzmatyna berilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Dünýäde we milli derejede täze gazanylanlaryň görkezijisi hökmünde çykyş edýän, kuwwatly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu ajaýyp desgalarda saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin örän ýokary mümkinçilikler döredilen. Sagdynlygyň, bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň durmuşymyzyň wajyp ugurlarynyň birine öwrülen häzirki döwründe şeýle mümkinçilikleri peýdalanmagyň amatly ugurlaryny talyp ýaşlara düşündirmek wezipesi biziň paýymyza düşýär.

   Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi, sportuň we bedeniterbiýäniň jemgyýetdäki ähmiýetiniň ýokarlanmagy sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna getirýär, ýöne bu ýeterlik däldir. Sport ulgamyna bolan talap barha ýokarlanýar. Munuň bilen baglanyşyklylykda sporty ösdürmegiň, onuň netijesinde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny mundan beýläk-de artdyrmakdan ybarat. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, sport bilen üznüksiz meşgullanmagy diňe bir bu ugurdaky hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, sagdyn jemgyýetiň ösmeginiň hem esasy şertleriniň biri hasaplanýar.

   Hormatly Prezidentimiziň: “Sport-munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr” diýen ajaýyp sözleri talyplaryň sport bilen meşgullanmagyna itergi berýän jadylaýjy bir güýç mysalydyr. Sportuň ýaşlaryň durmuşynda, galyberse-de, halkymyz bilen bir hatarda, umumadamzat durmuşynda eýeleýän uly ornuna mundan ýokary baha ýa-da kesgitleme bermek mümkin däldir.

   Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen hazirki döwründe bu kesgitlemäniň ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, döwrebap ruhy keşbiniň kemala getirilmeginde-de örän uly ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň şular ýaly sagdynlyga, bu ugurdaky tagallalaryň ýokarlandyrylmagyna bagyşlanan başlangyçlary sanardan köpdür. Bularyň bary, hormatly Prezidentimiziň ýagty ertirlerimiziň, ajaýyp geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň bagtyýarlygyny gazanmagyň ýolunda ýaýbaňlandyrylan beýik taglymatynyň miweleridir.

   Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!