Web programirlemegiň hünäri sertifikaty (PHP)

Web programirlemegiň hünäri sertifikaty (PHP)

 

«Web programirlemegiň hünäri sertifikaty (PHP)» okuwy obýekte gönükdirlen programma dilini we WEB dünýäsini öwrenmäge başlaýanlar üçin niýetlenendir. Bu okuwyň iş maksatnamasy ECDL-iň (European Computer Driving License – Ýewropa kompýuter ygtyýarnamalary) talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.

Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde HTML, CSS, Jquery, JavaScript, PHP web porgramirleme dillerini ulanyp dürli maksaktly internet sahypalary taýýarlap bilýän programmaçylar bolup ýetişmegine kömek etmekdir we häzirki zaman öňdebaryjy kompýuter web programirleme dilini netijeli öwretmekdir.

Okuwyň wezipeleri:

Obýekte gönükdirilen web programirleme dilleriniň esaslaryny HTML, CSS, Jquery, JavaScript, PHP web programirleme dilleri arkaly internet sahypalary işläp düzmek; maglumat binýadyny döretmek, ulanmak we web ulgamy bilen birikdirmek; web programirlemede internedi we edebiýatlary özbaşdak ulanmagy öwretmek.

Okuw jemi 108 okuw sagat bolup, ol 12 hepde dowam edýär. Hepdede 3 gün okadylyp, her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär. Mekdep okuwçylar, talyplar hem-de kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir. Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere “Web programirlemegiň hünäri sertifikaty” okuwyny tamamlandygy barada sertifikat berilýär.


Print