Объявления сайта

SÜÝJI BUÝANYŇ (GLYCYRRHIZA GLABRA L.) WEGETATIW ORGANLARYNYŇ MIKROKOMPONENT DÜZÜMINIŇ AÝRATYNLYKLARY

 
Picture of Hatyja Ataýewa
SÜÝJI BUÝANYŇ (GLYCYRRHIZA GLABRA L.) WEGETATIW ORGANLARYNYŇ MIKROKOMPONENT DÜZÜMINIŇ AÝRATYNLYKLARY
by Hatyja Ataýewa - Monday, 27 June 2022, 12:42 PM
 

Ataýewa H.B.

 

SÜÝJI BUÝANYŇ (GLYCYRRHIZA GLABRA L.) WEGETATIW ORGANLARYNYŇ MIKROKOMPONENT DÜZÜMINIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

Işiň wajyplygy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwrüň talabyna laýyk, giň dünýägaraýyşly, ösen ylym tehnikalaryndan ýokary derejede baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary ýetişdirip, Watanymyzy has-da gülledip ösdürmelidigini hemişe nygtaýar. Keselleri dermanlyk ösümlikleriň kömegi bilen bejermek we bedeni keselden soň dikeltmeklik bütin dünýäde häzirki wagtda giňden peýdalanylýar. Fitoterapiýanyň ösmegi ýurdumyzda dermanlyk ösümliklerini ylmy nukdaýnazardan öwrenmeklige giň ýol açdy.

Süýji buýan (Glycyrrhiza glabra L.) irki wagtlardan bäri belli bolan dermanlyk ösümlikleriň hataryna degişli edilýär. Ol özüniň himiki düzümi, esasan hem düzüminde glisiriziniň bolmagy bilen antioksidant we sowuklama garşy täsiriniň güýçlidigini görkezýär. Köp sanly ylmy barlaglaryň netijeleri süýji buýanyň dem alyş ýollarynyň kesellerinde oňaýly täsiriniň bardygyny ýüze çykardy. Ösümlikde howply täze döremelerine garşy täsiriniň bardygy hem anyklanan. Düzüminde saklanýan flawonoidleriň hasabyna onuň aşgazanda giňden ýaýran infeksiýasy bolan - Helicobacter pylori garşy bakterisid täsiriniň bardygy belli edildi [4]. Süýji buýanyň düzüminde bar bolan fitoestrogenler käbir täze döremeleriň çişlerine garşy täsir edýär [5]. Şeýle-de buýan deriniň düwürtiklerini bejermekde gowy netijeleri berýändigi anyklanyldy [6].

Buýanyň düzüminde bar bolan likorin flawonoidiniň örän köp sanly peýdaly täsiri açyldy. Likorin sowuklama garşy örän netijeli täsir edýär [7], şeýle-de onuň antioksidant täsirleri barada hem bellenilen [8]. Bu ösümligiň ýapraklary hem dermanlyk ähmiýete eýedir. Ýapraklaryň spirte ýatyrylan ekstraktynyň sowuklama garşy işjeňligi, antioksidant we antigenotoksiki täsirleri anyklanyldy [9]. Buýanda saklanýan polisaharidler immunomodulirleýji we howply täze döremelere garşy güýçli täsire eýe [10, 11].

Toprakda mikro we makroelementler örän köp mukdarda saklanýar we olar ösümlikleriň kökleri arkaly dürli organlaryna ýygnanýar. Adam bedeninde hem Mendeleýewiň tablisasyna girýän elementler belli bir mukdarda bar, olaryň ýetmezçiligi ýa-da çendenaşa köp bolmaklygy dürli keselleriň ýüze çykmagyna sezewar edýär. Mysal üçin, bedende misiň (Cu) mukdary az bolsa onda bagryň ölen öýjükleri täzeden döräp bilmeýär, bu ýagdaýda bagyr hem-de böwrekler wagtynda dikelip ýetişmeýär hem-de gany arasallap bilmeýärler. Gan bolsa şol bir wagtda bedeniň öýjüklerine doly iýmit berip bilmeýär [12]. Şonuň üçin adam özüne ýetmeýän elementleri gündeki iýmitiniň şeýle-de, dermanlyk ösümlikleriniň üsti bilen dolduryp durýar.

Buýan hem edil beýleki dermanlyk ösümlikleri ýaly yzygiderli köp mukdarda ulanylsa bedene belli bir derejede zyýan ýetirýär. Buýan ösümliginiň çendenaşa köp ulanylmagy bedende suw-duz çalşygyny bozýar. Käbir ýagdaýlarda kelleagyry, deriniň gyzarmagy ýaly alamatlar berýär we bu alamatlar ulanmaklyk bes edilenden soň ýitip gidýär [13].

Buýan bu dermanlyk ösümligidir, süýji tagam däldigini ýatdan çykarmaly däl.

Işiň maksady. Türkmenistanda duş gelýän, dermanlyk çig mal hökmünde hyzmat edýän görnüşleriniň biri Süýji buýanyň (Glycyrrhiza glabra L.) wegetatiw organlarynyň mikrokomponent düzümini öwrenmek maksat edildi. Süýji buýanyň wegetatiw organlarynyň makro we mikroelementlerini kesgitlemek we deňeşdirme geçirmek.

Materiallar we usullar. Barlag üçin çig mal hökmünde Lebap welaýatynyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyndan 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ne getirilen Süýji buýan (Glycyrrhiza glabra L.) umumy kabul edilen usulyýet boýunça kafedranyň gerbariý otagynda guradyldy. Onuň baldagy, ýapraklary we köki barlag üçin alyndy. “Türkmengeologiýa” DK-nyň Merkezi barlaghanasynda ösümlik bölekleriniň küllülik derejesi grawimetriki usulda, himiki elementleriň mukdary fotometriki, ýalkymly fotometriki, titrimetriki we spektral derňewiň üsti bilen anyklanyldy.

Barlagyň netijeleri. Alnan netijeler boýunça kösükliler maşgalasynyň (Fabaceae Lindl.) wekili bolan Süýji buýanyň wegetatiw organlarynyň düzüminde himiki elementleriň mukdary kesgitlenildi. Öwrenilen ösümligiň baldagynyň, ýapragynyň we kökleriniň küllülik düzümi 4500C derejede grawimetriki usulda kesgitlenildi we degişlilikde baldagy 5,05 %-e, ýapraklary 9,23 %-e we köki  6,10 %-e deň boldy. Himiki we spektral barlaglaryň netijeleri boýunça ösümligiň wegetatiw organlarynda mikrokomponentleriň mukdary anyklanyldy we 1-nji tablisada görkezildi.

Tablisada görkezilen süýji buýanyň bölekleriniň düzüminde has köp mukdarda saklanýan elementleri mukdar boýunça yza gaýdýan tertipde belläp bolar:

-                ýokary derejede kalsiý 10000-30000 mg/kg mukdar aralykda barlanan indiki ösümliklerde duş gelýär: süýji buýanyň ýapragynda 20450 mg/kg; kökünde 11941 mg/kg; baldagynda 8400 mg/kg saklanýar.

-                kaliý 8000-15000 mg/kg mukdar aralykda barlanan indiki ösümliklerde duş gelýär: süýji buýanyň baldagynda 14602 mg/kg; ýapragynda 13929 mg/kg; süýji buýanyň kökünde 8681 mg/kg saklanýar.

-                natriý elementiniň mukdary 5000 mg/kg ýokary: süýji buýanyň kökünde 8219 mg/kg; baldagynda 660 mg/kg; ýapragynda 476 mg/kg saklanýar;

-                fosforyň we magniniň mukdary öwrenilen obýektlerde 3000 mg/kg ýokary mukdarda: süýji buýanyň ýapragynda magniý 3318 mg/kg; fosfor 3318 mg/kg; baldagynda magniý 1394 mg/kg; fosfor 2853 mg/kg; kökünde magniý 4356 mg/kg; fosfor 2009 mg/kg saklanýar;

-                1000 - 500 mg/kg aralygynda demir we kükürdiň mukdary süýji buýanyň ýapragynda demir 634 mg/kg; kükürt 1787 mg/kg; baldagynda demir 130 mg/kg; kükürt 625 mg/kg; kökünde demir 507 mg/kg; kükürt 896 mg/kg saklanýar;

-                10 mg/kg ýokary marganes we mis: süýji buýanyň ýapragynda marganes 18,46 mg/kg; mis 14,77 mg/kg; baldagynda marganes 5,05 mg/kg; mis 8,08 mg/kg; kökünde marganes 12,21 mg/kg; mis 10,38 mg/kg mukdarda saklanýar;

-               sinkiň mukdary 5 – 30 mg/kg aralygynda: süýji buýanyň ýapragynda 27,69 mg/kg; baldagynda 4,04 mg/kg; kökünde 3,05 mg/kg mukdarda saklanýar;

-               stronsiýniň mukdary 12 – 60 mg/kg aralygynda: süýji buýanyň ýapragynda 55,38 mg/kg; baldagynda 15,14 mg/kg; kökünde 12,21 mg/kg mukdarda saklanýar;

 

1-nji tablisa. Mukdar taýdan mikrokomponent düzüminiň bölünişi.

 

Element

(mg/kg)

Buýanyň köki (mg/kg)

Buýanyň baldagy (mg/kg)

Buýanyň ýapragy

Kaliý (K)

8681

14602

13929

Natriý (N)

8219

660

476

Fosfor (P)

2009

2853

3318

Kalsiý (Ca)

11941

8400

20450

Magniý (Mg)

4356

1394

3100

Demir (Fe)

507

130

634

Kükürt (S)

896

625

1787

Marganes (Mn)

12,21

5,05

18,46

Nikel (Ni)

5,49

2,52

8,31

Kobalt (Co)

1,22

0,50

1,38

Titan (Ti)

0,61

0,25

0,92

Wanadiý (V)

1,22

0,50

1,85

Hrom (Cr)

4,88

0,50

4,62

Molibden (Mo)

1,71

1,77

2,86

Wolfram (W)

<0,6

<0,5

<0,9

Sirkoniý (Zr)

0,61

0,25

0,92

Hafniý (HF)

<3

<2

<2

Niobiý (NB)

<0,6

<0,5

<0,9

Tantal (Ta)

<30

<30

<50

Mis (Cu)

10,38

8,08

14,77

Gurşun (PB)

0,43

<0,2

<0,2

Kümüş (Ag)

<0,03

<0,03

<0,03

Surma (Sb)

<0,3

<0,3

<0,3

Wismut (Bi)

0,12

<0,1

0,09

Myşýak (As)

<1

<1

<1

Sink (Zn)

3,05

4,04

27,69

Kadmiý (Cd)

<1

<1

<1

Galaýy (Sn)

0,04

<0,01

<0,01

Galliý (Ga)

0,61

<0,1

<0,1

Germaniý (Ge)

<0,2

<0,1

<0,1

Indiý (In)

<0,1

<0,1

<01

Altyn (Au)

<0,5

<0,5

<0,5

Berilliý (Be)

<0,005

<0,005

<0,005

Litiý (Li)

0,61

0,50

<0,5

Stronsiý (Sr)

12,21

15,14

55,38

Bariý (Ba)

6,10

5,05

18,46

Skandiý (Sc)

<0,1

<0,1

<0,1

Itterbiý (Yb)

<0,1

<0,1

<0,1

Ittriý (Y)

<0,5

<0,5

<0,5

Talliý (Ti)

<0,1

<0,1

<0,1

 

Bellik: Mukdary boýunça ýokary bolan himiki elementler gara şrift bilen bellenen.

 

Buýanyň wegetatiw organlarynda saklanýan makroelementlerini barlanymyzda köküne garanyňda ýapragynda kalsiý 1,7; fosfor 4,1; demir 1,6; kükürt 2,0 esse ýokary görkezijileri berdi. Ýapragy baldagyna görä makrolementlerden kalsini 2,4; fosfory 1,2; demiri 4,9; kükürdi 2,6 esse ýokary saklaýar. (1,2-nji diagramma)

 

               

 

NETIJE:

1.       Lebap welaýatynyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyndan getirilen süýji buýanyň wegetatiw organlarynyň mikrokomponent düzümi kesgitlenildi we olaryň arasynda deňeşdirme geçirildi.

2.       Süýji buýanyň diňe bir köki bolman, baldagy we ýapraklary hem makro we mikroelementleriň iň baý tebigy çeşmesi bolup hyzmat edýär.

3.       Bu alnan netijelere görä süýji buýanyň kökünden başga ýapraklaryny we baldagyny hem adam bedenine gerek bolan makro- we mikroelementleriň çeşmesi bolup durýandygy sebäpli, element ýetmezçiliginde ýüze çykýan keselleri bejermekde derman senagatynda we lukmançylykda çig mal hökmünde ulanmaga hödürläp bolar.

 

Myrat Garryýew adyndaky                                                                Kabul edilen wagty:

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk                                                              2022-nji ýylyň

uniwersiteti                                                                               

 

 

 

 

PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR:

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanda dermanlyk ösümlikleri/ I kitap, Aşgabat, «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» - 2009.

2.     Каррыев М.О. Лекарственные растения Туркменистана. Ашгабат, 1996, с. 296.

3.     Спиваковский Ю.М., Спиваковская А.Ю. Микроэлементы и их роли в жизни человека // Медицинская сестра, 2005 – стр. 19-22.

4.     Караматов И.Дж., Давлатова М.С. Перспективы применения солодки в терапевтической и онкологической практике – “Биология и интегративная медицина”, №6, 2018.

5.     Kaur P., Kaur S., Kumar N., Singh B., Kumar S. Evaluation of antigenotoxic activity of isoliquiritin apioside from Glycyrrhiza glabra L. -Toxicology in vitro: an international journal published in association with BIBRA, 2009, Jun., 23(4), 680-686.

6.     Nam C., Kim S., Sim Y., Chang I. Anti-acne effects of Oriental herb extracts: a novel screening method to select anti-acne agents - Skin pharmacology and applied skin physiology, 2003, Mar-Apr., 16(2), 84-90.

7.     Gao X., Wang W., Wei S., Li W. [Review of pharmacological effects of Glycyrrhiza radix and its bioactive compounds] - Zhongguo Zhong yao za zhi = Zhongguo zhongyao zazhi = China journal of Chinese materia medica, 2009, Nov., 34(21), 2695-2700.

8.     Chin Y.W., Jung H.A., Liu Y., Su B.N., Castoro J.A., Keller W.J., Pereira M.A., Kinghorn A.D. Antioxidant constituents of the roots and stolons of licorice (Glycyrrhiza glabra) - Journal of agricultural and food chemistry, 2007, Jun 13, 55(12), 4691-4697.

9.     Siracusa L., Saija A., Cristani M., Cimino F., D'Arrigo M., Trombetta D., Rao F., Ruberto G. Phytocomplexes from liquorice (Glycyrrhiza glabra L.) leaves-chemical characterization and evaluation of their antioxidant, anti-genotoxic and anti-inflammatory activity - Fitoterapia, 2011, Jun., 82(4), 546-556.

10.   Петренко В.В., Дерюгин Е.Е. Всё о раке и опухолях. (8-е издание) Москва, Амрита –Русь, 2017.

11.  Schambelan M. Licorice ingestion and blood pressure regulating hormones - Steroids 1994 Feb., 59(2), 127-130.

12. Кукушкин Ю.Н. Химические элементы в организме человека. Соросовский образовательный журнал, 1998. №5. С. 54-58.

13.  Авцын А.П. и др. Микроэлементозы человека: этиология, классификация, органопатология. М.: Медицина, 1991. 496 с.

14.  Скальный А.В., Рудаков И.А., Нотова С.В. Биоэлементная медицина: вопросы терминологии. Вестник ОГУ, 2003. №7. С. 157-160.

15.  Скальный А.В., Рудаков И.А. Биоэлементы в медицине. – М.:ОНИКС 21 век; Мир, 2004.

16.  Кароматов И.Дж., Юсупова Г.С. Нейропротективные свойства солодки - “Биология и интегративная медицина” №8, сентябрь, 2018г.

 

 

 ОСОБЕННОСТИ МИКРОКОМПОНЕНТНОГО СОСТАВА ВЕГЕТАТИВНЫХ ОРГАНОВ СОЛОДКИ ГОЛОЙ

 

В настоящее время, медицинские препараты растительного происхождения все больше приобретают значимость. Их применение в решении наиболее важных вопросов практической медицины ежегодно растут. В научной статье описан химический состав вегетативных органов солодки голой. Проведено сравнительное описание макро- и микроэлементного состава в листьях, в стебли и в корнях солодки голой. Полученные данные позволяют сделать вывод, что листья, стебель и корень солодки голой могут быть источником в фармацевтической промышленности и медицине как источник важных для организма макро- и микроэлементов.

 

FEATURES OF THE MICRO COMPONENT COMPOSITION OF THE VEGETATIVE BODIES GLYCYRRHIZA GLABRA

 

Currently, herbal medicines are becoming increasingly important. Their application in solving the most important issues of practical medicine is growing annually. The scientific article describes the chemical composition of vegetative bodies of Glycyrrhiza glabra. Carried out comparative description of the macro- and microelement composition in the leaves, stems and in the roots of Glycyrrhiza glabra. The data obtained allow us to conclude that vegetative bodies of Glycyrrhiza glabra can be a source in the pharmaceutical industry and medicine as a source of macro and microelements important for the body.