Elektron resminama dolanşygy (Adaty), (Ýöriteleşdirilen), (Çuňlaşdyrylan)

Elektron resminama dolanyşygy ulgamlary

(Adaty, çuňlaşdyrylan we ýöriteleşdirilen derejeleri )

         “Elektron resminama dolanyşygy ulgamlary” okuwy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň we sanly ykdysadyýet ulgamynyň ösdürilmegine, pudaklaýyn we edaralaýyn maglumatlar ulgamlarynda maglumat howpsuzlyk (kiberhowpsuzlyk) düzgünleriniň berjaý edilmegine badalga bermek hem-de şonuň bilen bir hatarda bilim edaralarynyň mugallymçylyk we ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň         sanly tehnologiýalar babatynda öz ygtyýarlyklaryny (ukyplaryny) ösdürmäge giň mümkinçilikleri döretmek üçin niýetlenendir.

Okuw wezipeleri: Diňleýjilere häzirki zaman maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary barada umumy düşünjeleri bermek; Diňleýjilere Elektron resminama dolanyşygy ulgamy, ony döretmegiň ýörelgeleri we bu ulgama geçmegiň ähmiýeti, onuň hukuk esaslary barada düşünjeleri bermek; Diňleýjilere Elektron resminama dolanyşygy ulgamyny okuw merkezimizde gurnalan programma üpjünçiliginiň esasynda tejribede öwrenmek;

Okuwyň dowamlylygy 1 aý bolup, jemi 28 okuw sagatdan ybarat. Olaryň 8 sagady umumy sapaklarda, 20 sagady tejribe sapaklarynda özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Okuwyň ahyrynda sapaklaryň özleşdirilişine sorag-jogap görnüşinde test geçirilmegi göz öňünde tutulýar.


Print