Объявления сайта

Arkadagly Ýurdyň Kämil Türgenleri

 
Picture of Maýsa Meredowa
Arkadagly Ýurdyň Kämil Türgenleri
by Maýsa Meredowa - Monday, 27 June 2022, 12:49 PM
 

Elbetde, türgeniň iri ýaryşlarynda ýokary netijelere eýe bolmagynda,uly üstünliklere ýetmeginde onuň fiziki, tehniki hem-de taktiki taýýarlygynyň iň bir öňe çykýan närselerdigini ýyllaryň subut eden hakykaty. Muňa garamazdan, her bir türgeniň bilim derejesiniň kämillige gol bermegini, dil bilmegini, sport ýoluny ylym bilen utgaşdyrmagyny gazanmak onuň Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşmagynda has-da ähmiýetlidir. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda bu ugurda ylmy işler durmuşa geçirilýär. Türgenleriň saýlan sport görnüşlerinden barha kämilleşmekleri bilen birlikde, jemgyýetçilik ylymlaryndan, şeyle-de, beýleki ugurlardan bilim beriloýär. Olara milli edebiýatmyz, edim-gylymlarymyz, asylly ýörelgelerimiz, mahlasy türkmen durmuşynda aýrylmaz orun eýeleýän ajaýyp däp-dessurlarymyz boýunça giňişleýin düşünje berilýär. Bilim berýän ýaşlarymyza dünýä dilleriniň öwredilmegi bolsa olaryň halkara giňişliginde ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizi wagyz etmeginde, dürli döwletlerde türkmen medeniýetini beýgeltmeginde diýseň çuň mazmuna eýedir.

Ine, şeýle aýratynlyklar biziň jogapkärli işimiziň özenini düzýär. Elbetde, bu işde beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ýaşlary ýetişdirmekde uly aladalary edýän Arkadag Prezidentimiz biziň üçin beýik nusgadyr, görüm-göreldedir. Şol sebäpden hem, biz milli sportymyzy ösüşiniň täze belentliklerine alyp barýan, bilim ulgamynda kämilleşdirmekde beýik işleri amal edýän, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki taryhy ädimleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jamy sag, belent başy aman bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklary beslensin!