Berkarar Watanymyzda öndürilýän derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini artdyrmak, önümçiligiň göwrümini giňeltmek, ýerli tebigy çig mallardan täze, ýokary hilli derman serişdelerini almak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenip lukmançylykda ulanmaga girizmek gözlegleri we täze açyşlary dowam etdirmek esasy wezipeler bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitaplaryndan ugur alyp, dermanlyk ösümliklere baý bolan türkmen topragyndaky köpdürli dermanlyk ösümlikleri alymlar tarapyndan öwrenmäge, ylmy lukmançylykda we halkyň arasynda peýdalanylmaga giňden ýol açyldy [1].
Nanomedisinanyň we nanofarmakologiýanyň intensiw ösüşi bilen baglanyşykly metal nanobölejikleriň biologiki aýratynlyklaryny öwrenmek häzirki zaman ylmy gözlegleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir [2]. Nanomedisina dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin nanotehnologiýany lukmançylyk amalyýetinde ulanmak mümkinçiligini öwrenýär [3]. Häzirki zaman nanotehnologiýasynyň çalt ösýän ugurlarynyň biri, dürli materiallaryň nanoölçeg bölejiklerini döretmek we ulanmak.
Nanobölejikler, adam durmuşynyň dürli ugurlarynda, mikroelektronikadan başlap, lukmançylyk we arassaçylyga çenli giňden ulanylýar we şonuň üçin nanobölejikleriň önümçiligi yzygiderli ösýär. Meselem, biologiki ulgamlara nanobölejikleri ornaşdyrmak zerurlygy bilen ýüze çykýar, köp biologiki işjeňlik bilen bioylalaşyjylyk, ekologiýa taýdan arassa bölejikleri senagat taýdan öndürmegi talap edýär [4]. Şeýle önümçiligi “ýaşyl” nanosintez tehnikasynyň ösmegi bilen üpjün edip bolar, onuň düýp manysy metal nanobölejiklerini dikeltmek we durnuklaşdyrmak üçin ösümlik ekstraktlaryny ulanmak.
Kümüşiň mikroblara garşy häsiýetleri öňden bäri mälimdir. Hindi edebiýatynda gyzgyn kümüşi suwa dezinfeksiýa etmek barada aýdylýar. Kümüş taýýarlyklar geçen asyryň 20-40-njy ýyllarynda lukmançylykda giňden ulanylypdyr.
Şeýlelik bilen, “kümüş suw” gönüden-göni aşgazan-içege keselleri, aşgazan ýarasy keseli, holesistit, bogazyň, burun, göz, ýüzleý ýaralary we ýaralar üçin ulanylýar. Kümüş dermatologiýada we wenerologiýada üstünlikli ulanylýar. Şeýle-de bolsa, 1940-njy ýyllaryň başynda antibiotikleriň ulanylmagy bilen kümüş serişdeleriniň ulanylmagy azaldy. Ýöne soňky döwürde kümüşiň mikroblara garşy häsiýetleri, patogen mikroorganizmleriň köpüsinde oňa garşylygyň ýoklugy, pes zäherliligi we oňat çydamlylygy ýene-de ünsi çekip başlady. Bularyň hemmesi kümüş taýýarlyklara, esasanam täze gowulaşan görnüşlerine täzeden gyzyklanmaga sebäp boldy.
Kümüş mikrob öýjügine täsir etmegiň mehanizmi, kümüş ionlarynyň mikrobyň öýjük membranasy tarapyndan siňmegidir, netijede öýjük heläk bolýar, ýöne onuň käbir funksiýalary bozulýar, mysal üçin, bakteriostatiki täsir ýüze çykýar. Mundan başga-da, kümüşiň mikroblara garşy täsiriniň spektri köp antibiotiklerden we sulfanilamidlerden has giňdir. Kümüş penisilinden, biomisinden we beýleki antibiotiklerden mikroblara garşy has güýçli täsir edýär, bakteriýalaryň antibiotiklere durnukly ştammlaryna hem täsir edýär [5].
Soňky wagtda kümüş nanobölejiklerine aýratyn üns berilýär. Kümüş nanobölejikler, beýleki nanobölejikler ýaly, hereketleriniň has ýokary netijeligini
kesgitleýän özboluşly häsiýetler bilen häsiýetlendirilýär. Ösümlik ekstraktyny ulanmak nanobölejikleriň biosintezi üçin iň tygşytly we geljegi uly usuldyr. Kümüş nanobölejikler kiçi göwrümi sebäpli örän işjeňdir we uly ýerlerde bakteriýalaryň, wiruslaryň, kömelekleriň heläk bolmagyna sebäp bolup biler. Kümüşiň bakteriýalar ýa-da wiruslar bilen aragatnaşygyny giňeldýän, bakterisid häsiýetlerini ep-esli ýokarlandyrýan uly aýratyn bir ýeri bar. Birnäçe gözlegiň netijesine görä, taýýarlyk usulyna garamazdan, kümüş nanobölejikleriň antibakterial täsiri bar, agyrlygy örtügiň ululygyna, tebigatyna we ýeriň ýagdaýyna baglydyr. Nanokümüşiň antibakterial täsiri gramnegatiw bakteriýalara, spora emele getirýän mikroorganizmlere, şeýle hem birnäçe antibiotik garşylygy bolan mikroblara has aýdyň görünýär.
Işiň maksady. Türkmenistanyň çäginde ösýän keýigotynyň (Ziziphora capitata) kömegi bilen ýüze çykarylan kümüş nanobölejikleriniň antibakterial we antifungisid häsiýetlerini kesgitlemek we amalyýetde ulanmagyň mümkinçiligini ýüze çykarmak.
Işiň materiallary we usullary. Bu iş, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen we Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Bakteriologiki barlaghana bölümi bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky şertnama esasynda geçirildi.
Kümüş nanobölejikleri keýigoty (Ziziphora capitata) dermanlyk ösümliginiň ekstraktyny ulanmaklyk bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghanasynda sintezlendi. Ösümligiň ekstraktynyň 10%, 30% we 50% konsentrasiýaly erginleri taýýarlanyp, üstüne 1∙103 mol/l konsentrasiýaly kümüş nitratynyň 0,001n ergini guýuldy we otag temperaturasynda dyngysyz garyşdyryp durulmak arkaly her 1,3,24,48 sagatdan nusgalary alynyp duruldy. Kümüş nanobölejikleri saklaýan erginleriň mikroorganizmleriň ösüşine täsir edişine baha berildi.
Bakteriologiki barlaghanada kümüş nanobölejiklerini saklaýan erginleriniň antibakterial we antifungisid ukybyny kesgitlemek üçin altynsöw stafilokokkyň (Staphylococcus aureus), içege taýajygynyň (Escherichia coli), gök iriň taýajygynyň (Pseudomonas aeruginosa), kandida kömeleginiň (Candida albicans) muzeý ştammlary hyzmat etdi. Bu mikroorganizmler belli bir şertlerde adamyň keselçiliginde ähmiýetlidir.
Ilki bilen altynsöw stafilokokkyň, kandida kömeleginiň, içege taýajygynyň, gök iriň taýajygynyň ösdürimlerini suwuk iýmitlendiriji gurşawlara ekmeli, 37 termostatda 24 sagadyň dowamynda saklamaly. Ertesi ösen kulturalardan çyrşantgy taýýarlamaly. Eger çyrşantgyda gramnegatiw ýa-da grampozitiw mikroorganizmler bolsa awtomatizirlenen VITEK-2 enjamyna identifikasiýa geçirmek üçin goýmaly we 10-24 sagatdan soňra VITEK enjamy dogry jogap berýär. Ýagny, mikroorganizmiň görnüşiniň identifikasiýasynyň näçe % tassyklanandygyny görkezýär. Netije, çykarylandan soň täzeden iýmitlendiriji etli peptonly agara ekmeli, 37 termostatda 24 sagadyň dowamynda ösdürmeli. Soňra arassa kulturadan Mak-Farlandyň enjamynda bulançaklygy 0,5-e deň (standart MakFarlandyň 0,5 görkezijisi 1,5 * 10³ konsentrasiýaly içege taýajygynyň gomogen suspensiýasyna gabat gelýär) bolar ýaly suspensiýa taýýarlanylýar. Onuň üçin 5 ml 0,9 % NaCl erginini saklaýan 4 sany steril probirkalary alyp, üstine kulturadan alyp garmaly bulançaklygy 0,5 deň bolmaly. Taýýar edilen suspenziýadan gazon usuly arkaly Staphylococcus aureus mikroby üçin mannitli duzly agara, Candida albicans üçin Saburo agara, Escherichia coli üçin Endo agara, Pseudomonas aeruginosa üçin ýörite selektiw agara ekmeli we 15 minudyň dowamynda gowy guratmaly. Gurandan soň barlanylýan kümüş nanobölejikleri saklaýan erginleri damdyrmaly we guratmaly, soňra 37 termostatda 24 sagat saklamaly. Ertesi, erginleriň damdyrylan ýerinde mikroorganizimleriň ösüşi bolmasa, ýagny lizis ýüze çykarylsa, onda kümüş nanobölejikleri saklaýan erginleriniň täsir edýändigini subut edýär.
Işiň netijeleri. Keýigoty (Ziziphora capitata) dermanlyk ösümliginiň 1,2,24 we 48 sagatlyk ekstraktlaryny ulanyp alnan kümüş nanobölejikleri saklaýan erginleriň, dykyz iýmitlendiriji gurşawlarda ösdürilen Escherichia coli, Staphylococcus aureus, Pseudomonas aeruginosa, Candida albicans
Tablisa 1
№ |
Zyýansyzlandyryjy serişdäniň ady |
Arassa kulturalar |
|||
Staphylococcus aureus |
Pseudomonas aeruginosa |
Candida albicans |
Escherichia coli |
||
1 |
Keýigoty (Ziziphora capitata) 1 sagatlyk ekstrakty |
+ |
+ |
+ |
+ |
2 |
Keýigoty (Ziziphora capitata) 2 sagatlyk ekstrakty |
+ |
+ |
+ |
+ |
3 |
Keýigoty (Ziziphora capitata) 24 sagatlyk ekstrakty |
+ |
+ |
+ |
+ |
4 |
Keýigoty (Ziziphora capitata) 48 sagatlyk ekstrakty |
+ |
+ |
+ |
+ |
Bellik: (+) bellik, erginleriň kesel dörediji mikroorganizmleriň kulturalaryna täsir edýän häsiýetini aňladýar. Täsir etmeýän häsiýeti (-) bellik bilen bellenen.
garşy antibakterial we antifungisid häsiýetleriniň barlygy anyklanyldy (görkeziji 1).
Netijeler. Geçirilen barlaglaryň netijelerine esaslanyp, “ýaşyl himiýa” arkaly alnan metal nanobölejikleriň we metal oksidleriniň kolloid erginleriniň ýerli ýokanç hadysalary bejermekde antibakterial dermanlyk serişdelerine oňat alternatiwa bolup biljekdigini öňe sürmek mümkin.
Şeýlelik bilen, mikroblara we kömeleklere garşy göreşmekde, kümüş nanobölejikleri öndürmek üçin dikeldiji serişde hökmünde dermanlyk ösümligi keýigotynyň (Ziziphora capitata) ektraktyny ulanmak aňsat we tygşytly usuly üpjün edýär.
Alnan maglumatlar Escherichia coli, Staphyloccocus aureus, Candida albicans, Psewdomonas aeruginosa mikroorganizmlere garşy göreşde täsirli biosid serişdeleri hökmünde “ýaşyl” nanosintez usullary bilen alnan kümüş nanobölejiklere esaslanýan taýýarlyk işleriniň maksadalaýykdygyny görkezýär.
EDEBIÝAT SANAWY:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. I tom. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009, sah. 264-265.
2. Чекман И.С. Нанофармакология: взгляд на проблему. Вест. НАН Украины. 2012; № 7.- 21-25.
3. Чекман И.С. Наночастицы: свойства и перспективы применения. Украинский биохимический журнал. 2009. - № 1. - 122-129.
4. Green synthesis of silver nanoparticles using aqueous solution of Ficus benghalensis leaf extract and characterization of their antibacterial activity / A. Saxena [et al.] // Materials Letters. 2012. Vol. 67, № 1. - P. 91–94.
5. Ovais M., Khalil A.T., Raza A., et al. Green synthesis of silver nanoparticles via plant extracts: beginning a new era in cancer theranostics. Nanomedicine (Lond), 2016, № 11. - 3157–3177.