Объявления сайта

KOMPOZITOR REJEP REJEPOWYŇ KINO SAZ DÖREDIJILIGINIŇ STIL AÝRATYNLYKLARY

 
Picture of Gülnabat Ataýewa
KOMPOZITOR REJEP REJEPOWYŇ KINO SAZ DÖREDIJILIGINIŇ STIL AÝRATYNLYKLARY
by Gülnabat Ataýewa - Monday, 27 June 2022, 12:40 PM
 

“Ynsan ruhynyň ägirt uly güýjüni men sungatda görýärin. Sungat – älem, her bir sungat eseri älemdäki saýýaralar. Olaryň her biriniň öz tebigaty, gözýetimi, baýlygy bar. Täze sungat eseri dünýä inende, şol älemdäki saýýara syýahat edýärsiň-de, onuň bilen bir bitewüdigiňi duýýarsyň. Sungat eseriniň ýaşaýşy ruhy dünýä çaýýan nurundan duýulýar. Eseriň döreýşi hemişe syr bolup galýar” [1, 121 s.] diýip, Alym Arkadygymyz sungat eserlerine uly baha berýär. Halypa sungat wekillerinden baý miras galan şol eserleri ylmy tarapdan öwrenmek geljeki ýaş alymlaryň öňünde uly borç bolup durýar. Biz hem öz makalamyzda türkmen kino saz döredijiliginiň stil aýratynlyklary meselesini R. Rejepowyň kino saz döredijiliginiň mysalynda görkezmegi makul hasapladyk.  

Umuman alanymyzda, saz sungatynda stil derňewiniň düzgüni – her bir serişdede we garaýyşdaky umumy baglanşygyň aýratynlygyny ýüze çykarmakdyr. Käbir derejede bu filmdäki sazyň derňewine-de degişli bolup durýar. “Kinokompozitor filmde özbaşdak stilini saklap bilermi?” diýen sorag ýüze çykýar.                                                     

Ilki bilen kinematografiki sazyň spesifiki aýratynlygyny belläp geçmek zerur: sazyň wideo hatara  şeýle-de werbal-sýužet hataryna boýun bolmagy;  her bir filme anyk saz dilini saýlap akmakda özbaşdak estetikanyň bolmagy; filmde sazyň dürli stilliligi (nusgawy saz, folklor, jaz we ş.m.);  dürli žanrlylyk (wideo hataryň, sýužet hatarynyň şeýle-de režissýoryň pikir talabyna laýyklykda saz žanrlarynyň forma, ýerine ýetiriliş usuly, mazmuny boýunça klassifikasiýasy); kino saz stili diňe bir kompozitora bagly bolman, eýsem filmi goýujylarynyň biri režissýoryň bitewi dramaturgiýany göz öňüne getirişine, şeýle-de köp tarapdan montaž ritmine esaslanan kompozisiýanyň gurluşyna hem baglydyr.

Şeýle-de bolsa özbaşdak kino saz stili ýüze çykýar: filmiň žanr aýratynlygy laýyklykda saz stilinde; režissýoryň we kompozitoryň özbaşdak tärini (ukyp aýratynlygyny) ýüze çykarmaga ýardam edýän saz we wideo hataryň sazlaşyk usulynda.

 Agzap geçilenleri kompozitor R. Rejepowyň kino saz döredijiliginiň mysalynda seretmegi makul bildik.

R. Rejepow – XXI asyryň görnükli kompozitorlarynyň biridir. Ol tutuş öz döredijiligini türkmen halkyna, onuň ykbalyna, geçen ýoluna, görkezen edermenliklerine bagyşlaýar. Ol öz halkynyň taryhyny, edebiýatyny, poeziýasyny örän gowy bilýän, tebigaty söýýän, erbetligi ýigrenýän we oňa garşy gowulygy goýup bilýän sowatly ynsandyr. “Ol gaty köp edebi eserleri okap, saz eserleriniň nota we ses ýazgylaryny toplapdyr. Kompozitor teatr premýeralaryny we gyzykly konsertleri deňinden geçirmändir” [3, 75 s.].

Ol iki operanyň, köp sanly hor we wokal şeýle-de kamera-instrumental eserleriniň awtorydyr. Onuň döredijiliginiň uly bölegini kinofilmlere döreden sazlary tutýar. Bu eserler mazmuny boýunça dürli bolup, köpüsi diýen ýaly türkmen halkynyň taryhynyň dürli eýýamlaryny keşpleriň üsti arkaly şöhlelendirýär. Kompozitor 60 golaý kinofilmlere saz döredýär.

Ussat halypa beýleki kino kompozitorlara seredeniňde (W. Muhadow, Ç. Nurymow, D. Nuryýew, N. Halmämmedow) dürli režissýorlar bilen işleşýär: B. Mansurow (“Teşneligiň gandyrylyşy”, “Gyrnak”), Hojaguly Narlyýew (“Gelin”, “Aýal ata çykanda”, “Ýok diýmegi başar”, “Jemalyň daragty”, “Mankurt”), Hojadurdy Narlyýew (“Ak tümlik”, “Uzuk”, “Ýaşuly we gyz”, “Muskal”), B. Annanow (“Magtymguly”, “Zöhre - Tahyr”) H. Kakabaýew (“Altynyň reňki”, “Laçyn”, “Ýeňiýoluk”, “Gizlin ilçi”), I. Bekmiýew (“Ýyldyzlar öçmeýär”, “Akguşyň owazy”, “Söýgi öwrümleri”, “Garagumyň bürgütleri”) we ş.m. Kompozitor her bir režissýor bilen anyk žanr boýunça işleşýär (Ýe. Mihelson – çagalar üçin multiplikasion film, Hojaguly Narlyýew we Hojadurdy Narlyýew – taryhy film, B. Annanow – taryhy we biografiki film, B. Mansurow - melodrama).

Kompozitoryň kino sazlarynyň saz diliniň täzeçilligi 1985-1990-njy ýyllarda täze sintezirlenen tembrleriň gözlegleriniň üsti arkaly ýüze çykýar. Ol kino sazlarynda orkestr bilen bir hatarda sintezatoryň hem tembryny ulanýar. R. Rejepowyň kino sazyny wideo hatar bilen baglanşygyny jähtden seredenimizde kesgitli stil aýratynlygyny bellemek bolar:

- beýan ediji-illýustratiw usuly arkaly (soňky 10 ýyllykdaky döreden filmlerine häsiýetli), ýagny fonogrammanyň beýleki ses serişdeleri bilen sazlaşygy, ýagny saz ýaýlymda bolýan wakalary beýan edýär, özüniň täsirli dili bilen ýagdaýy we görkezilýän wakalaryň häsiýetlerini şekillendirýär. Bu şekilli kino sazyň tapawutly aýratynlygy bolsa fabuladaky wakanyň çäginden çykanok (“Mährem çynar”);

- umumylaşdyryjy usul. Bu ýerde elmydama görkezilýän waka awtoryň bolan garaýşy açyk görkezilýär. Kompozitor saz dili bilen bolup geçýän wakanyň manysyny düşündirýär. Diňleýji-tomaşaçyny sýužetiň çuň manysyna düşünmäge eltýär. (“Gelin”).

“R. Rejepowyň kino saz stiline şekillendirijilik we okgunly zarbalyk häsiýetli däldir (emma ol muny beýan etmegi başarypdyr). Kompozitor utuşy detallarda, nýuanslarda we ses ştrihlerinde gazanýar” [3, 75 s.].  

R. Rejepowyň kino sazy filmiň aýratyn kadrlaryna emosional öwüşgini (“Zöhre-Tahyr”), milli we taryhy öwüşgini (“Mankurt”), gahrymanyň hasratyny gürrüňsiz beýan edýän monolog hökmünde (“Gelin”), gahrymanyň häsiýetini açyp görkezmekde, personaža ýa-da waka awtoryň gatnaşygyny açyp görkezmekde onuň sazy hyzmat edýär.

R. Rejepowyň filmlere döreden sazlarynda kino eseriniň tutuş dramaturgiýasynyň bir bölegi hökmünde bitewi saz dramaturgiýa bardyr. Bu zowwamlaýyn ösüşde kä wagt bolsa yzygiderli leýtmotiwler arkaly (“Gelin”) ýa-da filmiň esasy ideýasyny beýan edýän  ýagty saz häsiýetnamasy arkaly çözülýär. (“Ykbal”). Dramaturgiýany filmiň umumy gurluşynda görmek bolýar, saz bolsa aýratyn öwüşgin beriji, köp serişdeleri özünde jemleýji hökmünde çykyş edýär.  Saz dramatiki faktor hökmünde eseriň esasy gapma-garşylygyny beýan edýär, sýužet ösüşiniň wajyp serişdesi hökmünde çykyş edýär.

Režissýor Hojaguly Narlyýewyň “Gelin”  filmi, kompozitory R.Rejepow türkmen kinematografiýasyna uly üstünlik getiren filmdir. “Filmiň ssenariýasyny režissýor Hojaguly Narlyýew we onuň dogany Hojadurdy Narlyýew ýazýar” [2, 65 s.]. Bu film umyt-arzuw, wepa, adam duýgusynyň tükeniksizligi hakyndadyr. Uruş iki ýaş çatynjylary jyda düşürýär, emma filmiň gahrymany Ogulkeýik munuň bilen ylalaşmaýar. Onuň söwer ýary ýüreginde henizem diri we gahryman onuň bilen her bir şatlygyny paýlaşýar. Söwer ýary onuň durmuşynyň manysy.

“Gelin” filminiň ssenariýasy kompozitory saz materialynyň çuň milli žanr öwüşgünlilikde bolmalydygyna gönükdirdi. Saz ýaşaýşyň möhüm meselesine, ynsanyň ahlak güýjüniň tebigatyna içgin düşünmäge ýardam berýär. Kompozitoryň sazy eseriň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

Widio şekiliň rondo häsiýetliligi saz materialynda hem iki gapma-garşy liriki we dartgynly häsiýetli temanyň bolmagyna getirýär. Saz arkaly baş gahrymanyň daşky (süri, guýy, gaýyn atasy hakda alada) we içki (söwer ýary bilen duşuşyga garaşýmagy) keşbi görkezilýär.          

Eseriň esasy ideýasy we sýužetiniň ösdürilişi bilen düýpi sazlaşan simfoniki epizodlar bütewileşdirmek ýa-da üstüni doldurmak funksiýasyny ýerine ýetirmek  bilen çäklenmän, eýsem görüş keşpleriň mazmunyny has-da çuňlaşdyrýar, şol bir wagtda-da kino sungatynyň beýleki serişdelerine mahsus bolmadyk kä bir taraplary açyp görkezmek bilen wakany işjeň alyp barýar. 

Epizodlaryň her bir sahnasynda saz materialynyň intonasion beýan gurluşy dürlidir: guýynyň boýundaky sahnada – kontrabas  we kakylyp çalynýan saz guralar; goýunlary otdan geçirmek sahnasynda –misden üflenip çalynýan saz gurallar; gahrymanlaryň dynç alýan pursatynda – metallofon we klawişli saz gurallar; çaýly käsäni gaýyn atasyna görkezýän sahnasynda – simfoniki orkestr we ş.m.

Filmiň tutuş dowamynda aýdyljak bolýan pikiri bolsa birnäçe minut dowam edýän “Hüwdi” beýan edýär.  

Kompozitoryň kino sazy epizody ýa-da umuman filmi jemlemekde formanyň elementi hökmünde, ýagny ekspozisiýany, baglaýjyny, kulminasiýany nygtamak arkaly hem çykyş edýär. Şeýlelikde sonata formasyna ýakyn kanunalaýyklary “Ykbal” filminde görmek bolýar. “Jemalyň daragty” filminiň kompozisiýasynda bolsa aýdyň rondo formasynyň alamatlary bar. “Ene gudraty” filmindäki esasy temanyň 5-6 gezek üýtgedilmegi bolsa wariasiýa formasyny ýatladýar. Elbetde, biz anyk saz formasy barada kesgitli jogaby bermän, diňe nusgawy saz formalarynyň kanunalaýyklaryna ýakyn alamatlaryň bardygyny delilendirýäris. Çünki kino saz žanryny özbaşdak saz žanrlary ýaly anyk forma salmaklyk mümkin däl. Bu bolsa kino saz žanrynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir.

Şeýlelikde kompozitor R. Rejepowyň kino saz döredijiliginiň indiki stil aýratynlyklaryny bellesek bolar:

-         Žanr köpgörnüşliligini (melodrama, çagalar kinemotografy, film biografiýa, drama-harby, psihologiki, taryhy film);

-         Saz funksiýalarynyň dürli usullary (illýustratiwlilik (beýan ediji), häsiýetlendiriji, umumylaşdyryjy, polifonizm);

-         Dürli tembr usullaryny ulanmak (simfoniki orkestr, solo instrument, sintezator, solo-wokal);

-         Nusgawy saz formalaryna häsiýetli usullara daýanmak;

Kompozitoryň kino saz döredijiligi žanr, beýan ediliş usuly, saz materialynyň ösdürilişi şeýle-de ýüzlenen temasy, sýužeti, keşpleri babatdan seredenimizde köptaraplydyr. Netijede bolsa kino saz döredijiliginde hem kompozitorlaryň özbaşdak stil aýratynlyklarynyň bardygyny bellemek zerur. R.Rejepowyň döredijiliginiň esasy stili saz diliniň aýdyňlygy, keşpleriň ruhubelentligi bilen häsiýetlendirilýär. Onuň heňleri – täsirli, tebigaty boýunça owazly bolup, tiz ýatda galyjydyr. R. Rejepowyň ähli saz eserleri häzirki zamanlygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Döredijiliginiň esasy aýratyn tarapy bolsa türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Umumy adamzat gözelligini, gaýtalanmazlygy, çylşyrymly, köptaraply meseleleri diňe özboluşly çeper beýan edilişde görkezmek mümkin.  Kompozitor geçmişi, şu güni, geljegi öz eserlerinde beýan etmegi, şeýlede iň wajyp, möhüm zady görkezmegi başarýar. Beýleki eserleri bilen bir hatarda kompozitoryň kino saz döredijiligi Watanymyzyň saz medeniýetinde öçmejek yz galdyrjak, ruhy gymmatlykdyr.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen               Kabul edilen wagty

milli konserwatoriýasynyň aspiranty.                                                                             

EDEBIÝAT

 

1.     Gurbanguly Berdimuhamedow.  Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.

2.     Агаева Г.Г. Современное туркменское кино. – A., “Ylym” 1980.

3.     Гуревич В. На трудном пути синтеза // Музыкальная академия, 1992. № 3.