Maglumat tehnologiýalarynyň hünäri

Maglumat tehnologiýalarynyň hünäri

Diňleýjileriň kompýuterleriň we beýleki maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen maglumatlaryň dürli görnüşleri bilen işlemek başarnyklaryny ele almak, maglumat-aragatnaşyk serişdeleri arkaly gyzyklanma, intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilendir hem-de office toplumynyň redaktorlarynyň görnüşleri, olary guramagy, işletmegi we goramagy öwredýär.

Okuwyň wezipeleri: Kompýuter sowatlylygy boýunça esasy düşünjeleri bermek, diňleýjilerde kompýuterleri ulanmak ukybyny we endiklerini döretmek, diňleýjilere giňden peýdalanylýan esasy kompýuter programmalaryny we internet ulgamyny ulanmagy we gerek maglumatlary tapmagy öwretmek.

Okuw jemi 72 okuw sagat bolup, ol 8 hepde dowam edýär. Hepdede 3 gün okadylyp, her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär. Mekdep okuwçylar, talyplar hem-de kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir. Her topardaky diňleýjileriň sany 10-30 adamdan ybarat. Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere “Maglumat tehnologiýalarynyň hünäri sertifikaty” okuwyny tamamlandygy barada şahadatnama berilýär.


Print