Объявления сайта

DUTAR SAZLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞ HEM GURLUŞ AÝRATYNLYKLARY

 
Picture of Röwşen Muhamedow
DUTAR SAZLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞ HEM GURLUŞ AÝRATYNLYKLARY
by Röwşen Muhamedow - Monday, 27 June 2022, 12:50 PM
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwlet ähmiýetli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Halk bähbitli ýerine ýetirilýän düýpli işleriň biri hem, ylmy ösdürmeklige uly üns berilmegidir. Bu işler milli sazşynaslarymyz tarapyndan hem ýokary derejelerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet we sungat adamy hemişe ruhy taýdan baýlaşdyrýardy, onuň durmuşyna etiki we estetiki düşünjeleri girizýärdi. Bu şeýle hasap edilýär” [1, 72 s.] diýip, belläp geçmegi, halkyň medeniýetini hem sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige ýakyndan ýardam berýär.

“Türkmen saz sungatyny has hem belent derejelere götermek üçin onuň taryhyny, ýerine ýetirilişiniň meşhur ugurlaryny, halypa sazandalaryň döredijiligini ylmy barlaglaryň obýekti hökmünde öwrenmek örän möhümdir” [2, 83 s.]. Türkmen sazandalyk sungatynda dutarda saz çalmaklyk ähmiýetli orny eýeleýär. Bu ugryň käbir aýratynlyklaryny anyklamaklygy maksat edinip, milli sazandalygyň mary ýerine ýetirijilik ýolundaky “Köçe bagy” hem “Derman eýledi” sazlary derňemekligi makul bildik.

Ussat sazanda Durdy Myradowyň çalan “Köçe bagy” atly sazy (nota geçiren B. Babajanow) özüniň gurluşy bilen has tapawutlanýar. Ýerine ýetirijilikde çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan bu saz birnäçe bölümlerden durýar. Adaty sazlarymyza mahsus bolan, her bölümiň ahyrynda gaýtalanýan esasy başlangyç heň öwrümi ilkinji gezek getirileninde, ol indiki görkeziljeklerine garanyňda örän gysgalygy bilen (A – 9 takt) tapawutlanýar. Onuň yzyndan gelýän B şirwan bölümi başlangyç taktlarynda her dürli ritmlere sezewar bolýar:

 

 

1-nji nota mysaly

Barha kynlaşyp, ýygjamlaşýan kakuwlar sazyň şirwan bölüminde heňdäki görkezilmedik aýratynlyklary aňlatjak bolýan ýaly ýaýbaň beýan edilýär. Dürli saz serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy, ölçeg-ritmleriň üýtgäp durmagy, çalt we haýal depginiň gezekleşip gelmegi ajaýyp sazyň ýokary ussatlygy talap edýändigine şaýatlyk edýär.

Sazyň indiki şirwan D bölümi öňki şirwan bölümden ses belentligi bilen tapawutlanýar. B bölümde heň e2 ses belentliginiň töwereginde hereket eden bolsa, indi bu ýerde e2 sesden sazyň iň belent nokady bolan h2 sese geçmek bilen heňi işläp başlaýar. Bu ýerde hem ölçegdir ritmiň ýygy üýtgemegine syn edip bolýar:

2-nji nota mysaly

Sazyň indiki bölümleri şirwan bölüminiň öňünden getirilen heň hereketini ýatladýar. Ol gurluşy boýunça A3+C1+A4 bolup, öň görkezilen bölümiň bir görnüşi hökmünde sazy dowam edýär:

                     heň         şirwan       baglaýjy bölek       şirwan             soňlama

      giriş            A               B            A1          C     A2                  D           A3          C2       A4

         4               9              55           19        9      20          54           17        8        25 

 

Sazda seredilip geçilenlerden tapawutlylykda iki şirwan bölümiň getirilip, ösüş bölümiň bolmazlygy aýratyn gyzyklanma döredýär. Esasy ölçeg 2/4 bolup, ol 3/4, 7/8, 6/8, 4/4 ýaly ölçeg görnüşleri bilen gezekleşip, saz eserini emele getirýär.

Mary ýerine ýetirijilik ýolundaky derňew ediljek “Derman eýledi” halk sazy, Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň çalan görnüşi boýunça öwrenilýär (nota geçiren Ö. Gandymow) [3, 29-34 s.]. Bu saz özüniň agras häsiýeti, durnukly hereketli gurluşy bilen tapawutlanýar. Sazyň giriş taktlarynda onuň depgini, ölçegi we esasy ritm gurluşlary berilýär:

3-nji nota mysaly

Allegretto depgininde 6/8 ölçegde ýerine ýetirilýän sazyň ilkinji iki taktyndaky ritmiki gurluş sazyň geljekki ösüşinde dürli görnüşlerde berlip, heňiň ýaýbaňlanmagynda özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Sazyň giriş bölüminde sesleriň yzygider beýgelmeginden soňra, wagtlaýyn alterirlenen ges1 basgançaga barylmagy sähelçe hem bolsa oňa özboluşly häsiýet berýär. Bu giriş kakuwlary tamamlanandan soňra, sazyň esasy heň bölümi başlanýar. Esasy heň e1-a1 boş kakuwdan kwarta belentlikde ýerleşen a1-d2 bäşinji perdeden başlap, dört taktyň dowamynda owazlanyp, ýene-de başlangyç belentliginde ilkinji gezek görkezilmegini tamamlaýar.

Ýedinji taktdan başlan esasy heň bir taktlyk baglaýjy bölekden soňra, biraz üýtgän görnüşde (a+a1) ýene-de bir gezek gaýtalanýar. Bu heň öwrümini daşky görnüşi boýunça iki sany adamyň gürleşýän pursadyndaky soragly ýagdaýy nazara alyp seretsek, onda onuň dowamy bolup gelýän kakuwlar özüni jogap hökmünde görkezýär. Heňiň äheňindäki dowam edýän jogap, belentden pese düşmän, onuň tersine, e1-a1, ges1-ces2, g1-c2, a1-d2kwarta ses aralyklary bilen ýokaryk hereket  edýär. Onuň ilkinji iki taktynyň iki gezek gaýtalanmagy, ikinji gezekde ösdürilip, ýaýbaň beýan edilmegi (b+b1), ilkinji soraglaryň iki gezek gaýtalanmagyna häsiýetli gurluşda sazlaşýar:

4-nji nota mysaly

Ýokardaky nota mysalynda 1-nji, 2-nji taktlaryň ýene-de gaýtalanmagy, 5-nji, 6-njy taktlaryň özgeren gurluşda berilmegi, 6-njy taktyň soňraky iki taktyň  dowamynda ösdürilip tamamlanmagy jogap berilýän saz sözleminiň täsirliligini artdyrýar.

Sazyň şirwan bölümine giriş kakuwlar ýedi takt dowam edýär. Şondan soňky heňiň dowamy e1-a1 kwarta ses belentlikden e1-a2 undessima ses aralygyna hereket arkaly ýaňlanýar. Bu ýerde 4+4 takt kwadratlylyk saklanyp, biri-birileriniň üýtgän görnüşlerinde sazy dowam edýärler. Sebäbi, ilkinji dört taktyň ahyrky bölegi täze duş gelýän 4/8 ölçegde beýan edilse, ikinji dört taktyň ählisinde-de başlangyç 6/8 ölçeg durnukly saklanýar.

“Derman eýledi” sazynyň 107-nji taktyndan başlap gaýtalanmak başlanýar. Bu ýerde sazyň 16-njy taktyndan 43-nji takta çenli aralygy üýtgewsiz gaýtalanýar. Sazda alterirlenen ges1, ces2we fis2 sesleriniň ýygy duş gelmegi esere özboluşly häsiýet berýär, onuň saldamly hereketine ýakyndan ýardam berýär. Bu saz alterirlenen ges1, ces2, cis2, fis2 ses belentliklerine duçar bolup, III basgançagy beýgeldilen, IV basgançagy peseldilen, VII basgançagy peselen we beýgelen d-moll  perdesine deňdir we ol indiki gurluşa eýedir:

                              Heň                                şirwan                             soňlama

      Giriş            A              A1              B             baglaýjy bölek                   A

       6 t.            18              18              44                    18                               30 

 

Türkmen saz ýerine ýetirijilik sungaty dürli görnüşliligi, gurluş aýratynlyklary bilen alamatlanýar. “Dutar sazlarynyň formasy köpgörnüşliligi bilen tapawutlanyp, bu žanrda dörän eserleriň ýönekeýden başlap, örän çylşyrymly gurluşlary emele getirýän nusgalary dutaryň kämil saz guralydygyny ykrar edýär” [4, 33 s.]. Halk aýdym-saz ýerine ýetirijiligi ençeme döwürlerden bäri dowam edip, ussat bagşy-sazandalar tarapyndan kämilleşdirilip, özboluşly häsiýetli aýratynlyklara eýe boldy. Bu köp görnüşlilik türkmen aýdym-sazlarynyň ýokary nusgawy eserlerdigine güwä geçýär.

 

 

    Maýa Kulyýewa adyndaky

Türkmen milli konserwatoriýasy

 

 

EDEBIÝAT

 

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,  2016.

2.     Annanepesow O. Ahal dutar saz ýerine ýetirijilik sungatynyň aýratynlyklary. // Bilim. № 2, 2015.

3.     Gandymow Ö., Larionow W. Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew. – Aşgabat, 1991.

4.       Tüýliýew S. Türkmen sazynyň teoriýasy. III kitap. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,  2014.