MAGLUMATLAR TEHNOLOGIÝALARYNYŇ
TÜRKMEN-HINDI MERKEZINE HOŞ GELDINIZ
BILIM WE YLYM ALMAK ÜÇIN TÜRKMEN-HINDI MERKEZI SIZIŇ HYZMATYŇYZDA
MERKEZ BILIM BERMEK WE MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY ÇYGRYNDA IŞI ALYP BARÝAN EDARADYR, OL TÜRKMENISTANDA HEREKET EDÝÄN KANUNÇYLYGY, “BILIM HAKYNDA” TÜRKMENISTANYŇ KANUNYNA, “KÄRHANALAR HAKYNDA” TÜRKMENISTANYŇ KANUNYNA WE BEÝLEKI KADALAŞDYRYJY – HUKUK NAMALARYNA LAÝYKLYKDA ÖZ IŞINI ALYP BARÝAR.
Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi 2010-njy ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnamanyň” we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykaran 11803-nji “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek hakynda” kararynyň esasynda döredilip, bilim boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady esasynda döredildi, onuň esaslandyryjysy we Türkmenistan tarapdan işini utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bolup durýar. Merkez hukuk-guramaçylyk görnüşi boýunça döwlet kärhanasy bolup, bilim bermek we maglumat-tehnologiýa hyzmatlary çygrynda işi amala aşyrýar hem-de hojalyk hasaplaşygy başlangyçlarynda hereket edýär. Merkeze diňleýjileri okuwa kabul etmegi we okatmagy 2011-2012-nji okuw ýylyndan başlap, tölegli esasda amala aşyrylýar. Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky döwlet syýasatyny netijeli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridiki hem fiziki taraplarynyň döwrebap kompýuter maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilýär.
"BIZIŇ MAKSADYMYZ”
Maglumat tehnologiýalary boýunça işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak. Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda degişli okuwlary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek. Döwlet edaralaryna elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça çäreleri işläp düzmek. “Maglumat tehnologiýalary we bilim bermek çygrynda beýleki ugurlar boýunça modul kurslaryny ornaşdyrmak, elektron okuwy we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmegi gurnamak, sanly bilim ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek hem-de dürli derejeli bilim hakyndaky resminamalary bermek bilen okatmak.” Türkmenistanda Sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasyna we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna (2017-2025-nji ýyllar döwri üçin)” laýyklykda öňde goýlan wajyp işleri amala aşyrmak. Umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlaryna, başlangyç orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň mugallymlaryna, talyplaryna we diňleýjilerine, mekdep ýaşyndaky çagalara we ýaşlara mekdepden daşary, şeýle hem döwlet gullukçylaryna we şahsy taraplara döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öwretmek, onuň bilen gatyşykly we bilim bermek işi çygrynda beýleki ugurlar boýunça okuwlary gurnamak we geçirmek.
Skip kurslar
Kurslar
Skip açyk kurslar
Açyk kurslar
Sanly ykdysadyýet Sanly bilim öwrülişigini talap edýär. Şeýle bolsa bu
sapaga hoş geldiňiz! Siz bu sapakda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrma bilen
nähili ysnyşykly hereket edip has kämil derejelere gadam urýanyny
görersiňiz. Olaryň hersi bilen aýratynlykda tanyşaryn diýseňiz sapagy doly tamamlaň
we sowallara jogap beriň.
Azabymyz ýerine düşdümikä göreliň hany.
Üstünlik ýaranyňyz bolsun.
- Mugallym: Shohrat Hallyew