Programmirlemegiň hünäri sertifikaty (C#)

Programirlemegiň hünäri sertifikaty (C#)

Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde C# programirleme dilini ulanyp dürli maksaktly programma üpjünçiligini düzip bilýän programmaçylar bolup ýetişmegine kömek etmekdir we häzirki zaman öňdebaryjy kompýuter programirleme dilini netijeli öwretmekdir.

Okuwyň wezipeleri: Obýekte gönükdürlen programirleme dilleriniň esaslaryny, C# programirleme dili arkaly windows programmalaryny işläp düzmek; maglumat binýadyny döretmek, ulanmak we programma bilen birikdirmek; programirlemede interneti we edebiýatlary özbaşdak ulanmagy öwretmek.

Kurs esasan inžener-taslamaçylar we programmaçylar üçin niýetlenendir.

Okuw jemi 108 okuw sagat bolup, ol 12 hepde dowam edýär. Hepdede 3 gün okadylyp, her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär. Mekdep okuwçylar, talyplar hem kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir. Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere “Programirlemegiň hünäri sertifikaty” okuwyny tamamlandygy barada sertifikat berilýär