Muzeý – bu adamzadyň gory, medeniýetiň iň ýokary nusgalarynyň gaznasy we şonuň bilen birlikde bilim almagyň guralydyr. Muzeý halk köpçüligi bilen esasan ekspozisiýanyň we sergileriň üsti bilen aragatnaşyk saklaýar. Muzeýiň ekspozisiýasy bir maksada gönükdirilen düşnükli ylmy we çeperçilik esasda öňde goýulan tema laýyklykda muzeý gymmatlyklaryny görkezmekdir.
Muzeýi görmäge gelen her bir adam ýurduň taryhyny okap we ekspozisiýa baha berip biler. Ýurduň taryhyny halk köpçüligine doly ýetirmek üçin ekspozisiýa gurulanda uly taýýarlyk işleri alnyp barylmalydyr. Şu ylmy mowzuk hem ekspozisiýa gurmagyň usuly we tärlerini öwrenmekden durýar.
Muzeý ekspozisiýasyna taýýarlyk işi ilki bilen edebiýat çeşmelerini öwrenmek işinden başlanýar. Ondan soňra ýurduň taryhyny açyp görkezýän edebiýatlara ýüz tutýarys. Edebiýat öwrenilenden soň muzeýiň gaznahanasyndaky muzeý esbaplar bilen tanyşýarys. Şondan soňra ekspozisiýanyň mowzuklaýyn meýilnamasy düzülýär. Bu düzümde ekspozisiýa gurjak mowzugymyz bölümlere we bölümçelere bölünýär. Görkezjek muzeý gymmatlyklarymyzyň sanawy (hasabat belgilerini, ölçegini, abatlygyny görkezmek bilen) berilýär.
Bu düzüme gaznahanada bar bolan muzeý gymmatlyklar bilen birlikde edebiýat öwrenilende ýüze çykan täze muzeý esbaplary hem görkezilýär.
Mysal: Mowzuk boýunça düzümi taýýar bolandan soň, muzeýe ýetmeýän zatlary toplamak üçin meýilnama düzülýär. Ekspozisiýa üçin täze muzeý esbaplary toplanandan soň. Ekspozisiýanyň tema boýunça ekspozision meýilnamasy düzülýär. Bu meýilnamada muzeý gymmatlyklaryň ady, hasap belgisi, ölçegi ekspozisiýada nirede durjakdygy barada dogry maglumatlar berilýär. Ekspozisiýanyň mowzuk boýunça meýilnama usulyýet geňeşiniň mejlisinde usulyýet birleşmesiniň agzalary tarapyndan seredilýär we tassyklanylýar. Şundan soň ol çeperçilik çözgüt üçin ekspozisiýany gurnaýjy suratkeşlere berilýär we ekspozisiýa jogapkär ylmy işgärler bilen maslahatlaşylyp çeperçilik bezegi taýýarlanylýar. Gurnaýjy suratkeş täze guruljak ekspozisiýanyň bezeg-bejeriş sahypalaryny taýýarlaýar. Ekspozisiýany esasy ylmy bölümiň ylmy işgärleri gurnaýar, gaznaçylar olara kömek berýär.
E s a s y b ö l ü m .
1. Ekspozisiýanyň temas boýunça düzümi.
Ekspozisiýa gurmak-bu uly we jogopkärçilikli zähmet. Ony döretmek üçin öz ýurduň taryhyny bilmeli. Soňra öz ýurduň barada edebiýatlary, bar bolan taryhy maglumatlary hökman öwrenmeli. Şonuň üçin bolsa kitaphanalardan taryh baradaky edebiýatlaryň sanawy ýazylan kepilnama almaly. Bu edebiýatlary üns berip öwrenmeli. Käbir meseleler boýunça, esasan hem ekspozisiýa üçin wajyp bolan çeşmeleri ulanmaly. Muzeýiň hazynasynda ýa-da arhiwlerinde saklanýan ýazuw çeşmelerini öwrenmeli. Bu işi ylmy iş hökmünde hem taýýarlamak bolar. Oňa ulanylan edebiýatlar hem girýär. Onda ylmy edebiýat we awtorlaryň ady bilen belli ýerleşýän ýeri we çap edilen ýyly, arhiwleriň atlary, gaznasy, iş belgisi sahypasy berilýär. Şular ýaly ýazylan işden soň-soňlaram gerekli kepilnama almak aňsat bolýar. Ol işi ekskursowodam, usulyýetçi, ýerli ülkäni öwreniji hem ulanyp biler. Öz Watanyň taryhyny öwreneniňde, muzeý işgäri heniz hiç kimiň öwrenmedik soraglary bilen çaknyşmagy mümkin. Şonuň üçin muzeýiň ylmy-barlag işi meýileşdirilende, käbir ekspozisiýada goýuljak medeni ýadygärlikleriň taryhy hadysalaryny, wakalaryny öwrenmek zerurdyr. Şeýle hem, muzeýiň ylmy işgärleri üçin arheologiýa, etnografiýa we taryhy-hojalyk ekspozisiýasyny gurnamak hökman. Şeýlelikde, muzeýiň işiniň esasy bölümi doly ylmy ekspozisiýany döretmek meselesinden ybarat. Ekspozisiýany ýokary derejede guramak üçin oňa dogry taýynlyk görmeli. Ekspozisiýanyň işi üç etapdan ybarat.
Birinji etapy,- ekspozision meýilnama düzmekden ybarat. Bu etapda esasy işi muzeýiň ylmy işgärleri alyp barýar.
Ikinji etap – ekspozisiýany gurnamak (muzeý jaýlary we muzeý gymmatlyklary). Bu ýerde muzeý işgärine kömege ekspozisiýany gurnaýjy gelýär. Ol bezeg işleriniň taslamasyny düzýär; ylmy işgär ekspozisýany gurnaýja maslahat berýär, işini barlaýar we işe ugrukdyrýar.
Üçünji etap – ekspozisiýany gurnamak. Bu ýerde ylmy işgär hem, suratkeş-gurnaýjy hem gatnaşýar. Ekspozision meýilnama biri-biri bilen bagly bolan 3 sany bölümden ybarat bolýar:
Ekspozisiýanyň mowzuklaýyn düzümi;
Ekspozision – mowzuklaýyn meýilnama;
Ekspozisiýanyň grafikasy (eksponatlary ýerleşdirmegiň giňişleýin meýilnamasy).
Mowzuklaýyn düzüm.
Mowzuklaýyn düzüm diýip – geljekgi ekspozisiýanyň ähli bölümleriniň we bölümçeleriniň yzygiderligine, arabaglanşygyna we ekspozision zallarda yzygiderli ýerleşdirilişine diýilýär. Şeýlelikde, mowzuklaýyn düzümde açylyp görkezilýän meseleleriň birgideni kesgitlenilýär.Ekspozisiýada esasy ähmiýetli mowzuklara üns bermeli, köp mowzugy birden görkezjek bolmak, ekspozisiýanyň esasy pikiriniň öçmegine getirer.Ekspozisiýanyň mowzuklaýyn düzüminiň, nutuk ýa-da makalanyň meýilnamasyny ýazmak bilen deňeşdirilende öz aýratynlygy bar. Bu aýratynlyklar muzeý görkezjisiniň özboluşlylygy we muzeý gymmatlyklarynyň häsiýeti bilen bagly. Ylmy işgär mowzuklaýyn düzümiň üstünde işlände giňişlikde ýerleşdirilen ekspozisiýanyň göz öňüne getirmeli. Ilki bilen uly bölümleriniň ekpozision meýdançasyny göz öňüne getirip, muzeýiň gaznasynda bar bolan zatlary gowy bilmeli we haýsy esbabyň esasy muzeý gymmatlyklygy hökmünde ulanyp boljakdygyny kesgitlemeli. Şeýlelikde, ekspoziýany taýýarlamagyň ilkinji döwründe-de, meseläniň nazary işlenşi bilen onuň ekspozisiýada bir-birinden aýrylmazdyr. Ekspozisiýany tejribede amala aşyrmak üçin, muzeý hazynasynyň esbaplary ýeterlik bolmasa, ony ýygnamak hem mümkin bolmasa mowzuklaýyn düzümi birneme ýönekeýleşdirilip taryhy hereketi arakesmeler etmek bilen görkezmek bolar. Şunuň ýaly ekspozisiýany uly bolmadyk etrap muzeýlerinde görkezmek bolar. Ekspozisiýada biz beýleki bölümde bar bolan muzeý gymmatlygyna salgylanyp bilmeýäris, ol barada mowzuklaýyn düzümde hem göz öňünde tutulmaly. Şeýlelikde, ekspozisiýanyň düzüminde özboluşly yzygiderlilik we mowzuklaryň toplumy bolmaly.
Ekspozision- mowzuklaýyn meýilnama.
Mowzuklaýyn-gurluşy düzüminden soň biz ekspozision meýilnamalaşdyryşa geçýäris. Ol iki sany özara baglanyşykly bölümden ybarat:
Mowzuklaýyn -ekspozisiýanyň mazmuny açylýar. Ekspozision-muzeý gymmatlyklar toparlara bölünip, gerekli mowzugy görkezmek üçin ulanylýar. Düşündiriş haty we meýilnamanyň mowzuklaýyn bölümi. Mowzuklaýyn-ekspozision meýilnama iki bölümden ybarat düşündiriliş haty berilýär. Birinjide ekspozisiýanyň esasy ýagdaýy görkezilýär. Düşündiriş hatyň 2-nji bölüminde eksponatlaryň esasy bölegine gysgajyk häsiýetnama berilýär. Şonuň üçin muzeý gymmatlyklaryny saýlamak işine girişmezden öň taryhy ekspozisiýa guruljak esbaplary häsiýetlendirmegiň üstünde durup geçeliň. Muzeý gymmatlyklarynyň kömegi bilen ekspozisiýany amala aşyrmak bolýar. Şular ýaly düşündiriş haty bolan meýilnamanyň mowzuklaýyn bölümi gysga bolup, birneme giňeldilen mowzuklaýyn düzüm görnüşinde berilip bilner.
Muzeý gymmatlyklaryny öwrenmek we olary saýlamak.
Muzeý gymmatlyklaryny saýlamak –bu aýratyn muzeý gymmatlykaryň we olaryň toparlarynyň öwrenilmeginden durýan çynlakaý ylmy işdir. Şonuň üçin, şol iş bilen tanyşmaklyga geçmäkäň, taryhy ekspozisiýadan durýan muzeý gymmatlyklaryň ýagdaýy bilen tanyşmaglyga. Muzeý ekspozisiýasyna esbaplaryň üç görnüşi girýär. Esbaplaryň esasy toparyny ýadygärlikleriň maddy we ruhy medeniýeti tutýar. Bu esbaplara biz resmi (dokumental) diýip at berýäris.
Ekspozisiýanyň aýyrylmaz bölegini ylmy-kömekçi esbaplar tutýar:-kartalar, çyzgylar, yzygiderlilik, diagrammalar, kiçeldilen nusgalar, şeýle hem çeperçilik kömekçi-suratlandyrma, maketler, dioramalar, panoramalar. Iň soňky hem, hökmany zat hökmünde, ekspozisiýa düşündiriş esbaby girýär, muzeý gymmatlyklarynyň aşagyndaky ýazgylar-etiketaž we dürli düşündiriji ýazgylar.
Resmi (dokumental) esbaplar.
Resmi (dokumental) iş kagyzlarynyň häsiýetnamasyndan başlalyň. Olar muzeýiň ähli bölümlerinde ilkinji hatarda durýarlar. Taryhy bölümlerde resmi kagyzlar 3 sany esasy toparlara bölünýär: esbaplar, suratlandyrma we ýazma görnüşli resminamalar.
Esbaplar.
Esbaby muzeý gaznasynyň esasy, bolmak bilen ol taryhy medeni esbaplaryň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Taryhçy muzeý işgäri ilki bilen oňa taryhy çeşme hökmünde garaýar. Ekspozisiýada-esasan esbaplar ilkinji rol oýnaýar, sebäbi olar adam jemgyýetiniň aýratyn ýaşaýyş taraplary barada anyk düşünje berýär. Ilki bilen biziň Watanymyzyň geçmişini suratlandyrýan esbaplardan başlalyň. Esasy we ýeke-täk resmi material, bolup ýerli arheologiýa gazyşlarda –şäherçede, obada, gonalgalarda, mazarlarda we hazynalarda tapylan maddy esbaplar bolar. Bu esbaplaryň taryhy yzygiderliligi gaty uly: adam jemgyýetiniň ösüşiniň ilkinji etaplaryndan başlap, XV-XVI asyrlara çenli ekspozisiýa arheologiýa esbaplaryndan düzülýär. Ilkidurmuş adamlarynyň ýaşaýşyny ýerli ýaşaýyş gazuw-agtaryş işleri netijesinde giňden açyp görkezýär. Şolarda biz ýasalyş usuly adamlaryň alyp barýan işleri (balyk tutmak, aw-awlamak we ş.m.), olaryň ynamlary (hudaý şekilleri, tilsimleri we ş.m.) ýaly esbaplary tanaýarys.
Mazarlary gazmak işleri netijesinde köp zatlary bilmek bolýar, adamyň ýaşaýşy we meşgullanan işi, şeýle hem onuň käbir häsiýetleri muzeý gaznasynda adam jaýlanmasy baradaky maglumat has köp duş gelýär. Esbaplaryndan başga-da, her bir arheologiýa ýadygärliklerine ýerleşiş topografik esbaplar uly rol oýnaýar: ýadygärligiň ýerleşýän ýeri, onuň gurluşy, tapylan zatlaryň we adamlaryň ýaşan öýleriniň yzlary, olaryň nähili, näçe we nirede ýerleşendigi.
Bu esbaplar bir mazaryň ýa-da gonalganyň zatlaryny senelemäge kömek edýär. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan zatlar gadymy geçmişde adam durmuşynyň bir bölegini açanymyz üçin hem gyzyklydyr. Şonuň üçin muzeý işgäri, eksposiýany düzende arheologiýa ýygyndysyny bir-birinden aýyrmaly däl. Eger şeýle etse, ol görkezýän taryhy maglumatyň hakykatlygyny bozýar. Arheologiýa esbaplaryndan biz şekillendiriş sungaty suratçylyk we heýkel bilen tanyşýarys. Şeýlelikde, “maddy zat” arheologiýa esbaby “ýazuw” resminamasy hem bolýar. Zatlar has giçki wagta degişli bolup (XVI asyr) hili boýunça, çig maly (mata, keramika we ş.m.) barada aýdýar. Maddy esbaplar adamyň ýaşan döwrüniň zatlary, nusga bolup durýar. Muzeýiň gaznasynda zähmet gurallary we öndürilen önümler saklanýar, eşik, aýakgap, öý goşlary ordenler we ş.m. Halkyň öndüren önümini häsiýetlendirýän etnografiýa esbaplary diýilip aýdylýar. Maddy esbap dürli baglanşyklarda ulanylyp biler: şol bir zatlar bize tehnikanyň dürli derejesi barada, öý hojalygynyň böllekleri barada aýdýar. Ekspozisiýanyň üstünde işläp, muzeý işgäri ýerli arhitektura esbaby bilen tanyşmaly, sebäbi şular ýaly ýadygärlikler Watanymyzyň medeni görkezijisi bolup durýar.
Şekillendiriş sungatynyň eserleri.
Şekillendiriş sungatynyň eserleri (suratlar, grawýurýalar we metografia, fotasuratlar, barelefler, heýkel işleri we ş.m.) öz mazmuny boýunça dürli-dürlüdir. Taryhy wakalar, ýerler ýa-da adamlar çekilende, muzeý gaznasyndan nusgalyk şekillendirişe duşýarys: nusgalyk portret, hojalyk sahnalar, jaýyň görnüşi, arhitektura topary, peýzaž. Şular ýaly şekilleri ekspozisiýa goşmazdan öň, biz onuň taryhy çeşmesiniň gerekligini anyklaýarys. Muzeýiň ähli şekillendiriş sungaty eseriniň içinden ilki bilen “dokumental” esbabyny aýratyn bellemek gerek. Käwagt, şekillendiriş sungatynda bir topar ýalňyşlar tapmak bolar. Şonuň üçin eksposzisiýa üçin surat alnanda, ilki bilen ýazuw çeşmelerini öwrenmeli: görkezilen wakanyň suratlandyrylşy, şeýle hem beýleki suratlar bilen deňeşdirmeli.
Şekillendiriş sungatynyň eserlerine baha berlende onuň döreýiş taryhy, has-da suratkeşiň döredijilik ýoly uly rol oýnaýar. Awtor diňe bir suratyň çekilen wagtyny anyklaman, çeken suratyndaky wakalary bir ýerden göçürendigini, ýa-da şol wakanyň bolan wagtynda çekilendigini bilip bolar. XIX asyryň ikinji ýarymynda surat (fotagrafiýa) ýaýraýar. XX asyryň başlanynda bolsa-kinomotografiýa ýüze çykýar.
Ýazuw çeşmeleri.
Ýazuw çeşmeleri-golýazma we neşir etme-ekspozisiýanyň we muzeýiň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Haçan-da ekspozisiýa üçin arhiw resminamasy gerek bolsa, onda hökman onuň göçürmesini almaly. Ýazuw çeşmeleriniň esasy toparyny wakanyň ýa-da waka gatnaşanyň gürrüňleri bolup biler. Olar ekspozisiýada ulanylman, ekspozisiýa üçin tekstler düzülende ulanylýar.
Ekspozisiýa esbaplarynyň esasy bölegi ýerleşiş topagrafiýa esbaby bolup durýar: ýerli relef, gadymy adam duralgalarynyň suratyny, söweşleriň ýörüşini we meýilnamasyny döretmek bolar.
Muzeý gymmatlklary -tekstler.
Muzeý gymmatlyklarynyň esasy görnüşi-tekstler sitatalar bolup durýar. Olardan esasy ýeri “alyp baryjy tekstler” eýeleýär. Alyp baryjy tekstleriň maksady-görmäge gelýän adamlara aýdylýan temanyň esasy pikirini dogry düşündirmegine kömek edýär. Muzeý gymmatlyklarynyň –tekstiniň ýene-de bir görnüşi eserlerden sitatalar, hatlar, memuarlar we beýleki resminamalardan durýar. Ekspozisiýanyň awtory alyp baryjy tekstleriň düzüliş tertibini pikirlenip düzmeli we resminamalardan gerekli ýerlerini almaly.
Kömekçi esbaplar.
Kähalatlarda ekspozisiýa kömekçi esbaplary: ylmy, hem edebi mazmunly muzeý gymmatlyklaryny goýmaly. Ylmy kömekçi esbaplar (kartalar, diagrammalar, shemalar) muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan saýlanyp suratkeşler tarapyndan bezelýär. Muzeý işgäri ylmy-kömekçi esbaplaryň garalama taslamasyny düzmeli.
Eger-de taryhy wakalar bilen territorial hadysalary baglanyşdyrjak bolsak, biz kartany girizýäris. Karta bilen işlenende, ilki bilen, öwrenilýän raýatyň geografiki salgylaryny tanamaly. Soňra bölümçelere geçirilýär (mysal üçin, söweş bolan ýeri, gozgalaň eden oba we ş.m.). Soňra karta galan çyzyklar geçirilýär (meselem, ekspediçiýanyň gatnawly, esgerleriň basyp alan ýerleri netrihli çyzyklar bilen çyzylýar). Karta geçirilýän maglumatlar, hökman şertli belgiler bilen düşündirmelidirler. Kartanyň ýany bilen ol düzülen wagtynda ulanylan edebiýatlaryň sanawy, şeýle hem işiň bölümçelerini delillendirilýän suratkeşe bezemek üçin taslama berlende, hökman ýany bilen şäherleriň, derýalaryň we beýlekileriniň karta geçirilýän ýerleriň sanawyny bermeli. Iň gowy ylmy kömekçi esbap bolup taryhy (хронология) tablisalar we wakalaryň kalendarlary bolup durýar. Olary ekspozisiýanyň her bölümiň salmak maslahat berilýär. Muzeý işgäri kömekçi esbaplaryň ýerine ýetirilişini eskiz taýýarlananda-da, taýýar muzeý gymmatlyklary kabul edilende-de barlaýar.
Düşündiriş ýazgysy.
Düşündiriş ýazgynyň esasy her bir ekspozisiýa üçin hökmany görnüşi etiketaž bolup durýar. Ol tomaşaça muzeýiň zallarynyň ýerleşişini öwrenmekligine, ýol tapmaklyga, muzeý gymmatlyklar bilen tanyşmaklyga kömek edýär. Muzeýe giren ýeriňde, görüşýän ýerde ekspozisiýanyň bölümleriniň we tematikasynyň, ýerleşiş bölümlerinde, ugry ýerleşdirilmeli. Muzeý bölümlerinde etiketažyň üç görnüşi görkezilen : her bölümiň belgileri aýratyn temalaryň ady we aýratyn muzeý gymmatlyklaryň ýazgylary bolmaly. Ilki iki topary, ekspozisiýanyň mowzuklaýyn gurluşyny öz içine alany sebäbi ýol görkeziji etiketaž diýip atlandyrýarys. Muzeý gymmatlyklaryny öwrenemizde, biz ony seneleýäris, awtoryny bilýäris, ýasylyş usulyny , taýýarlanan ýerini anyklaýarys. Şoňa görä-de ol barada etiketažda gysgajyk maglumatlar berip bileris. Esbaplary öwrenilende biz onuň taryhy ähmiýetligi ýüze çykarýarys, ony düşündirýän delilleri ýygnaýarys. Netijede biz her annotasiýa üçin salgylary,muzeý gymmatlyklary barada gysgajyk maglumat we oňa düşündirişleri alýarys. Resminamanyň ýazgysynda: resminamanyň görnüşi onuň awtory, kime we kimden iberilen wagty we ýerleşýän ýeri ýazgynyň, mazmunynyň gysgajyk beýany we taryhy ähmiýeti bolmaly.
Muzeý gymmatlyklaryny toparlara bölmek.
Biziň görkezmek üçin alýan muzeý gymmatlyklarymyz diňe bir gyzykly zatlaryň ýygyndysy bolman, ol muzeý gymmatlyklar topary öz aralary ugry, mazmuny bilen bagly bolup bir esbap bilen beýleki esbaby düşündirilýär.
Muzeý ekspozisiýasynda muzeý gymmatlyklaryň 2 topary ulanylýar:
“Durmuşy” topar, durmuşda bolşy ýaly;
“Tematiki” topar, dürli muzeý gymmatlyklaryň hronologiýa yzygiderlikde birleşmegi we biri-birini doldurmagy;
Taryhy bölümlerde jaýyň içki görnüşi hakyky durmuş toplumy bolup durýar. Taryhy çeşmeleriň esasynda biz adamlaryň käbir toparlarynyň, ilat gatlagynyň durmuş ýagdaýyny döredýäris. Meselem: “Daýhan adamyň zatlary saýlanyp alnanda, görkezilen adamynyň şahsy we häsiýetini açyp görkezmeli, şeýle hem esasyny goýmaly.
III. Ekspozisiýany gurnamak we montaž.
Tematiki ýygyndylaryň we aýratyn esbaplaryň muzeýiň bölümlerinde ýerleşdirilen ekspozisiýany bezemegiň umumy meýilnama bilen bagly. Adatça bu suratkeşe tabşyrylýar, ýöne muzeý işgäri tutuş ekspozisiýa jogap berýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Ekspozisiýa jaýynyň bezelşi ýönekeý bolmaly. Gowy rejelenen edilen otag ýagty bolmadyk reňk bilen reňklenip, muzeý gymmatlygynyň görnüşine we häsiýetine baglydyr. Jaýyň beýikligi 220-250 sm. agaç germeç bilen üsti ýapylýar. Ilkinji ştanga bezegiň gerekli elementi bolup esbaplary asmak üçin amatly bolýar. Olaryň arasyndaky boş diwar bolsa uly esbaplary asmak üçin ulanylýar. Ekspozisiýa meýdany hemişe ulaldyp durmaly bolýar. Onuň aňsat usuly- goşmaça ikitaraplaýyn germew we tekje döretmeli. Zat bezemegiň meýilnama düzülende esbaplary saklamaklygy göz öňüne tutmaly: ýyladyş ulgamynyň ýanynda gurmaly däl, gapynyň we geçelgeleriň öňüni tutmaly däl. Muzeý gymmatlyklaryň aýratyn görnüşleriniň bezelşinde gysgajyk durup geçeliň. Muzeý gymmatlyklaryň temaň mazmunyna dogry gelip, görmek üçin, şeýle hem esbaplaryň howpsuzlygy we abatlygy üçin elimizde baryny etmelidiris. Basma we golýazma resminamalaryny we kitaplary köplenç düýbi egme görnüşünde tekjelerde goýulýar. Şol görnüşde olary görmek we okamak aňsat bolýar. Mazmuny boýunça başynda resminamalar we kitaplar diwardaky germewlerde asylýar. Olary asylýan tekjelere salmaly. Goýlan resminamanyň ýanynda resminamadan sitata, düşündiriş berlip görmäge gelenlere gollanma ýa-da annotasiýa berilýär. Kähalatlarda mazmuny boýunça ölçegi boýunça kiçi asyl nusga germewde goýmak kyn bolýar. Şol halatda ony tekjede goýup, germewde bolsa onuň ulaldylan göçürmesini ýa-da suratyny asmak mümkin. Ýagly suratlar çarçuwa salnyp, aşagynda etiketkasy bolmaly. Egerde suratlar beýikde asylan bolsa, olara gysgajyk ýazylan etiketka berkidilýär, aşagynda bolsa suratyň çyzgysy, annotasiýasy bilen berilýär. Tekjelerde heýkel aýratyn sütünleriň üstünde goýulýar. Eşikler dik tekjelerde goýulsa gowy bolýar. Hakyky kelleler we el-aýakly manekenleri goýmak maslahat berilmeýär. Olar görmäge gelenleriň ünsüni bozýar. Eşikleri çüý bilen çüýlemek ýa-da temençelemek bolmaýar gerek bolsa olar içlige dikilýär we içlik çüýlenýär. Ýaraglar hem aýnanyň aşagynda goýulýar. Sowuk ýaraglar agaç germewlere berkidilýär. Atylýan ýaraglar-aýratyn ýerlerde saklanylýar, esbaplary saklap hem hemme tarapyndan görüp bolar ýaly edip berkitmeli. Toýundan, metaldan we agaçdan ýasalan ownuk zatlar dik tekjelerde gowy görünýär. Olary kuşt tagtasy görnüşinde, bir-biriniň öňüni ýapmaz ýaly goýulýar. Ekspozisiýanyň esbap (вещи) toparynyň ýasalyş, usulyna uly üns bermeli: mejimeler üçin simden söýeg etmeli, ownuk zatlara “asmajyklar”, farfor şekiljige rezinden bölek goýmaly. Ekspozisiýada asyl nusga goýlanda, ony goramaklyga uly üns berilmeli. Gowy gulp we plombalardan başga-da, biz şol zatlaryň ýanmazlygyna, guramazlygyna, çygdan zaýalanmazlygyna, güýe degmezligine seretmeli. Her ekspozision bölümde hökman esbaplary gün şöhlelerinde goraýan tutular bolmaly. Bulardan başga-da, arhiw eserlerini, akwarel, matalara galyň matadan tutular edilýär. Ekspozisiýada gerek bolan gyzgynlyn derejesi saklanmaly. Ylmy işgär suratkeşe bezemeklige ylmy-maslahat bermeli. Etiketaž ýönekeý harp bilen ýazmaly. Ýazgy tutuş teksti bilen ýazylman, mazmuny boýunça abzaslara bölünýär. Etiketkanyň ölçegleri bellenilende esbaplaryň ölçegine we ýerleşýän ýerine üns bermeli (germewiň üstünde, tekjede we ş.m.). Aýratyn asylan etiketkasy muzeý gymmatlygynyňky ýaly daş edilýär. Bölüme girilýän ýerinde, gapyň ýokarsynda ýa-da otaglaryň arasynda ady ýerleşdirilýär. Bu belgilerden başga-da girelgede otagyň ýerleşisiniň meýilnamasy we temasy ýerleşdirilýär.
Gurnama- bu uly döredijilik işi bolup, muzeýiň ylmy işgäri bu işe işjeň gatnaşmaly. Gyşyk asylan surat, başga tonda reňklenen zal, ýuwulmadyk kümüş, süpürilmedik ýarag ekspozisiýa baradaky täsiri azaldýar.
Haçanda gurnama-bezeg işleri gutaranda, muzeý onuň il köpçüligine görkezmekligini guramaly. Iň soňunda aýtmaly zat, gurnama gutaranda ekspozisiýanyň işi gutarmaýar. Muzeý gymmatlyklaryny goramakdan başga-da häli-şindi arassalamak, muzeý gymmatlyklarynyň ýerini çalyşmak, ýagtylyk erbet düşende, gündeki dikeldiş işlerini etmek girýär. Täze ekspozisiýa taýýarlyk. Ekspozisiýanyň ylmy taslamasy.
Häzirki zaman muzeý ekspozisiýasyna taýýarlyk-bu kyn barlap, döredijilik we tehniki-önümçilik işi bolup, muzeý işgäriniň ýörite hünärli biliminiň bolmagyny talap edýär. Ekspozisiýada döretmek temany çuň we ählitaraplaýyn öwrenmekden başlanýar. Haçan-da tekst öwrenilende muzeý esbabynyň taryhy aýratynlygyny görkezmek göz öňüne tutulýar. Ylmy edebiýat öwrenilende muzeý toplumlary öz muzeýiňde garşylyklaýyn öwrenilmelidir. Häzirki zaman muzeý ekspozisiýasy aýratyn ylmy iş bolup, özboluşly sungat döredijiligidir. Watanymyzyň öňdebaryjy muzeýiniň tejribesini görkezip, ekspozisiýany taýýarlamagyň esasy soragy taslamak bolup durýar. Ekspozisiýanyň taslamasy, onuň öz geljek nusgasy bolmaly, öz mazmuny we görnüşi boýunça takyk görkezme bermeli. Bulardan başgada ekspozisiýanyň taslamasy käbir resminamalary hem öz içine alýar.
Muzeý ekspozisiýasynyň tekstleri.
Ekspozision esbaplaryň içine tekst hem girýär. Tematiki ekspozisiýanyň içine tekstleriň girizilmegi, muzeý zatlarynyň tema degişli däldir. Olaryň toparlaýyn we deňeşdirilip, şeýle hem bimagärlik-çeperçilik usul bilen açylyp biler. Esbabyň taryhy we köpçülikleýin wakalary bilen çuň baglanyşygyny aýan etmek üçin, bolup geçýän zatlaryň we taryhy esbaplaryň häsiýetnamasy, onuň awtory, döredijisi we ş.m. barada düşündiriş bermek hökman.
Ekspozisiýa düşündiriş bermek maksady bilen tekstler birnäçe görnüşlere bölünýär.
mazmuny,
alyp baryjylar,
düşündirişler (annotasiýa tekstleri),
etiketkaž.
Mazmuny teksti muzeý ekspozisiýasynyň ugurgörkezijisine elementine degişli. ol ekspozisiýanyň adyny ýa-da onuň aýratyn bölümlerini (bölümi, temasy, bölümçesi, zaly) görkezilýär. Düşündirişli tekst tematiki bölümleriň we toplumynyň aýdyň mazmunyny açyp, ekspozision esbaplaryň taryhy-jemgyýetçilik kontekstiniň girizilmegine etiketke gözegçilik we ylmy barlag, alyp baryjy tekstleriň we tekst-düşündirişleriň bölekleriniň ýatlamalarynyň hatlarynyň, gündelikleriniň, ýazgylarynyň giňden ulanylmagy maksada laýyk. Etiketaž- etiketkalaryň umumylygynyň jemini aňladyp, hersi aýratyn eksponatyň düşündirişi bolup durýar. Her etiketka esbabyň ady girýär, onuň maglumatlary, esbap barada, ölçegi, taýýarlaýyş usuly, awtory degişliligi, taryhy we ýadygärlik ýazuwy manysy barada maglumat berýär.
Sowgatly we gowy düzülen etiketaž-ekspozisiýanyň möhüm bölegi bolup, onuň okuw-terbiýeçilik täsirliginiň aýrylmaz bölegidir. Şonuň üçin ony taýýarlamaklyga wagtyny we güýjüni gaýgyrmaly däldir.
Muzeý tejribesinde, köp ýyllaryň dowamynda delil maglumat bermek amatly bolupdyr. Ony şu günlerem ulanmak mümkin. Etkitaž düzülende, etiketkalaryň tekstine esbaplaryň häsiýetnamasyny goşmak maksada laýykdyr. Etiketkalaryň göwrümi uly bolmaly däldir. Olaryň maksady-gysgajyk maglumat bermekdir. Etiketkalar çap edilende, sada dilde ýazylmalydyr. Taryhy ekspozisiýada çeper eserlere we suratlara etiketka düzülende, ilki eseriň adyndan başlanýar soňra awtory, döredilen ýyly, taýýarlanyş usuly görkezilýär. Suratlaryň etiketkasy, familýasy däl-de adyndan başlanýar. Toparlaýyn düşülen suratlarda adamlary çepden saga sanalyp başlanýar. Etiketkalyň aşagy böleginde eksponatyň asyl nusgasyny ýa-da göçürmesini görkezmeli. Ekspozisiýadaky tekstleriň hemme görnüşleri mazmuny, öňdebaryjy, düşündiriş, etiketaž-ýeketäk ideýa-tematiki görnüşde taýýarlanmaly. Hemme etiketkalar okalan bolup, oňat ýerleşdirilen bolmaly. Taryhy irofilme muzeý ekspozisiýasy tekstler bilen doldyrylan bolmaly däl. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerde tematiki ekspozisiýanyň tekstleri az mukdarda bolmalydyr.
Muzeý sergisi.
Esasy ekspozisiýany hemişe ýokary derejede gurnamak we kämilleşdirmek bilen bir muzeý hem çäklenmeýär, ýöne köp sanly temasy boýunça, görnüşi ýeri boýunça dürli sergileri düzýär. Muzeý sergisi muzeý ekspozisiýasyny we muzeý gymmatlyklarynyň, taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ylmy konçepsiýasyny görkezýär. Şonuň üçin “ekspozisiýa sergi işi”, “ekspozisiýa we sergi” diýmek ýalňyşdyr. Sergi işi ekspozisiýanyň dürlüligidir. Muzeý sergisiniň speçifikasy, onuň ýerleşýän ýerindedigi däldir. Ol muzeýde-de, syýasy aň-bilimde-de öýde-de, kärhananyň medeni öýünde-de, ýörite gurnalan awtobusda-da ýa-da poezde-de bolup biler. Muzeý serişdesiniň aýratynlygy, onuň serişde görkezilmegidir. Onuň sergä goýlan muzeý gymmatlyklaryny muzeý esbaplaryny düzmeli. Muzeý sergisi wagtlaýyn ekspozisiýa bolup, belli bir mowzuga bagyşlanýar. Muzeý sergilerini temasy boýunça, ekspozisiýanyň usuly boýunça (tematiki, kollektiwleýin), ekspozisiýanyň ýeri boýunça (hemişelik we wagtlaýyn, muzeýiň içinde we daşynda, göçme we gazna serişdeleriniň dürli görnüşleri bar. Muzeýlerde dürli çeperçilik serişdeleri, surat sergileri we ş.m.) döredilýär. Dürli sergiler bagyşlanyp özbaşdak sergi toparlaryny guraýar.
N e t i j e
Muzeý ekspozisiýasyny döretmek-bu ökde hünärli işgärleriň köp wagtyň dowamynda eden hysyrdyly we dartgynly işidir. Ol gözleg işleriniň netijesi bolup, özboluşly sungat eseridir. Ekspozisiýanyň açylşyna, gowy taýýarlyk görüp, onuň ähli ugurlaryny, hyzmat ediş, ekspozisiýa ündeýşini, onuň ýollaryny we usullaryny jogapkärli pikirlenmek hökmandyr.
Ekspozisiýa taýynlananda, onuň ilkinji gününden, ekskursiýany kimiň geçirjekdigini bilmeli. Şol wagta çenli ylmy esbaplaryň ýerleşisini hem tamamlamaly: muzeýiň westibýulinadäki ekspozisiýanyň ugur görkezijisi, ekspozision zallaryň annotasiýasy we ugurgörkezijisi, goşmaça ylmy-delil esbaplar.
Ekspozisiýanyň, ündeýiş işlerini gurnalyp gutaryp barýarka başlamaly hökmany ýagdaýda radio, telewideniýe we metbugat üçin ýörite habar taýýarlamaly.
Ekspozisiýa açylmanka afişalar, çagyryş hatlaryny taýýarlamaly. Ekspozisiýanyň açylşy dabaraly ýagdaýda geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Dabara hormatly myhmanlar, okuwçylar, ilçiler, medeniýet işgärleri we beýleki adamlar çagyrylýar. Bu bolsa muzeýe adamlaryň köp gelmeklerini gazanýar. Her bir ekspozisiýanyň açylşy muzeý üçin möhüm waka bolup durýar.
Edebiýatlar.
1. Gurbanguly Berdimuhamedow.Medeniýet halkyň kalbydyr.-A.:TDNG,2014
2. Gurbanguly Berdimuhamedow.Türkmen medeniýeti.-A.:TDNG,2015
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. I kitap.-A.:TDNG,2017.
4. Gurbanguly Berdimuhamedow.Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.II kitap.-A.:TDNG,2018.
5. Beknazarowa M.Muzeý işi.-A.:TDNG,-2013.
6. Türkmenistan:Altyn asryň muzeýleri: Halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany.-A.,2007.
7. E.Altyýewa "Muzeýde bir görnüşli ylmy pasportlary dollurmagyň düzgünleri"– A.2018ý
8. Mämmetnurow Ö. "Milli mirasyň hazynasy" – A. 2016ý
9. Ö.Mämmetnurow "Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhy we Garaşsyzlyk ýyllarynda muzeý işleri" – A.2017ý .
10. Музееведение п/нр К.Г.Левыкина и В. Хребста. М.: 1998 г.
11. Музейное дело сб. науч. ст.Выпуск 17
12. №1. 1993. Советский музей. // М. Искусство. 1993г.
13. №2. 1994. Советский музей. // М. Искусство. 1994г.
14. №3. 1995. Советский музей. // М. Искусство. 1995г.