Объявления сайта

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 26 ýyl parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly bilen

 
Picture of Merdan Bekmürzäýew
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 26 ýyl parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly bilen
by Merdan Bekmürzäýew - Monday, 27 June 2022, 12:44 PM
 

  1. Bekmurzaýew Merdan Allaberdiýewiç                                                      Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy

 

    Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan ýurdumyz halkara giňişliginde umumy adamzat bähbitli möhüm başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde özüni tanatdy. Sebäbi hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly dünýäde hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna berk eýermek milli Liderimiziň daşary syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, ösüşleriň nurana ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň, parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ýörelgelerini berjaý edýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Bu bolsa öz nobatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň kämillik ýoluny geçen pähim-paýhasyna, milli ýörelgelerine, edim-gylymlaryna doly laýyk gelýändigini, dünýä bileleşiginiň ählumumy ösüş hereketlerini üpjün etmekde öňde goýýan möhüm wezipelerine abraý bilen hötde gelmekdäki tagallalar bilen sazlaşykly utgaşýandygyny tassyklaýar. Bu ýylda amala aşyrylýan işler bolsa aýdylanlara  şaýatlyk edýär. 14-nji ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.  Bu halkara maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Taryhyň sahypalaryna nazar salsak geçmişde hem türkmen halky ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemläpdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny alyp göremizde şahyryň döredijiliginiň köp bölegi türkmen halkynyň parahatçylygyna asudalygyna gönükdirilendir. Ýa bolmasa Mollanepes şahyryň döredijiliginde setirlere salgylansak “Iki adam uruşsa öter ýaly ýol berme, birisine gep berip ol birine al berme” diýen sözler bar. Zeliliniň şygryýetinde “Asly adamzada ajy söz urma” diýen setirleri göreniňde, ýa bolmasa Gorkut ata eposy, Görogly şadessanyny okanyňda hem aýdylanlara aýdyň göz ýetirýärsiň.  Eziz Arkadagymyzyň pähim parasadyndan joşup çykan “Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy” atly kitaby okanyňda hem taryhda türkmen halkymyzyň islendik zatda örän çuňňur pikirlenip, ähli işde maslahatlaşyp parahatçylykly ýol bilen hereket edendigine göz ýetirýärsiň.                     

Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyryp, hemişelik Bitaraplygymyzyň oňyn ýörelgelerini dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!